Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, bu şanly senäni ýokary derejede garşylamak, şeýle hem şahyryň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, ýaşlaryň kalbynda dana şahyrymyzyň eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýol-ýörelgelerimize söýgi döretmek, şahyryň hormat-sarpasyny has-da belende götermek maksady bilen, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde ýaşlaryň arasynda beýik şahyryň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly dürli bäsleşikleriň, halypa ýazyjy-şahyrlaryň çeper döredijiligine gol beren ýaşlar bilen duşuşyklaryň, maslahatlaryň geçirilmegi barada beren öwüt-nesihatlaryndan ugur alyp, 2-nji fewralda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşi Balkan welaýat häkimligi we welaýat Medeniýet müdirligi bilen bilelikde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky drama teatrynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, halypa şahyr Orazguly Annaýew we Seýitmyrat Geldiýew bilen ýaş şahyrlaryň arasynda döredijilik duşuşygyny geçirdi.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň guramagynda bagtyýar ýaşlaryň durmuş uniwersiteti Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan halypa-şägirtlik ýolunyň dowamat-dowamdygyny çeper sözüň üsti bilen açyp görkezmek maksady bilen, Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, halypa şahyr Orazguly Annaýew balkanly ýaş şahyrlaryň arasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli «Bagtyýarlyk ylhamy» atly döredijilik telegepleşigini geçirdi.
Agzybirligi, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, dost-doganlygy hem-de hoşniýetliligi mizemez durmuş ýörelgesine öwrüp, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berkden-berk jebisleşip, nurana geljegine tarap okgunly öňe barýan halkymyz özüniň ruhy seždegähi, akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde dabaralandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimizi täze belentliklere çykarmaga, döretmäge, zähmet çekmäge döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleriniň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan halypa-şägirtlik ýolunyň dowamat-dowamdygyny çeper sözüň üsti bilen açyp görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşi Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde brifing duşuşygyny geçirdi.
Guwanç ÇENDIROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty