Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özüniň oňyn netijesini berýär. Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Muňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde bütin halkymyza sowgat eden «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny okanyňda aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji eseri biziň ählimiz üçin gymmatly ýol-ýörelge bolup, onuň ýaşlara we olaryň geljekdäki wezipelerine bagyşlanmagy döwletimizde ýaş nesillere bildirilýän ynamyň örän uludygyny, watançy ýaşlaryň beýik geljegimizi gurujylardygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiz bu ajaýyp kitabynda: «Watany söýmegiň berk binýatly mekdebini döreden ata-babalarymyz özleriniň maksatlaryny geljegiň bagtyýarlygy ugrundaky işleri amala aşyrmaklyga gönükdiripdirler. Öňlerinde aýdyň maksat goýup, şonuň netijesini görüpdirler. Men öz durmuşymda maksatly ýaşamagyň juda uly manysyna göz ýetirdim» diýip bellemek bilen, maksatly ýaşaýşyň ynsan ömrüni bezeýändigini, ýaş nesilleri geljekki beýik işlere ruhlandyrýandygyny durmuşy-filosofik mazmunda çuňňur beýan edýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimizde ata-babalarymyzyň umumadamzat ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän ýörelgelerine we öňdebaryjy halkara ölçeglerine esaslanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Bu syýasatyň durmuşa geçirilmegine biziň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramamyz hem mynasyp goşant goşup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynyň bölümleriniň birini «Ýaşlar we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy» diýip atlandyrmagy başymyzy göge ýetirdi. Çünki bu bölümde Ýaşlar guramamyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berlip, öňümizde zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, ylma, çeper döredijilige ukyply ýaşlary höweslendirmek babatda anyk we möhüm wezipeler goýulýar.
Şeýle hem bu kitapda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramamyzyň guramagynda geçirilýän bäsleşiklere üns çekilip, «Talyp joşguny», «Berkarar döwletiň merdana gerçekleri», «Talyp gözeli», «Ýylyň talyby», çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarýan «Berkarar döwletiň ylham joşguny» ýaly bäsleşikleriň ähmiýeti bellenip geçilýär. Dogrudan-da, bu bäsleşikler döredijilige ýaňy gadam goýan ýaşlaryň durmuşyndaky ilkinji üstünlikler bolup, olary täze döredijilik menzillerine atarýar, talyplara ömrüň bahar çagynyň uly joşgun, ýakymlylyk bilen ýatlanylýan ajaýyp pursatlaryny bagyşlaýar.
Bulardan başga-da, her ýyl öňdebaryjy ýaşlaryň birnäçesine «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen hormatly at berilýär. Anyk maglumata ýüzlensek, ýaşlarymyzyň 2020-nji ýylda 47-si, 2021-nji ýylda 62-si, 2022-nji ýylda 75-si bu hormatly adyň eýeleri bolan bolsa, geçen 2023-nji ýylda olaryň 140-sy bu belent ada mynasyp boldular. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri, alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri netijesinde, halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini il arasynda wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezýän ýaşlaryň Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy bilen sylaglanylmagy mähriban ýaşlarymyzy geljekki uly üstünliklere ruhlandyrýar» diýip nygtamagy biziň ählimizi, Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalaryny indiki şowly ädimlere atarýar.
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramamyz dostlukly döwletleriň ýaşlar guramalary bilen özara tejribe alyşmak babatda sebit we halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny alyp barýar. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde Ýaşlar guramasynyň agzalary daşary döwletlerde saparlarda bolýarlar, dünýä ýaşlary bilen tejribe alyşýarlar, halkara forumlara gatnaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylda «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu barada döwlet Baştutanymyz täze kitabynda: «Biz Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny kabul etdik. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetine resmi agza bolmagy onuň ilkinji miweleriniň biridir. Munuň özi Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny görkezýär» diýip, örän jaýdar belleýär.
«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby okap oturyşyňa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşiniň ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna üns çekip, Ýaşlar guramamyzyň ýaş alymlary höweslendirmek boýunça alyp barýan işlerine uly baha bermegi buýsançly duýgulary kalbyňa doldurýar.
Jemläp aýdanyňda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy döredilen gününden bäri ýurdumyzyň ýaşlarynyň jemgyýetçilik işjeňligini ösdürmek, dürli ugurlarda — döredijilikde, ylym-bilimde, zähmetde, oýlap tapyşlarda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň döredijilik gözleglerini köpçülige ýetirmek, millilik ýörelgelerimizi wagyz etmek babatda netijeli işleri alyp bardy we bu işler häzirki wagtda hem üstünlikli dowam etdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öwüt-ündewlerinden we «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly täze kitabyndan ruhlanyp, geljekde-de alyp barýan işlerimizi has guramaçylykly we täzeçil usullarda ýola goýmaga çalşarys. Sebäbi, hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir.
Ýazpolat KERIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty