​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
02.02.2024

HALKYMYZYŇ BUÝSANJY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylygyny alyp barmak hem-de bu ugurdaky işleri halkara derejesinde ösdürmek boýunça uly tagallalar edilýär. Şeýle tagallalaryň netijesinde türkmen alabaýy bu gün dostlugyň we wepalylygyň halkara nyşanyna öwrüldi. 

Asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip, kemala getirilen we umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna öwrülen türkmen alabaýlary özleriniň aýratynlyklary boýunça tohum itleriň arasynda iň gadymylarynyň we naýbaşylarynyň biri hasaplanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly nusgalyk kitabynda belleýşi ýaly: «Alabaý — biziň milli buýsanjymyz. Alabaý-biziň Watanymyzyň baýlygy». Gahryman Arkadagymyzyň bu eseri halkymyzyň durmuşynda we ykbalynda alabaýyň eýeleýän orny, alabaý tohumynyň gelip çykyşy we kemala gelşi baradaky taryhy, arhiw maglumatlary, dünýäniň iň arassa ganly, gadymy tohum itiniň alabaýdygyny açyp görkezýän köpýyllyk ylmy-barlag işleriniň maglumatlaryny özünde jemleýär. 

Göreniňde, gözüňi dokundyrýan alabaýlary ata-babalarymyz goragçy hökmünde eý görüp gelipdirler. Şoňa görä-de, pederlerimiz «It çopanyň goldaşy, ýalňyzlykda ýoldaşy», «Adyl sakçylygy goýun itinden öwren», «Awçy görmese, it görer, it görmese, at görer» ýaly nakyllary döredipdirler. 

Türkmen halky birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda türkmen alabaýlaryny seçip-saýlamakda, köpeltmekde, ösdürip ýetişdirmekde we kämilleşdirmekde örän baý tejribe toplapdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. Ýurdumyzda ata -babalarymyzyň köp ýyllaryň dowamynda çeken irginsiz zähmeti bilen döredilen hem-de nesilden-nesle geçip gelen türkmen alabaýlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak we kämilleşdirmek, gadymy türkmen itşynaslyk sungatyny ylmy esasda ösdürmek, meşhurlygyny dünýä ýaýmak, ýokary derejeli türkmen kinologlaryny taýýarlamak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Milli itşynaslyk sungatynyň iň gowy tärlerini nesilden-nesle geçirmek, seçgi-tohumçylyk işinde milli we dünýä tejribesini peýdalanmak, milli ýörelgeleri ylmyň täze gazanan netijeleri bilen utgaşdyrmak, itşynaslyk sungatynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça türkmen itşynaslarynyň öňünde möhüm wezipeler durýar. Bu ugurda döwletimizde «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Mundan başga-da, «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» we «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Bu hormatly atlar ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermekde, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, seýisçilik sungatyny ösdürmekde, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren, itçilik pudagyny ösdürmekde aýratyn şahsy goşandyny goşan we ýokary netijeleri gazanan adamlara dakylýar. 

Özüniň mertligi, hüşgärligi, wepalylygy, düşbüligi bilen halkymyzyň ýakyn dostuna öwrülip, milli mirasymyzyň hatarynda mynasyp orun alan türkmen alabaýlarynyň şöhraty bütin dünýä ýaň salýar. Ýeri gelende bellesek, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa Türkmenistan — Tatarystan dostlukly döwletleriň nyşany hökmünde sowgat berlen Akdost (Ak dus) atly türkmen alabaý iti 2024-nji ýylyň 15-17-nji ýanwarynda Kazan şäherinde «Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesi boýunça geçirilen Russiýanyň Kinologiýa federasiýasynyň çempionatynda arassa ganlylygy we owadanlygy, şeýle hem düşbüligi, ünslüligi üçin iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony boldy. Munuň özi türkmen halkynyň wepaly ýoldaşy, milli buýsanjy hasaplanylýan türkmen alabaýynyň dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň barha beýgelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

Milli buýsanjymyz hasaplanylýan türkmen alabaýynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, bu gymmatly baýlygymyzy geljekki nesillerimize miras galdyrmak ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, döwlet ähmiýetli, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

 Jennet ÖWEKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy