Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Şu gün welaýatymyzda güýzlük bugdaý ekişine girişilýär
Arkadagly Serdarymyzyň ak patasy bilen şu gün ýurdumyzyň ak ekin ussatlary güýzlük bugdaý ekişine girişýärler. Bu jogapkärli möwsüme welaýatymyzyň edermen oba zähmetkeşleri ýokary taýýarlyklar bilen geldiler.
Galla — rysgal-berekediň çeşmesi, azyk bolçulygynyň kepili. Asyrlaryň dowamynda mele topragymyzdan bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirmek bilen, baý daýhançylyk däplerini döreden we olary bu günki nesillere miras goýan pederlerimiz gallany ekinleriň şasy, berekediň hamyrmaýasy hasaplapdyr. «Gallaly il — galaly il» diýen nakyla öwrülen jümläniň häzirki günlerde hem ähmiýetini ýitirmän gelmegi ýönelige däldir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň kämil daýhançylyk tejribesiniň häzirki zaman ekerançylyk usullary bilen utgaşdyrylmagy netijesinde gallaçylyk pudagynda hem uly sepgitlere ýetilýär. Munuň şeýledigine daýhanlarymyzyň çekýän yhlasly zähmeti bilen öndürilýän guşgursak ak bugdaýyň bol-bereketli hasyly-da aýdyň şaýatlyk edýär. Döwletimiz tarapyndan gallaçy daýhanlara berilýän goldaw-hemaýatlar bolsa, ak ekin ussatlarynyň işe höwesini artdyryp, arzyly zähmet üstünliklerine hyjuw döredýär. Şeýle bolansoň, welaýatymyzyň oba zähmetkeşleri geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük däne ekişiniň taýýarlyk işlerine turuwbaşdan uly ähmiýet berdiler. Olar hasyly ýygnalan meýdanlarda sürüm, tekizleýiş we beýleki degişli çäreleri sazlaşykly ýola goýup, topragy jogapkärli möwsüme birkemsiz taýýarlamakda yhlasly işlediler. Bu bolsa, welaýatymyzda bugdaý ekişini ýokary taýýarlyklar bilen toý ruhunda başlamaga şert döredýär.
Welaýatymyz boýunça 195 müň gektarda däne ekişini geçirip, şonça meýdandan guşgursak ak bugdaýyň 400 müň tonnasyny almak maksat edinilýär. Bu asylly maksat gallaçylarymyzy jogapkärli möwsüme guramaçylykly girişmäge, talabalaýyk alyp barmaga we bellenen möhletde tamamlamaga borçlandyrýar. Möwsümde welaýat boýunça ekiji tehnikalaryň 300-sine golaýynyň hyzmatyndan peýdalanylar. Etraplaryň tehniki hyzmat ediş kärhanalaryna degişli bolan şol ekiji tehnikalar öňünden doly taýýarlyk hatarynda goýuldy. Olara bu ugurdan tejribesi ýetik mehanizatorlar erk eder. Ekişde ulanyljak tohumyň taýýarlygyna hem aýratyn ähmiýet berilýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şu şanly gününde Ak bugdaý etrabynyň «Halal zähmet uçguny» daýhan hojalygynyň ekerançylyk meýdanlarynda welaýatymyzyň dili senaly, il sylagly ýaşulularynyň «Bismillasy» bilen bugdaý ekişine badalga berler. Şu mynasybetli daýhan hojalygynyň çäginde hakyky toý ruhuna beslenen dabaralar ýaýbaňlandyrylar. Olarda aýdym-sazly çykyşlara, oba hojalyk pudagynyň ösüşlerini we ata-babalarymyzyň daýhançylyk däplerini açyp görkezýän baý many-mazmunly sergilerdir tomaşalara giň orun berler. Bu bolsa, edermen gallaçy daýhanlarymyzy, oba zähmetkeşlerimizi belent sepgitlere, ajaýyp üstünliklerine ruhlandyrar.
Resul IŞANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň
Ahal welaýat komitetiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.