​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
25.01.2024

TÄZE TARYHY DÖWRÜŇ DURMUŞ SYÝASATY

 

Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly jümlesi ata Watanymyzyň berkararlygy, halkymyzyň ýagty geljegi ugrunda durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň baş ýörelgesine öwrülip, ýurdumyzyň täze taryhyny dabaralandyrýar. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda belent maksatly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Ýurdumyzy 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» taslamasyny taýýarlamak boýunça görlen çäreler barada hasabat berilmegi bu hakykatyň aýdyň subutnamasydyr. 

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» hem-de 2024-nji ýylyň Döwlet býujetinden ugur alnyp taýýarlanylan bu maksatnama laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda durmuşa geçiriljek ykdysady-syýasy özgertmeler, ýurdumyzyň makroykdysady taýdan durnukly ösüşini, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreler ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga ýardam berer. 

Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan özgertmek, halkyň bagtyýar durmuşyny berkarar etmek babatda möhüm çäreler göz öňünde tutulandyr. Döwlet maksatnamalaryndaky çärelerden ugur alnyp, gurlup ulanmaga berilýän durmuş-medeni, önümçilik maksatly desgalar ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, welaýatymyzyň çäginde hem durmuş-önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklary giň gerimde amala aşyrylýar. Täze taryhy döwürde halkymyzyň ykbalyna aýratyn öwüşgin çaýýan, başlangyçlary öňe sürýän, ata Watanymyzyň röwşen geljegi ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun! 

 

Rasul SADULLAÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.