Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Her ýylyň 18-nji fewralynda bellenilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni türkmen diplomatlaryna we olaryň alyp barýan asylly işlerine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr. Berkarar Watanymyz üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasatynda Milli Liderimiziň başlangyjy bilen dünýäde gyzgyn goldaw tapan «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesini, «Dialog ― parahatçylygyň kepili» diýen pelsepäni öňe sürýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň dürli döwletleri we iri halkara guramalary bilen netijeli diplomatik hyzmatdaşlygy ýokary derejede ösdürýär. Bu ugurda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň ähmiýeti örän uludyr. 2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda hormatly Prezidentimize «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanynyň gowşurylmagy ýaly buýsandyryjy wakalar döwlet Baştutanymyzyň hoşniýetli daşary syýasaty amala aşyrmakdaky üstünlikli işlerine, milli diplomatiýamyzyň okgunly ösüşine berilýän mynasyp bahadyr.
Ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň binýady hökmünde saýlanyp alnan hemişelik Bitaraplygymyz dünýä bileleşiginiň iň iri we abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ykrar edilip, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamasy bilen ikinji gezek tassyklanyldy. Garaşsyz Türkmenistan daşary syýasat ugrunda hemişelik, oňyn we işjeň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny saklaýar. Ol halkara parahatçylygyny we durnuklylygy berkitmäge, daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen dostlukly, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasatymyz halkara giňişliginde uly goldawa eýe boldy. Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan hukuklaryna we borçlaryna ygrarly bolup galmak bilen, abraýly halkara guramalary, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy, onuň düzümleýin edaralary, beýleki halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýär.
Sebitde ýeke-täkligi bilen tapawutlanýan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň gözel paýtagtymyzda açylmagy biziň döwletimiziň BMG tarapyndan parahatçylyksöýüji, bu guramanyň Tertipnamasyndan gelip çykýan ýörelgelere ygrarly döwlet diýip ykrar etmeginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr. Bu merkeziň işi sebitde halkara gatnaşyklaryň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň sazlaşykly dowam etmegini gazanmaklyga gönükdirilendir.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly hem-de oýlanyşykly syýasy başlangyçlary özüniň netijeliligini eýýäm birnäçe gezek halkara giňişliginde subut etdi. Geçen ýyllarymyza ser salanymyzda, Gahryman Arkadagymyzyň teklibi bilen 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy kabul edilipdi. Gahryman Arkadagymyz bu başlangyjy öňe sürmek arkaly durnukly ösüşe, asuda we parahat durmuşa ýetmek üçin özara ynanyşmagyň wajypdygyna dünýä bileleşiginiň ünsüni çekdi. Dünýä jemgyýetçiligi bolsa bu Kararnamanyň kabul edilmegini biragyzdan goldapdy.
Milli diplomatiýamyzyň maksatlary bilen sazlaşýan halkymyzyň parasatlylyk, döwleti dolandyrmak taglymaty, türkmen bitaraplygynyň ynsanperwer ýörelgeleri ýurdumyzyň daşary syýasy ugrunyň many-mazmunyny aýdyň kesgitleýär. Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň halkara kadanamalar derejesinde öz beýanyny tapmagynda, adamzat ösüşiniň möhüm şerti bolan durnukly ösüşiň, hoşniýetli gatnaşyklaryň dabaralanmagynda bolsa parahatçylygyň wekilleriniň, milli diplomatiýamyzyň işjeňliginiň mynasyp paýy bar.
Türkmen diplomatiýasyny ýeňişli menzillerde öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Türkmen diplomatlarymyzyň, geljekki halkaraçy hünärmenlerimiziň ata Watanymyzyň dünýä derejesindäki abraýynyň artmagy ugrunda çekýän yhlasly zähmetleri myrat tapsyn!
Merdan DOSMEDOW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.