​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
30.01.2024

WATAN GORAGY — BORÇ WE MERTEBE

 

Biziň her birimiziň ykbalymyz Watan bilen bagly, Watan goragy — parasatly, gaýduwsyz merdanalarymyzdan nesilme-nesil dowam edip gelýän belent jogapkärçilik. Häzirki wagtda hem bu gymmatlyk özüniň ähmiýetini ýitirmän gelýär. Şunda ýurdumyzyň özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny gorap saklaýan Ýaragly Güýçlerimiziň merdana gerçekleriniň alyp barýan işleri örän uludyr. 

Parahatçylyk ýörelgelerine ýugrulan goranyş maksatly Harby doktrinamyza laýyklykda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň baş maksady Türkmenistanyň milli bähbitleriniň hem-de harby howpsuzlygynyň goraglylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň Harby doktrinasy döwletimiziň harby howpsuzlygyny üpjün etmegiň ýörelgelerini, maksatlaryny, harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýär. Şeýle-­de ýurdumyzda hereket edýän kanunlar Türkmenistanyň harby­-syýasy ugrunyň esaslaryny düzýär. Türkmenistanyň raýatlarynyň harby borçlulyk we harby gulluk çygrynda Watany goramakda konstitusion borçlaryny ýerine ýetirmekleriniň hukuk binýady «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenendir. Kanunda Türkmenistanyň her bir raýatynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, öz ata Watanyny — Türkmenistany, onuň özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramaga borçludygy berkidilendir. «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýyny, şeýle­-de harby gullukçylaryň we harby gullukdan boşan raýatlaryň hem-­de olaryň maşgala agzalarynyň hukuk we durmuş taýdan goraglylygy babatda döwlet syýasatynyň esaslaryny kesgitleýär. Munuň özi ýurdumyzda harby gullukçylara uly hormat goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegine, döwrebaplaşdyrylmagyna, ylmyň soňky gazanan sanly tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagyna we täze ýörite tehnikalar bilen üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Harby gullukçylaryň we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-­durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyna, ýokary derejeli harby hünärmenleriň taýýarlanylmagyna hem­-de hünär tejribeleriniň kämilleşdirilmegine uly üns berilýär. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ýokary goranyş kuwwatyny saklamaga, onuň maddy-tehniki binýadyny berkitmäge, ýokary hünärli harby hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Diýarymyzda ähli harby okuw mekdeplerinde sanly bilim ulgamy giňden ornaşdyrylýar, sport desgalary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilýär. Ýaşlaryň kämil bilim almagyna, watansöýüji, mert, edermen, ýurduna, halkyna wepaly serkerdeler bolup ýetişmegine uly üns berilýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň «Watan goragy mukaddesdir», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Mertler Watany beýgeldýär», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ýaly atalyk kitaplary Watan goragçylarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemekde diýseň uly ähmiýete eýedir. Bu kitaplar terbiýe mekdebi bolmak bilen, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzüminiň jogapkärçiligini, abraýly kärine ygrarlylygyny has­-da ýokarlandyrýar. 

Her ýylyň 27­-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň gününiň döwlet derejesinde dabaraly bellenilmegi olara goýulýan uly hormatyň we egsilmez ynamyň subutnamasydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň Ýaragly Güýçleriniň harby kuwwatynyň pugtalanmagy üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn! 

 

Jennet ÖWE­KO­WA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.