Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu toplumy düýpli özgertmek, pudagy dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda kabul edilen döwletli çözgütler möhüm ähmiýete eýedir.
Ýadyňyzda bolsa, mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini üýtgedip guramak hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi, «Türkmenpagta» döwlet konserni hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi döredildi.
Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçilikleri döretmek, önümçilige häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak maksady bilen kabul edilen bu çözgüt, elbetde, oba hojalyk pudagynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde möhüm ädim bolar diýip arkaýyn aýtsa bolar. Çünki dolandyryş ulgamynyň kämil derejede bolmagy islendik işi guramakda, üstünlikli alyp barmakda ilkinji hem-de möhüm şertleriň biridir.
Şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan mejlisiň dowamynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz möhüm Karara gol çekdi. Ol resminama laýyklykda, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalary ýokarlandyryldy.
Anyk maglumata ýüzlensek, şu ýylyň hasylyndan başlap bugdaýyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasy 2 müň manat möçberde bellenildi. Şeýle hem nah pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 5 müň manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 4 müň 770 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 4 müň 550 manat möçberde bolar. Ýüpek pagtanyň bir tonnasy üçin bolsa döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 6 müň 700 manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 6 müň 400 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 6 müň 100 manat möçberde kesgitlenildi.
Görnüşi ýaly, oba hojalygyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly kabul edilen bu möhüm çözgütler ýurdumyzda bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde, daýhanlaryň ýere bolan höwesini artdyryp, yhlasly zähmet çekmekleri üçin, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmekde ädilen nobatdaky wajyp ädimlerdir.
Serdar BEGMYRADOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag
şäheriniň komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.