Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi welaýatlarymyzda halypa-şägirtlik ýörelgesi esasynda döredijilik duşuşyklaryny geçirmekligi ýola goýdy.
«Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Hormatly il ýaşulusy Orazguly Annaýewiň we «Biznes reklama» gazetiniň baş redaktory, şahyr Seýitmyrat Geldiýewiň gatnaşmaklarynda Mary welaýatynda şeýle duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.
13-nji fewralda günüň birinji ýarymynda Mary welaýat kitaphanasynda brifing duşuşygy boldy.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň, welaýat kitaphanasynyň hem-de «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu duşuşyga TMÝG-niň welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň işgärleri, işjeň agzalary, halypa we ýaş şahyrlar, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.
***
Günüň ikinji ýarymynda Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda hem halypa-şägirtlik döredijilik duşuşygy geçirildi. Ýaşlaryň özlerini gyzyklandyrýan ugurlar boýunça sowal-jogap alyşmaklary duşuşygyň täsirini artdyryp, welaýatymyzyň görnükli aýdymçylarynyň we aýdym-saz toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary dabara gatnaşyjylaryň göwünlerini galkyndyrdy.
***
14-nji fewralda Milli Liderimiziň ýola goýan we peder kesbine eýerýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda halypa-şägirtlik ýolunyň dowamat-dowamdygyny çeper sözüň üsti bilen açyp görkezmek, täze we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň, «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Bagtyýarlyk ylhamy» atly döredijilik telegepleşigi geçirildi. Oňa döwrüň sesine öz sesini goşýan, hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanýan kalplary ylhamly ýaşlar gatnaşdylar. Gepleşigi Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew alyp bardy.
Gepleşigiň dowamynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Maksat JANMYRADOW,
TMÝG-niň Mary welaýat geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.