Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda nygtalyşy ýaly, halkymyz, Watanymyz, döwletimiz, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy zehinlerimize ylham çeşmesi, üstünliklerimize badalgadyr.
Gündogaryň dana akyldarynyň doglan gününüň 300 ýyllygy dabaralandyrylýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda belent üstünliklere, ösüşli menzillere beslenýär. Ýaşlar ýylynyň şanly günlerinde hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabynyň - «Ýaşlar - Watanyň daýanjy» atly her birimiz üçin kämil ýol ýörelgä, nusgalyk gollanma öwrülen ajaýyp eseriniň elimize gowuşmagy türkmen ýaşlary üçin ajaýyp sowgat boldy.
Kitabyň ilkinji sahypasynda hormatly Prezidentimiziň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip bellemeginiň aňyrsynda ýaşlara bolan uly ynamy görmek bolýar.
Eýýämden daşary döwletleriň, hususanda, goňşy doganlyk halklaryň ýaşlarynyň hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar-Watanyň daýanjy» atly kitabyna uly gyzyklanma bildirmekleri buýsandyryjy ýagdaýdyr.
Täze kitap Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň alyp barýan işlerini has-da guramaçylykly we täzeçil usullarda ýola goýmakda ýol görkezijidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy dostlukly döwletleriň ýaşlar guramalary bilen özara tejribe alyşmak babatda sebit we halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny alyp barýar. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde guramanyň agzalary daşary döwletlerde saparlarda bolýarlar, dünýä ýaşlary bilen tejribe alyşýarlar, halkara forumlara gatnaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň möhüm wakalarynyň birine öwrülen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanmagy möhüm ähmiýete eýedir.
Strategiýada bilim we ylym ulgamy, şol sanda Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ugurdaş edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda iri daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak mümkinçiliklerini öwrenmek esasy ugurlar hökmünde kesgitlenendigini, ýaşlaryň ylmy diplomatiýa gatnaşmaklaryny goldamak, halkara ylmy forumlary geçirmek, ýaş alymlaryň bilelikdäki işlerini ýola goýmak ýaly çäreleriň göz öňüne tutulandygyny aýratyn bellemek bolar.
Bulardan başga-da, maglumat-kommunikasiýa ulgamynda ýaşlar hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ýaş zehinleri ýüze çykarmak we goldamak maksady bilen, maksatnamany işläp taýýarlamak, ýaşlaryň medeni hyzmatdaşlygy, ýaş žurnalistleriň arasynda tejribe alyşmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, daşary ýurtly ugurdaş hünärmenler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak, ýaşlar Parlamentarizmini ösdürmek, ýaşlary Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge çekmek, olaryň halkara meýletinçilik taslamalaryna we maksatnamalara gatnaşmagyny höweslendirmek, ýaşlar telekeçiligi ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek, Türkmenistanyň taryhyny, medeniýetini hem-de häzirki zaman gazananlaryny dünýä derejesinde wagyz etmek boýunça bäsleşikleri guramak ýaly işler beýan edilen.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşiniň ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna ünsi çekip, Ýaşlar guramamyzyň ýaş alymlary höweslendirmek boýunça alyp barýan işlerine uly baha bermegi buýsançly duýgulary kalbyňa doldurýar.
Ýazpolat KERIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy,
Mejlisiň deputaty.