Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Eýýamlar täzelenýär, döwletler gurulýar, döwür özgerýär. Dünýäniň syýasy kartasyndaky 200-den gowrak döwletiň bitewüligini ynsanperwer gatnaşyklar, parahatçylyk söýüjilik medeniýeti hasyl edýär. Hoşmeýilliligi bilen tapawutlanyp, beýik soltanlyklary guran halkymyzyň ynsanperwerlik mekdebiniň döwürleriň synagyndan geçendigi taryhdan mälim hakykat. Pederlerimiz ähli milletler bilen ylalaşykly ýaşamaga, il-ýurt bähbitli özara gatnaşyklara mydama uly ähmiýet beripdir. Rehimdarlygy, dawa-jenjelleri çözmekde sözüň güýjüne daýanypdyr. Geçmişden gözbaş alan bu asylly ýörelgeler, pederlerimiziň görüm-göreldesi asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir.
Häzirki dünýäniň gün tertibinde ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, hyzmatdaşlygy berkitmek umumy häsiýetli mesele hasaplanýar. Bitaraplyk syýasatynyň oňyn ýörelgeleri eziz Diýarymyzyň ösüş ýoluny kesgitlemäge, parahatçylyk söýüji halk hökmündäki ornumyzy, türkmen döwletliligini berkarar etmäge mümkinçilik berýär. Şunda halkara hyzmatdaşlygyň meýdançasynda parahatçylygyň ilçisi, asudalygyň ygtybarly goragçysy hökmünde Bitaraplygymyzyň gazanan netijeleriniň mysalynda merdana halkymyzyň ruhy dünýäsine mahsus raýdaşlyk, dostanalyk gatnaşyklarynyň beýik nusgasyny açyp görkezýär. Ösüş arkaly parahatçylygy berkitmek ugrunda ýurdumyz tarapyndan her bir öňe sürlen başlangyçlar, çagyryşlar halkymyzyň ykbalyny özgertmek bilen birlikde, sebitiň, dünýä döwletleriniň durmuşyna hem oňyn täsir edýändigini ençeme gezek subut etdi.
Şunuň bilen baglylykda, Bitarap döwletimiz sebitde we dünýäde parahatçylygy berkitmek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça ählumumy tagallalara uly goşant goşýar. Dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine üstünlikli goşulmak bilen, baý ylalaşdyryjylykly we döredijilikli kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine ulanýar. Şu ýylyň 19-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyz tarapyndan sebit we ählumumy derejedäki möhüm meseleler boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze başlangyçlar öňe sürüldi. Hormatly Prezidentimiz bu sessiýada, hususanda, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynda Merkezi Aziýadaky ekologik meselelere has düýpli we täsirli ähmiýet bermek üçin, bu ugurda ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek teklip edildi. Bu merkeziň işlemegi üçin Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda guramaçylyk we tehniki şertleri döretmegiň mümkinçilikleri nygtaldy. Bu başlangyçlar, ilkinji nobatda, ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy häzirki zaman tehnologiýalary, aýratynda, energetika, senagat we ulag pudaklaryna ornaşdyrmaga tapgyrlaýyn geçmek hem-de peýdalanmak hakyndaky meseleleri öňden görüjilikli we oýlanyşykly çözmäge ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiz 13-nji oktýabrda GDAnyň döwlet Baştutanlarynyň Bişkek şäherinde geçirilen nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin Gyrgyzystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Asylly däbe görä, yzygiderli geçirilýän şeýle duşuşyklar sebitiň ýurtlarynyň milli ykdysadyýetlerini pugtalandyrmaga, bu ugurdaky mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge bolan gyzyklanmalaryň üýtgewsiz häsiýete eýedigini görkezýär. Nobatdaky sammitde oňa gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň özara pikir alyşmalarynyň barşynda döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, köp taraplaýyn syýasy geňeşmeleriň täsirli gurallaryny döretmek arkaly syýasy diplomatik gatnaşyklary berkitmegiň zerurdygy nygtaldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz sammitde eden çykyşynda soňky döwrüň halkara wakalarynyň, parahatçylygy gorap saklamagyň, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň dünýä syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydygyny aýdyp, bu babatda dünýä ösüşiniň ýagdaýlaryny we ugurlaryny nazara almak bilen, BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegiň zerurlygy bilen bagly teklipleri öňe sürdi.
Ählumumy howpsuzlygy gazanmagyň täsirli guraly hökmünde, öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgelerinden, oňyn Bitaraplygyň kuwwatyndan peýdalanmak hem-de ynanyşmak dialogynyň medeniýetiniň ähmiýeti ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenilýär. Döwletimiziň iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk derejesi umumadamzadyň bähbitlerini nazarlaýan ynsanperwer ýörelgeleriň ulgamy, parahatçylyk söýüjilik we ylalaşdyryjylyk medeniýetiniň nusgasydyr. Bitaraplyk dünýä halklaryny parahat, abadan ýaşaýşyň hatyrasyna, durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyga, arkalaşmaga çagyryşdyr. Ösüş arkaly parahatçylygy berkitmek ugrunda ýurdumyz tarapyndan her bir öňe sürlen başlangyçlar, çagyryşlar halkymyzyň ykbalyny özgertmek bilen birlikde, sebitiň, dünýä döwletleriniň durmuşyna hem oňyn täsir edýänligini ençeme gezek äşgär etdi.
Umuman, türkmen Bitaraplygy — halkymyzyň jebisliginiň we gazanan ýeňişleriniň miwesi, döredijilikli zähmetiniň üstünlikli netijesi we geljekki sepgitleriniň daýanjy. Türkmen Bitaraplygy sebitde, şol bir wagtyň özünde, dünýä döwletleriniň arasynda geosyýasy, geoykdysady deňagramlylygyň möhüm şerti, durnuklylygy saklamagyň täsirli serişdesi, ählumumy parahatçylygyň rowaçlanmagynyň kepili bolup çykyş edýär. Waspy döwlet Senamyzda dabaralanýan, şekili döwlet Baýdagymyzda mertebelenýän hemişelik Bitaraplygymyza eýe bolan günümiziň halkara derejede dabaralanmagy ata Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki at-abraýyny, mertebesini has-da ýokarlandyrýar.
Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň hünärmeni