Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Golaýda Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynda Zimbabwe Respublikasynyň Türkmenistana bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Braýt Kupemba bilen Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň duşuşygy boldy.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurtlaryň arasynda syýasy geňeşmeleri netijesinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barha artýar. Ýer ýüzünde durmuş ugurly dostana gatnaşyklary has-da artdyrmak ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şeýle-de Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Afrika yklymynda ýerleşýän ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyna aýratyn üns berilýär.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi we mümkinçilikleri barada özara pikir alşyldy. Türkmenistan bilen Zimbabwe Respublikasynyň arasynda hem söwda ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen ilkinji ädim hökmünde iki ýurduň Söwda senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga itergi berjekdigi bellenildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda esasy ugurlaryň biri bolan söwda toplumy hil taýdan ykdysady ösüşlere eýe bolýar. Şunda döwletiň daşary syýasy gatnaşyklary bu ugruň has-da kämilleşmegine aýratyn ähmiýet berýär.
Şirin BAÝMYRADOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we Parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň deputaty.