​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
04.01.2024

DÜŞÜMLI ÝYLYMYZYŇ YNAMY

 

Däp bolşy ýaly, ýyllaryň sepgidinde ýap-ýaňy tamamlanan ýyl öz ornuny Täze ýyla berende, ilki bilen, geçen ýylyň menzillerine ser salýarys. Bitirilen işler, ýetilen sepgitler hakda oý-pikirlerimiziň soňy ýaňy başlanan ýylda öňümizde durýan wezipelere çagyrýar. Dogrusy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz döwletimizi ösdürmekde ägirt uly işler amal edildi. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ýokarlanyp, Watanymyzyň halkara abraýy täze belentliklere çykdy. 

Ýap-ýaňy ýeňişli sepgitleri, ýatdan çykmajak taryhy wakalary bilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda milli ykdysadyýetimizde gazanylan üstünlikler dogrusynda näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli ykdysady syýasatynyň giň möçberli anyk işlerde durmuşa geçirilýändiginiň netijesidir. 

Geçen ýylyň içinde ýurdumyzda, şol sanda welaýatymyzyň çäginde dürli maksatly binalaryň we desgalaryň ençemesi gurlup, ulanmaga berildi. Bu döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli şeýle tagallalar bolsa, Türkmenistan döwletimiziò gülläp ösmegine, il-günümiziň abadançylykda ýaşamagyna gönükdirilendir. 2023-nji ýylyň taryhy wakalaram guwanjymyzy goşalandyrdy. Olaryň hatarynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi, geçen ýylyň 16-18-nji noýabrynda Mary şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň “Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy” atly forumy ýatlamak ýakymlydyr. 

 

Artyk BÄŞIMOW. 

Mary etrap häkimliginiň senagat, gurluşyk we 

beýleki pudaklary boýunça bölüminiň arhitektory, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.