​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
20.01.2024

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY — HALK DEMOKRATIÝASYNYŇ KÄMIL NUSGASY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşler gazanylyp, ata Watanymyz Türkmenistan batly gadamlar bilen ynamly öňe barýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzda halk bähbitli işler giňden ýaýbaňlandyryldy. Watançy, ynsanperwer, adalatly, öňdengörüji we paýhasly syýasatçy, türkmen halkynyň Milli Lideri hökmünde beýik işleri üstünlikli durmuşa geçirýän, öz Watanyny we halkyny jandan söýýän Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň sebitlerine amala aşyrýan iş saparlary hemişe taryhy ähmiýeti, sahawatlylygy bilen tapawutlanýar.

Türk­me­nis­ta­nyň­ Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýylyň ilkinji günlerinde Mary welaýatyna baryp, iş maslahatyny geçirmegi, işleriň gerimi, netijeleri, halkyň hal-ýagdaýy, öňde durýan wezipeler baradaky maglumaty diňlemegi, maslahat, nesihat bermegi, Gurbanguly hajy metjidinde aýat-töwir etmegi, çopan goşunda, ýol gurluşykçylaryň arasynda bolup, olaryň armasyny ýetirmegi türkmençilik kadalaryna laýyklygy bilen tapawutlanyp, halk hakyndaky aladanyň ýene bir aýdyň ýüze çykmasyna öwrüldi. Munuň özi halkyň mynasyp wekili bolup, halka wepaly hyzmat etmegiň, onuň bähbitlerini goramagyň, goldamagyň belent nusgasydyr, milli demokratiýanyň aýratynlyklarynyň döwrebap derejede giňden dabaralanmasydyr. 

Gahryman Arkadagymyz: «Indiki wezipämiz mundan beýlägem ýurdumyzy gülledip ösdürmekden ybaratdyr. Bu wezipäni bolsa Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratyn hem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylan üstünlikleri berkitmek, wagyz etmek, adamlary täze üstünliklere ruhlandyrmak arkaly berjaý edip bileris. Ine, hut şu işlerde hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny uly bolmalydyr» diýmek bilen, halkymyzy täze zähmet üstünliklerine, döredijilikli başlangyçlara ruhlandyrýar.

* * *

2023-nji ýylyň 21-nji ýanwary — ýurdumyzyň taryhy täze döwrüniň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylan şanly sene. Şol gün Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenildi we türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edildi. Şol gün ýurdumyzyň sebitleriniň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen ählihalk maslahaty döwletimiziň berkararlyk binýadyny we kanunçylyk hukuk esaslaryny berkitmekde, döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmekde taryhy ähmiýete eýe boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri — döwletimiziň, jemgyýetimiziň, mähriban halkymyzyň ykbalyna degişli möhüm kararlardyr çözgütleriň kabul edilýän, oýlanyşykly pikirlenmäge we döredijilikli zähmet çekmäge giň ýol açylýan hem-de zerur şertleriň döredilýän döwri. 

Halk Maslahaty döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny beýan etmek hem-de ata-babalarymyzyň köp asyrlaryň dowamynda toplan ruhy-taryhy tejribesini özünde jemlemek bilen, onuň mejlislerinde ilatyň giň gatlaklarynyň, aýratyn-da, ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda wajyp ykdysady, syýasy meselelere garalýar. Türkmen halky hemişe ýaşuly nesle aýratyn hormat bildirip, il-ýurt bähbitli işlerde olaryň baý durmuş tejribesine daýanypdyr we maslahatly çözgütleri kabul edipdir. Türkmeniň iň bir döwletli, iri tutumlary il içinde sylag-sarpaly aksakgallar bilen maslahatlaşyp durmuşa geçirendigine taryh şaýat. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde il-günüň bähbitlerine gönükdirilen, durnukly ösüşiň ähli ugurlary, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyndan gelip çykýan wezipeleri öz içine alýan wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar, milletiň ykbalyna oňyn täsir edýän anyk çözgütleriň kabul edilmegi türkmen döwletini ösüşleriň täze belentliklerine ýetirýär. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini, onuň ýurdumyzy demokratik ýörelgeler bilen ösdürmekdäki hem-de döwletimiziň gazananlaryny berkitmekdäki syýasy ähmiýetini hemişe üns merkezinde saklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň baý syýasy tejribesi, pähim-paýhasy, ýurdumyzy, halkymyzy beýgeltmek ugrunda edýän aladasy netijesinde bu gün Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýeti dolandyrmagyň iň kämil institutlarynyň birine öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzda halk häkimiýetiniň işine berilýän ýokary bahadyr, milli demokratiýanyň dabaralanmasydyr. Halk demokratiýasynyň kämil gurluşy ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda mynasyp orun eýeleýär we agzybir halkymyzyň ata-babalarymyzyň parasatly pähimlerine ygrarlydygyny ýene-de bir gezek aýdyň tassyklaýar. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi ýurdumyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik-syýasy gurluşyny kämilleşdirmegiň ýolundaky täze möhüm tapgyry alamatlandyrýar. Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän we halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Ol demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy esasynda, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýaly ýörelgelere esaslanyp hereket edýär. 

Täze taryhy döwrümizde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklary giňeldildi. Oňa Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we konstitusion kanunlaryny kabul etmek, olara üýtgetmeleri, goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamak hem-de olary makullamak, döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna, ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna, kanunlaryna garamak we doly makullamak, kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukugy amala aşyrmak, Türkmenistanyň Kanunlarynda göz öňünde tutulan gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrmak ýaly meseleler girizildi. 

Döwrümiziň beýik Şahsyýeti, Türkmenistanyň Gahrymany, Hormatly il ýaşulusy, türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzüminde hemişelik agza bolup durýar. Şeýle hem onuň düzümine döwlet häkimiýetiniň ýokary edaralarynyň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň agzalary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň başlyklary, etraplaryň edara ediş merkezleri bolup durýan şäherleriň, şäherçeleriň arçynlary, syýasy partiýalaryň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçiligiň, şol sanda ýaşulularyň wekilleri girýärler. Raýat jemgyýetiniň täsirli düzümleriniň birine öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahaty täze taryhy döwrümizde döwlet bilen halkyň jebisligini, jemgyýetde maksatlaryň birdigini, ösüş ýollaryna bolan garaýyşlarynyň bitewüdigini äşgär ýüze çykarýan halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde öz ornuny barha pugtalandyrýar. 

Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny berkarar etmekde milletimize gadymy döwürlerden bäri mahsus bolan hakyky demokratik ýörelgelere esaslanýan milli ösüş ýoluny – parahatçylyk söýüjilik, bitaraplyk, adalatlylyk we ynsanperwerlik ýoluny saýlap aldy. Bu ýol halkymyzy döwletli döwrana, rowaçlyga, gülläp ösüşe alyp barýan ýoldur. Bu ýoluň her bir menzil-tapgyry taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady we medeni ösüşleriň aýdyň hem şöhratly wakalaryna beslenýär. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlislerinde garalýan meseleler, kabul edilýän çözgütler we öňde goýulýan wezipeler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilýän bu mejlislerde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlislerine taýýarlyk görmek, halkyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny, döwletimiziň mundan beýläk hem ösüşlerini üpjün etmek boýunça degişli çözgütler kabul edilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlarynyň biri-biri bilen utgaşyp, rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. 

Milli Liderimiz: «Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işini döwlet ähmiýetli, adam bähbitli tagallalarda jemläp, ýurdumyzyň uzak geljekde hem iň bagtly adamlaryň ýaşaýan, kuwwatly, demokratik, hukuk döwleti bolmagyna gönükdirýäris» diýip belleýär. Ýurdumyzda wekilçilikli edaralaryň işine, kanunçylyk esaslarynyň berkidilmegine, olara guramaçylyk, hukuk we usuly taýdan goldaw berilmegine aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary halkyň içinde ýygy-ýygydan bolup, adamlary gyzyklandyrýan meseleleri içgin öwrenýärler, ilat arasynda, aýratyn-da, ýaşlar bilen degişli wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçirýärler. 

Türkmen halkynyň terbiýe mekdebi müň ýyllyklaryň dowamynda kemala geldi. Şoňa görä-de, nesil terbiýesine, pähim-parasatly ýaşulularymyzyň, eziz enelerimiziň bu ugurdaky hyzmatyna uly ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi häzirki döwürde döwlet bilen halkyň jebisligini, ösüş ýollaryna garaýyşlaryň bitewüligini berkidýän jemgyýetçilik-syýasy güýç hökmünde ornuny pugtalandyrýar. 

Ýaşuly nesillerden görelde alýan, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini çelgi edinýän ýaşlarymyzyň geljegine uly ähmiýet berilýär. 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen taryhy maslahatda ýaş nesle uly ynam bildirilip, täzeçil pikirli, döwrebap garaýyşly ýaşlara giň ýol açyldy. Bu günki ýaşlar — döredýän, gurýan, döwrebap tehnologiýalardan doly baş çykarýan ýaşlar. Olar üçin döredilýän şertler, mümkinçilikler ata Watanymyzyň bagtyýar geljegini üpjün etmekdäki tagallalar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu barada hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda giňişleýin we täsirli beýan edilýär. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň 40 göterime golaýynyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşýanlaryň bolsa 31 göteriminiň ýaşlar bolmagy ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň dabaralanýandygynyň, olaryň döwlet we jemgyýetçilik işlerine gatnaşmagy üçin giň şertleriň döredilýändiginiň aýdyň güwäsidir. 

Halkyň söýgüsine, synmaz ynamyna mynasyp bolýan adamlar Hak nazary düşen beýik ynsanlar hasaplanýar. Halkyny beýgelden ynsanlary halk hem öz gezeginde beýgeldýär, mertebeleýär. Häzirki wagtda hormatly Arkadagymyz halka ýakyn durup, halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri amala aşyrmagyň belent nusgasyny görkezýär. Şeýle ýürekdeş tagallalar hem il-halkymyzyň Gahryman Arkadagymyz bilen bir jan-bir ten jebisleşmegine getirdi, munuň özi ösüşiň möhüm daýanç sütünleriniň biridir. Milli Liderimiziň aýdýan her bir sözi halkymyzyň ýürek kelamy bolup ýaňlanýar. Ösüşli ýolda ýetilen belent sepgitler Milli Liderimiziň uzak geljegi nazarlaýan döredijilikli pikirleriniň miwesidir. 

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Men öz halkymyň ogludygyma, öz halkymyň ynanjyny, arzuw-isleglerini ähli zatdan belentde tutýandygyma, sözümi öz halkymyň guran döwletine Baştutan bolan adam hökmünde aýdýandygyma dogry düşünýärin» diýen setirlerini seriňde aýlap, Watana hyzmat etmegi ömrüniň manysyna öwren beýik Şahsyýetiň ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň naýbaşy nusgasydygyna göz ýetirýärsiň. Bu gün bu asylly ýörelge, döwletli başlangyçlar hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. 

Bu günki Türkmenistan – juda çalt özgerýän, taryhy işleriň durmuşa geçirilýän ýurdy. Telim asyrlyk işler gysga wagtda amala aşyrylýar, her günümizi täze guwançly wakalar gurşap alýar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň gurulmagy aýratyn ähmiýetli taryhy wakadyr. Bu megapolis — ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, beýik ösüşleriniň nyşany. Arkadag şäheri Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly tagallalarynyň, ýiti zehininiň, pähim-paýhasynyň, şäher gurluşyk işinde toplan baý tejribesiniň, şeýle hem ýurdumyzyň zähmetsöýer gurluşykçylarynyň yhlasly zähmetiniň miwesidir. Bu işler — halk hakyndaky aladalaryň aýdyň nusgasy. Halky üçin şeýle ajaýyp, döwrebap şäheri gurduran Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwrümiziň beýik Şahsyýetleridir. 

Biziň her birimiz şeýle beýik döwürde ýaşaýandygymyza guwanmaga, buýsanmaga haklydyrys. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletiniň binýadyny pugtalandyryp, il-halkymyza bagtyýar durmuşyny peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, halk bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun! 

 

Kasymguly BABAÝEW, 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň 

iş dolandyryjysy, Mejlisiň deputaty