Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Arkadagly eýýamymyzyň ösüşlerden ösüşlere beslenip gelýän ajaýyp ýyllary ýurdumyzyň ösüşlerini täze belentliklere çykarýar. Köpmilletli agzybir halkymyzyň sapaly durmuşy — Garasyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň dünýä ýalkym saçýan ajaýyp keşbi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ata Watanymyz Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda gazanylan beýik üstünlikler bolsa dünýä parahatçylykly ösüşiň ýalkymyny saçýar.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» şygary bilen geçmeginiň özünde hem çuňňur many bar.
Ýurdumyzyň teklibi esasynda, 2023-nji ýylda BMG-niň ençeme Resminamalary kabul etmegi Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň umumadamzat ähmiýetini çuň mazmun bilen baýlaşdyrdy.
Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly, 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda her ýylyň 26-njy noýabryny «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan etmek barada, 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» hem-de «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamalar we ýene-de birnäçe Resminamalary kabul etdi. Bularyň ählisi dünýäde ynsanperwerligi ösdürmekde, ynanyşmagy berkitmekde Türkmenistanyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilen beýik işler boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik tagallalary netijesinde Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym, medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümi bilen ýurdumyzyň işjeň hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanmagy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasyna, onuň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bolsa 2024-2025-nji ýyllarda bu gurama bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy hormatly Prezidentimiziň sport we medeniýet diplomatiýasynyň şanly üstünliklere beslenýändiginiň dabaralanmasydyr.
Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri», «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» hem-de «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» ýaly birnäçe ugurlarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna, Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşulmagy bolsa halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny dünýäde giňden wagyz etmekde geçen ýyldaky gazanylan üstünliklerimiziň aýdyň beýany boldy.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň yhlasly tagallalary netijesinde beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli döredijiliginiň dünýädäki şöhratyny artdyrmakda, halkara jemgyýetçiliginde ony giňden wagyz etmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde giňden belläp geçmäge taýýarlyk görülýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda akyldar şahyrymyzyň Köpetdagyň eteginde ägirt uly heýkeliniň gurulmagy beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Alym Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy akyldaryň dünýädäki şöhratyny has belent derejä çykarmak bilen, onuň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleriň başlanmagyna badalga berdi.
Mälim bolşy ýaly, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýyl «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan tekliplerde Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän goşgusyndan ugur alyp, 2024-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrmak barada beýan edilenleri nazarda tutup, 2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etmek baradaky karary milli demokratiýamyzyň belent dabaralanmasy boldy.
Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň beýik ösüşlerini täze sepgitlere ýetirmekde, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmakda, ýaş nesillere Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmekde hem-de ony dünýä ýaýmakda, ýaşlary beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde öňde goýan wezipelerimiziň, durmuşa geçirjek işlerimiziň ajaýyp şygary boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Magtymguly atamyzyň pelsepewi garaýyşlaryny, şygyrlaryny dabaralandyrjak 2024-nji ýyl döwletimiziň beýik üstünlikleriniň, döwrebap özgertmeleriniň, ösüşleriniň ýyly bolsun!
Halkymyzyň sapaly durmuşynyň dowamat-dowam bolmagy üçin ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Bäşim ANNAGURBANOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň başlygy.