​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
12.02.2024

Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýaşlaryň arasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan döredijilik duşuşyklary geçirildi

 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we welaýat, etrap, şäher geňeşleri meýilnamalaýyn işleri, medeni çäreleri guramaçylykly geçirmekde işjeňlik bilen hereket edýärler. TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşi tarapyndan geçirilýän medeni çäreler hem aýratyn belläp geçmeklige mynasypdyr. 2024-nji ýylyň 6-7-nji fewralynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýewiň, şahyr Seýitmyrat Geldiýewiň «Altyn asyr: Türkmenistan» we «Ýaşlyk» teleýaýlymlarynyň döredijilik toparlary bilen bilelikde Daşoguz welaýatynyň çägine eden saparlarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat, etrap, şäher geňeşleriniň işgärleri we işjeň agzalary bilen ýylymyzyň şygaryny dabaralandyrmak, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny belläp geçmek mynasybetli döredijilik duşuşyklarynyň birnäçesi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. 

Medeni çäreleriň ilkinjisi Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň medeniýet merkezinde geçirildi. Soňra medeni çäreler Daşoguz welaýat kitaphanasynda, Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde dowam etdi. 

Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Hormatly il ýaşulusy, «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory, halypa şahyr Orazguly Annaýewiň, «Biznes reklama» gazetiniň baş redaktory, şahyr Seýitmyrat Geldiýewiň gatnaşmaklarynda welaýatymyzyň dürli künjeklerinden gelen şahyrlar, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar bilen bolan döredijilik duşuşyklarynda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň giň ummana deňelýän döredijiligi, şahyryň şygryýetiniň diňe bir döwlet derejesinde däl, eýsem, halkara derejesindäki orny, Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Magtymguly Pyraga, beýik şahyryň döredijiligine goýýan belent sarpasy, bu babatda durmuşa geçirýän başlangyçlary, Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlarynyň ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekdäki möhüm ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüňler etdiler, öz döreden şygyrlaryndan okap berdiler. 

Şonuň ýaly-da medeni çäreleriň dowamynda halypa şahyr Orazguly Annaýewiň ýolbaşçylyk etmeginde indi on alty ýyl bäri «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymynda tomaşaçylara ýetirilýän «Bagtyýarlyk ylhamy» atly telegepleşigiň Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan sany ýazga geçirildi. Bu çäreleriň çäklerinde dürli ulgamlarda zähmet çekýän welaýatymyzyň öňdebaryjy ýaşlarynyň, şahyrlar Dädebaý Nartyýewiň, Göwher Ahmedowanyň, ýaş şahyr Söhbet Orazmuhammedow, Daşoguz welaýat kitaphanasynyň işgäri Leýla Rejepowanyň gatnaşmaklarynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. 

Magtymguly Pyragynyň arzuwlan eýýamyny — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni halkymyza bagyş eden Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen başlangyçlary mydama rowaçlyklara beslensin

 

Magsat OTUZOW, 

TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty