Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Ynsan dünýäsiniň bezegi bolan hoşniýetlilik, ejizi goldamak, oňa hemaýat bermek ýaly ynsansöýüjilikli ýörelgelere halkymyz taryhyň ähli döwürlerinde ähmiýet berip, olary nesilden-nesle dowam etdirip gelýär. Bu ýörelgeler halkyň milli aýratynlyklaryny we medeni gymmatlyklaryny häsiýetlendirýär.
Şeýle ynsanperwer kadalaryň durmuşda ýaýbaňlandyrylmagynyň jemgyýetçilik gatnaşyklaryna oňyn täsirini ýetirýändigi, onuň adamzat dünýäsinde eýeleýän orny we ähmiýeti barada Milli Liderimiziň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda hem täsirli beýan edilýär: «Ýagşylykdyr haýyr-yhsan etmegiň, sadakadyr zekat bermegiň şahsy, jemgyýetçilik hem-de ykdysady bähbitleri barmak büküp sanardan köp:
Ýüregiň bitakat bolsa, sadaka ber, ýagşylyk et!
Dert basmarlaýan bolsa, sadaka ber, ýagşylyk et!
Işiň ugrukmaýan bolsa, sadaka ber, ýagşylyk et!
Zehiniň açylmaýan bolsa, sadaka ber, ýagşylyk et!
Dilegiň kabul bolmaýan bolsa, sadaka ber, ýagşylyk et!
Bu setirleri ýene-de uzaldyp bolardy. Ata-baba asylly ýörelgelerimizde haýyr-yhsan etmek, başardygyňdan sahawatly bolmak maşgala agzybirligini, işleriň öňe ilerlemegini üpjün edýän, hatda göz-dilden, howp-hatardan, bela-beterden goraýan iň netijeli ýol hasaplanylýar».
Döwürleriň synagyndan geçen şeýle ahlak ýörelgelerimiz adamlaryň häsiýet-hereketlerine baha bermek üçin jemgyýet tarapyndan ykrar edilen ölçegler hökmünde kabul edilip, mazmun taýdan asyrlarboýy baýlaşdyrylypdyr. Ynsan aňynyň we jemgyýetçilik ösüşiniň täsirli görnüşi bolan bu ýörelgeler adamda giň dünýägaraýşy, parasatly pikir ýöredişi, adalat duýgularyny kemala getirýär we ösdürýär. Bu ýörelgeleriň jemgyýetçilik gatnaşyklarynda giňden orun almagyna, ýurdumyzda adamlaryň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna uly ähmiýet berýändigi, haýyr-sahawat işini ösdürmekde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary göz öňünde tutulyp, geçen ýylyň 10-njy oktýabrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Arkadag» medaly bilen sylaglandy. Bu abraýly sylag bilen adamyň kanuny bähbitlerini goramak we üpjün etmek boýunça hukuk kepilliklerini döretmekde, aýratyn hemaýata we goldawa mätäç çagalary durmuşa uýgunlaşdyrmaga hem-de taýýarlamaga gönükdirilen guramaçylyk, kanunçylyk, hukuk, ykdysady çäreler toplumyny durmuşa geçirmekde, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işine yzygiderli goldaw bermekde, ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk ýörelgelerini durmuşa geçirmekde aýratyn görnükli hyzmatlary bitiren raýatlar sylaglanýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda onlarça çaganyň saglygyny dikeltmek, çylşyrymly operasiýalary geçirmek işleri bu gaznanyň hasabyna, mugt görnüşde ýerine ýetirildi. Bu çagalaryň bejergiden soňky dikeldiş döwründe-de ýerli saglyk öýleriniň aýratyn gözegçiliginde saklanmagy, mynasyp dynç almagy üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini hem bellemek gerek. Munuň özi Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» taglymatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň bir güwäsidir.
Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň edara binasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşip, onuň işiniň baş maksady hem ene-atasyndan jyda düşen, ýörite durmuş goldawyna mätäç ýaşajyk raýatlarymyz barada döwlet derejesinde alada etmek ýaly wezipeleri özünde jemleýär.
Her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän, ynsanperwerlige ýugrulan kadalar döwletimiziň Konstitusiýasyndan gözbaş alýar. Esasy Kanunymyzyň 54-nji maddasynda raýatlaryň ýaşy boýunça, näsaglan, maýyp bolan, işe ukyplylygyny, ekleýjisini ýitiren, işsiz galan halatynda we gaýry kanuny esaslar boýunça durmuş üpjünçiligine hukugynyň bardygy beýan edilýär. Şeýle hem ýaş we köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara, weteranlara, döwletiň ýa-da jemgyýetiň bähbitlerini goramakda saglygyny ýitiren adamlara döwlet we jemgyýetçilik serişdelerinden goşmaça goldawyň, ýeňillikleriň berilýändigi aýdylýar. Bu konstitusion kadalaryň milli kanunçylyga ornaşdyrylmagyna, hususan-da, olaryň hatarynda pensiýa üpjünçiligi, raýatlaryň aýratyn toparlaryna döwlet kömek pullary bilen üpjünçiligi belleýän döwlet kepillikleriniň hem-de weteranlaryň we maýyplaryň durmuş taýdan goralmagynyň çärelerini anyk kesgitleýän Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksini görkezmek bolar. Ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalary durmuş taýdan goramak boýunça çäreler hökmünde birnäçe hukuklar we ýeňillikler kodeksiň 1211-nji maddasynda giňişleýin görkezilýär. Şol sanawda ýokarlandyrylan möçberdäki talyp haklaryny tölemek; okaýan döwründe şäher ýolagçylar ulaglarynyň ähli görnüşinde (ýeňil taksiden başga) we ýaşaýan ýerine garamazdan, etrabyň çäklerindäki oba ýerlerinde umumy peýdalanylýan ulaglarda (ýeňil taksiden başga) mugt gidip-gelmek; ýaşaýan ýerine we yzyna okaýan ýerine ýylda bir gezek demir ýol, suw ulagynda we şäherýaka ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslarda mugt gidip-gelmek; döwletiň ambulatoriýa-saglyk öýleri edaralarynda we hassahanalarda nobatsyz mugt hyzmat etmek we bejermek hem-de Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygyna laýyklykda, ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek çäreleri bar.
Kyn durmuş ýagdaýyna düşene hemaýat bermek işleri diňe bir ýurduň çäginde ýaýbaňlandyrylman, bu asylly ýörelgelerimiz halkara derejede-de ýola goýulýar. Geçen ýyl Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerinden Türkiýäniň, Ukrainanyň, Owganystanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Palestinanyň çagalaryna ynsanperwerlik kömegi iberildi. «Adatdan daşary ýagdaýda halkara ynsanperwer kömegi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna görä, kömek üçin niýetlenen maddy-tehniki, azyk, lukmançylyk we beýleki harytlar hem-de serişdeler, şeýle hem adatdan daşary ýagdaýda ejir çekenleriň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin niýetlenen ilkinji zerur zatlar (iýmit önümleri, geýim, aýakgap, arassaçylyk, derman serişdeleri, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler we başgalar) ugradylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz 2023-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirende, bu gaznanyň häzirki zaman türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň döwletlilik ýörelgelerini döwrebap röwüşde dowam etdirmeginde, sagdyn nesli kemala getirmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtady. Şunda ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlar arkaly nesilleri terbiýelemek wezipesinde il sylagly ýaşulularyň bitirýän işleriniň ähmiýeti bellenildi. Türkmen jemgyýetinde ata-enesinden galan çagalary ogullyga ýa-da gyzlyga almak, olara mynasyp atlary dakmak bilen bagly meseleleri çözmek maksady bilen, gaznanyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň agzalary bu çagalaryň ilhalar, watansöýüji bolup ýetişmegi üçin zerur çäreleriň geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Elbetde, asylly däplerimizi dowam etdirmekde, ýagny ata-enesinden galan çagalary aýratyn üns-alada bilen gurşap almaga halkymyzyň mynasyp goşant goşýandygynyň özi hem ynsanperwerlikden, agzybirlikden nyşandyr.
Haýyr-sahawat işleri amala aşyrylanda, kanunçylyk, ynsanperwerlik, aýanlyk, meýletinlik, bähbitleriň umumylygy we oňa gatnaşyjylaryň hukuklarynyň deňligi ýaly asylly ýörelgelere esaslanylýar. «Haýyr-sahawat işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ilatyň durmuş taýdan goralmagyna gönükdirilen milli we halkara maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna ýardam etmek, ýetim çagalara, ata-enesiniň hossarlygyndan galan çagalara, agyr durmuş ýagdaýyndaky çagalara, köp çagaly maşgalalara, gartaşan adamlara, pensionerlere, maýyplygy bolan adamlara, zähmete ukypsyzlara, işsizlere, şeýle hem durmuş taýdan goralmaga mätäç başga adamlara zerur kömegi bermek ýaly maksatlary özünde jemleýär.
Halal gazanjyň belli bir möçberini haýyr-sahawata bagyşlamagyň saçagyňa, rysgyňa bereket goşýandygy halkymyzda ata-baba ündelýän ýörelge. Şeýle hoşmeýilli tagallalaryň netijesi döwletimiziň täze ösüşlere ilerlemegine, jemgyýetimizde ynsanperwerlik duýgularynyň artmagyna, haýyr-sahawat işleriniň giň gerim almagyna we onuň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegine oňyn täsirini ýetirýär.
Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň hünärmeni