​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
28.12.2023

DÖREDIJILIKLI ZÄHMETIŇ NETIJESI

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýeňişli ýyllarynda ýetilen sepgitlere ser salanynda guwanjyň goşalanýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öndengörüjilikli içeri we daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde tutumly işleriň bady artýar. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň her güni ähli ugurlarda uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýär. Bu hakykaty “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylan 2023-nji ýyl doly äşgär etdi. Geçen ýylda biz Garaşsyz Watanymyzy ösdürmekde gazanylan ýokary görkezijileriň, taryhy wakalaryň gözli şaýady bolduk.

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň şygary Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde türkmen ýaşlaryna bildirilýän uly ynamy äşgär etdi. Abadan ertirimiziň eýeleri bolan ýaşlar tamamlanyp barýan üstümizdäki ýylyň uly üstünliklere, ýeňişlere beslenmegine özleriniň saldamly goşantlaryny goşdular. Şonuň üçinem 2023-nji ýylda Diýarymyzyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlarymyzyň ösüş-özgerişli aýdyň ýolumyzyň rowaçlanmagynda bitiren we bitirýän işlerini ýatlamak ýakymlydyr. Şeýle hem şu ýylyň taryhy wakalary Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýynyň arşa çykýandygyna subutnamadyr. Mysal üçin, 2023-nji ýylyň 16-18-nji noýabrynda Mary şäherinde geçirilen Orta Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň forumy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň halkara ähmiýetli möhüm wakasy boldy. “Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy” atly bu forum sebitiň ýurtlarynyň we HHR-niň ýaşlarynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary, şu ýurtlaryň söwda- ykdysady, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda täze mümkinçiliklere ýol açýar.

 

Tirkişmyrat ÝOMUDOW.

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 31-nji şahamçasynyň 66-njy razýezdiniň demir ýol boýunça nobatçysy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty