Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ýokary ösüşlere eýe bolýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýuna uludan taýýarlyk görýär.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşky gurşawy goramak we ekologiýa syýasatynyň netijesinde, tebigy baýlyklarymyzy geljek nesillerimize ýetirmekde bahasyna ýetip bolmajak ägirt uly işler amala aşyrylýar. 2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini bölmek, onuň binýadynda Oba hojalyk ministrligini hem-de Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek baradaky taryhy Kararlary kabul etdi.
Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren eziz Watanymyzda her ýylyň ýaz we güýz paslynda saýaly, miweli we pürli agaç nahallaryň dürli görnüşlerini ekmek baradaky başlangyçlaryny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz üstünlikli dowam etdirýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen her ýylda ýurdumyzda millionlarça bag nahallary oturdylýar. Diýarymyz saýaly baglaryň, miweli agaçlaryň, umuman, tokaý zolaklarynyň mekanyna öwrülýär. Bu işleriň ählisi bolsa ýurdumyzyň ekologiýa taýdan abadançylygyny üpjün edýär, ilatymyzyň sagdyn ýaşamagyny hem-de adam ömrüniň uzalmagyny şertlendirýär.
Häzirki wagtda tebigat hakynda alada etmek döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Türkmenistan Ýer ýüzüniň häzirki we geljekki nesilleriniň abadançylygy üçin ählumumy ekologiýa meseleleri barada möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen, dünýä jemgyýetçiliginde özüniň mynasyp ornuny eýeleýär. Birleşen Milletler Guramasynyň tebigaty goramak boýunça işjeň gatnaşyjysy bolup durýan ýurdumyzda halkara konwensiýalaryndan we ylalaşyklardan gelip çykýan borçnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda giň möçberli işler amala aşyrylýar.
Milli derejede Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň» täze rejelenen görnüşi, şeýle-de «Türkmenistanyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň 2021 - 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» we olary ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň meýilnamalary kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda daşку gurşawy goramak babatda alnyp barylýan işleriň hatarynda, ilkinji nobatda, milli kanunçylygymyzda amala aşyrylýan işleri bellemek gerek. Türkmenistanyň tebigaty goramak boýunça kanunçylygynda daşку gurşawy hapalanmakdan goramaga, gaýtalanmajak özboluşly biologik dürlüligi we biosferany gorap saklamaga, ýurduň ýer, suw serişdelerini we beýleki tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmaga gönükdirilen birnäçe möhüm kanunlar kabul edildi, şeýle hem hereket edýän birnäçe kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Konstitusiýa esaslanyp, ýurdumyzda ekologiýa meseleleri bilen baglanyşykly köpsanly kanunlar kabul edildi. «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Agyz suwy hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda» kabul edilen kanunlaryň esasynda bu ugurda uly işler alnyp barylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda suwy rejeli peýdalanmak, suw baýlyklaryny goramak we suw diplomatiýasyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler uly üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzda ululy-kiçili täze suw howdanlarynyň ençemesi guruldy. Olaryň käbirleri derýalaryň kenarlarynda gurlan bolsa, käbirleri dag çeşmeleriniň hanasynyň golaýynda, ygallaryň köp düşýän ýerlerinde, sil akabalarynyň ugrunda bina edildi.
Döwlet Baştutanymyzyň ekologiýa diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini we milli tejribäni ulanmak arkaly öňe süren köpsanly başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldaw tapdy. Ýurdumyz tarapyndan Araly halas etmegiň halkara gaznasynda alnyp barylýan işler munuň anyk subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Aral meselesiniň möhümligi Merkezi Aziýanyň çäklerinden alyslara çykýar. Munuň özi abraýly halkara guramalar, ozaly bilen, BMG bilen özara gatnaşyklarda yzygiderli döwletara hyzmatdaşlygy üçin mäkäm binýady döretmegiň wajypdygyny şertlendirýär. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamasy kabul edilipdi. Şeýle hem, ýurdumyz BMG-niň Aral üçin ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakynda teklip bilen çykyş etdi. Bu resminama Aral deňzi sebitinde ýagdaýy durnuklaşdyrmak boýunça anyk meýilnamalary öz içine alýar. Ýurdumyzda dünýä tejribesinde ykrar edilen guramaçylyk, tehniki serişdeleriň, ylmyň döwrebap gazananlarynyň, innowasion çemeleşmeleriň yzygiderli önümçilige ornaşdyrylmagy bu ugurda uly öňegidişlikleriň gazanylmagyny şertlendirdi.
Berkarar Diýarymyzy ekologiýa taýdan abadan ýurda öwürmek babatda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Orazdurdy ABDYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar
syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.