Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 14 – 15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna iki günlük iş saparyny amala aşyrar. Iş saparynyň barşynda döwlet Baştutanymyz Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň esaslandyryjylary bolan Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlary bilen duşuşar. Bulardan başga-da, iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda goňşy döwletler bilen dost-doganlykly gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmekde birnäçe duşuşyklaryň bolmagyna garaşylýar.
Ýer ýüzünde ekologiýa meselesi üns merkezinde saklanylýar, çünki ol ýaşaýşa özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle bolansoň, daşky gurşawy goramak Garaşsyz döwletimizde durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlendi. Ykdysady we durmuş ulgamyndaky giň möçberli özgertmeler maksatnamalary ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşyklydyr.
Ýer ýüzünde tehnikanyň we tehnologiýanyň ösmegi bilen milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda innowasion, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar, howanyň arassalygyna gurulýan zawodlaryň we fabrikleriň, beýleki desgalaryň ekologiýa standartlaryna we talaplaryna laýyklygyna gözegçiligiň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, degişli çäreler görülýär. Olar daşky gurşaw üçin howpsuzlygy dogrusynda hökmany tertipde degişli seljermeden geçirilýär. Ata Watanymyz daşky gurşawy goramak meseleleriniň çözgüdine örän jogapkärli çemeleşýär.
Ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra, Diýarymyzda, ylaýta-da, soňky on ýyldan gowrak döwürden bäri tebigaty goramak bilen baglanyşykly köp çäreler durmuşa geçirildi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, şeýle hem «Türkmenistanyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy»
«Türkmenistanyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Aral Milli maksatnamasy» we beýlekiler uly orun eýeleýär. Şeýlelikde, şu resminamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň çar künjeginde berjaý edilýän işler düýpli netijelere eýe bolýar.
Döwletimizde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, eziz Watanymyzy bagy-bossanlyga büremek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Bu ulgamda hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi döwlet ekologiýa syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň subutnamasydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy», «Türkmenistanyň Aral boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy», «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň» rejelenen görnüşi, «Türkmenistanyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» tapgyrlaýyn amala aşyrylyp, ýurdumyzyň we sebitiň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýyna yzygiderli üns berýän döwlet Baştutanymyz onuň baý ösümlik we haýwanat dünýäsiniň goralyp saklanylmagynyň, geljekki nesillere ýetirilmeginiň, ekologiýa abadançylygynyň döwrebap amala aşyrylmagynyň wajypdygyny tekrarlaýar. Şol sanda çölleşmä garşy göreşmegi, ýer we suw serişdelerini peýdalanmagy, şorlaşan ýerleri dikeltmegi, oba hojalyk önümçiliginde aňrybaş täze tehnologiýalary ýerlikli ulanmagyň möhümdigini nygtaýar.
Häzirki döwürde ýerleriň ýagdaýyny kadalaşdyrmak üçin energiýa netijeliligi üpjün edilip, beýleki bir tarapdan, suw sorujy enjamlaryň peýdalanylyşyny gözegçilikde saklamak birjik-de ünsden düşürilmeýär. Suwarymly ekerançylyk meýdanlarynda we boz meýdanlarda bag nahallarynyň köpeldilip, wagtly-wagtynda ideg edilmegine uly ähmiýet berilýär.
Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Pendi ýaýlasynda hem ekologiýa abadançylygy üns merkezinde saklanylýar, suwarymly ýerlere ýaş nahallaryň dürli görnüşleri ekilýär we idegi ýetirilýär. Şonuň bilen baglylykda, daglar bilen bäsleşýän baýyrlarymyzda, has takygy, etrabymyzyň merkezinde ýerleşýän Ýekegowagyň degre-daşyna we Tagtabazar pagta-egirme fabriginiň daş-töweregine pürli we saýaly baglar ekildi. Bu işler diňe bir tebigatymyzyň gözelligine gözellik goşman, eýsem, howanyň arassa saklanmagyna, ýurdumyzyň azyk bolçulygyny berkitmäge ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde müňlerçe bag nahallary oturdyldy. Bu ýaş nahallar tebigaty gözelleşdirýär we adamyň tebigat bilen ruhy sazlaşygyny döredýär, ynsan ömrüni uzaldýar.
Ýurdumyzda tebigaty aýawly goramaga aýratyn ähmiýet berýän, bag ekmek ýaly sogaply, daşky gurşawy, ekologiýany goramak ýaly parz işlere badalga berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Arslan HAÝYDOW,
TDP-niň Tagtabazar etrap komitetiniň hünärmeni,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty