​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
21.02.2024

YLYM-BILIM — RÖWŞEN GELJEGIMIZIŇ ŞUGLASY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işlerini üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwleti we jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny giňeltmek, ýokary aň-düşünjeli, beden taýdan sagdyn şahsyýeti kemala getirmek boýunça ylym-bilime daýanyp, giň gerimli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlaryna laýyklykda, beýik işleriň durmuşa geçirilýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Durmuşa geçirilýän özgertmeleri beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek, ýaş nesle berilýän bilimiň, terbiýäniň mazmunyny baýlaşdyrmak we hilini ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijesinde hem görmek bolýar. 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde bilim ulgamy döwletimiziň ileri tutýan ugurlarynyň biri hasaplanylýar. Jemgyýetimiziň ähli ulgamlar da täze belentliklere, ösüşlere ýetmeginde ylymly-bilimli ýaşlaryň möhüm orny bardyr. 

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim syýasatyny döwrüň talaplaryna laýyklykda durmuşa geçirmäge we ony dünýä derejesine çykarmaga, ýaşlaryň ylmyň soňky gazananlaryny ele almaga bolan hukuklarynyň kepillendirilmegine aýratyn üns berilýär. 

Türkmenistanyň raýatlarynyň her biriniň bilim almaga bolan hukuklary Esasy Kanunymyzdan ugur alýandyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda her bir adamyň bilim almaga bolan hukugy beýan edilýär. 

Esasy Kanunymyzdan ugur alýan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde hem raýatlaryň bilim almaga bolan hukuklary kepillendirilýär. Bu Kanunda bilim babatda döwlet syýasatynyň ýörelgeleri anyk bellenilýär. Kanunyň 4-nji maddasynda «Türkmenistanyň raýatlaryna milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara, şeýle hem ýaşyna we saglyk ýagdaýyna garamazdan, bilim almak mümkinçiligi kepillendirilýär» diýlip bellenilmegi mekdep ýaşyna ýeten her bir türkmenistanlynyň bilim almaga bolan hukugyny kepillendirýär. 

«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 5-nji maddasynda Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň hatarynda «ýaşlaryň hünär bilimini almagy üçin deň şertleri döretmek hem-de ýaşlary iş bilen üpjün etmek we alan hünär bilimlerini önümçilikde, döwlet gullugynda, ylmy we döredijilik çygrynda ulanmak üçin has amatly şertleri döretmek» diýlip beýan edilmegi ýaşlar hakyndaky aladanyň kanun esasynda berkidilýändigini görkezýär. 

Bu Kanunyň 26-njy maddasynyň 8-nji bendinde ýaşlarda okuwyň üznüksizligini gazanmak we olary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, umumybilim edaralaryny tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary hünär we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmagy üçin, bir gezek mümkinçilik döretmek şerti bilen, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürmäge rugsat berilmegi Watanymyzda ýaşlar üçin döredilen mümkinçilikleriň biridir. 

Häzirki wagtda eziz Watanymyzyň bilim ulgamynda ýaşlaryň hukuklaryny we borçlaryny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek babatynda birnäçe işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň bilim almaga, ylym öwrenmäge bolan hukuklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda milli maksatnamalar, konsepsiýalar durmuşa geçirilýär. Şol maksatnamalaryň, konsepsiýalaryň kabul edilmegi ýaşlara berilýän bilim-terbiýäniň hilini ýokarlandyrmaga, ýaşlaryň aýratyn gyzyklanýan ugurlaryna bolan gyzyklanmalaryny, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge we olaryň alan bilimlerini durmuşa geçirmäge, Watanymyzyň ösüşine goşant goşmaga mümkinçilik döredýär. 

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022­—­2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» okatmakda sanly tehnologiýalaryň, uzak aralykdan bilim berilmeginiň we maglumat alşylmagynyň doly ýola goýulmalydygy, pedagogik işgärleriň hünär derejesiniň, okuw meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň, okuw kitaplarynyň dünýäniň oňyn tejribesi esasynda yzygiderli kämilleşdirilmelidigi bellenilýär. Bu babatda alnyp barylýan işleriň hatarynda sebitde ilkinji «akylly» şäher Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde gurlan we gurluşygy dowam edýän döwrebap bilim edaralary bellenilmäge mynasypdyr. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Bilim ulgamynda üstünlikli amala aşyrýan özgertmelerimiziň äh­li­si baş mak­sa­da­—­Türkmenistany bilimler merkezine öwürmäge gönükdirilendir» diýip bellemegi ýurt derejesinde bilime aýratyn uly üns berilýändiginiň mysalydyr. Ata Watanymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin oňaýly şertleriň döredilýändigine bilim ojaklarynyň dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan, multimedia we kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen, okatmagyň interaktiw usullaryndan peýdalanmak mümkinçilikleri döredilen döwrebap mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, mekdepleriň ýaşlary gujak açyp garşylamagy mysal bolup biler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn pikirlenmäge ukyply nesil döwletiň hem, milletiň hem geljegi hasaplanýar» diýip bellemegi milli bilim ulgamyny ösdürmek bilen, ýaş nesillerimiziň bilime bolan höwesiniň ýokarlanyp, kämil şahsyýetler bolup kemala gelmeginde möhüm wezipäni kesgitleýär. 

Täze taryhy eýýamda ýaşlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza buýsanç we wepalylyk ruhunda terbiýelemekde bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde uly hem-de jogapkärli wezipeler durýar. 

Eziz Diýarymyzyň ylym-bilim edaralarynyň işine aýratyn üns berýän, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin! 

 

Nepes ROZYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty 

baradaky komitetiniň agzasy