Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Bedenterbiýäniň we sportuň jemgyýetiň abadançylygynda, döwletiň gülläp ösüşinde aýgytly orny eýeleýändigi dünýä tejribesi esasynda subut edilen ajaýyp hakykatdyr. Berkarar Watanymyzda hem köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesliň beden we ruhy taýdan kämilligini gazanmakda möhüm şertleriň biridir. Degişli ugurdaky döwlet syýasaty raýatlaryň durmuş derejesini gowulandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, häzirki zaman durmuş şertlerine uýgunlaşmaga ukyply, beden we ruhy taýdan kämil nesli terbiýelemäge, halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýän türgenleri taýýarlamaga gönükdirilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutup, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýäris. Döwletimiziň bu asylly maksatlarynyň amala aşyrylmagynda sport esasy orunlaryň birini eýeleýär. Täze taryhy eýýamda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň hatary yzygiderli artýar, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi barha rowaçlanýar. Munuň özi nesil sagdynlygyny gazanmakda ähmiýet berilmeli ýagdaýdyr. Şonuň bilen birlikde, ol ýokary netijeli sporty ösdürmegiň hem esasy şertleriniň biridir» diýip bellemek bilen, ýurdumyzda bedenterbiýe we sport hereketiniň baş maksatlaryny beýan edýär.
Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzda bedenterbiýe we sporty ösdürmek boýunça işler has-da işjeňleşdirilip, bu ugurdaky milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär. «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Professional sport hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda», «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň, «Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň kabul edilmegi Diýarymyzda sport ulgamyny ösdürmäge toplumlaýyn çemeleşilýändigini subut edýär.
Kanunçylyk binýady we resminamalar bilen birlikde, jemgyýetiň sagdynlygyny goramakda giň gerimli hem-de anyk maksatlara gönükdirilen çäreleriň hem yzygiderli geçirilmegine aýratyn üns berilýär. Köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriň talyp ýaşlaryň, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi oňyn netijelerini berýär. Iri halkara ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi hem sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinýän ildeşlerimiziň hatarynyň artmagynda wajypdyr. Paýtagtymyzda soňky birnäçe ýylda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, Kuraş boýunça dünýä çempionaty ýaly iri ýaryşlaryň tejribesi hem muňa doly şaýatlyk edýär.
Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde ähli ildeşlerimize, aýratyn-da, ýaşlara nusgalyk görelde görkezýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW,
TSTP-niň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputaty