​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
22.02.2024

NUSGALYK BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLANÝAR

 

Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň medeni ugrunyň esasy ýörelgeleriniň biri geçmişimiziň baý taryhyny, milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy dünýä ýaýmakdan ybaratdyr. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlyk uly orny eýeläp, bu hyzmatdaşlygyň ýyllar geçdigiçe giň gerime eýe bolýandygy guwandyryjydyr. 

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz 1993-nji ýylda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. Şondan bir ýyl geçenden soňra bu guramanyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy. Indi 31 ýyl bäri bolsa ýurdumyz medeni mirasy gorap saklamakda, bilimi, ylmy ösdürmekde we halklaryň arasynda parahatçylyk, düşünişmek ýörelgelerini ýola goýmakda ählumumy tagallalara, medeni mirasy gorap saklamak we wagyz etmek işlerine işjeň gatnaşyp gelýär. 

2021-nji ýyldan bäri dünýä mirasyny gorap saklamak hem-de wagyz etmek maksady bilen, ÝUNESKO tarapyndan 1992-nji ýylda esaslandyrylan «Dünýäniň hakydasy» halkara maksatnamasy işjeň durmuşa geçirilýär. Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi biziň her birimiziň buýsanjymyza buýsanç goşdy. Döwlet taryhy-medeni goraghanalarymyzyň, ençeme medeni gymmatlyklarymyzyň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmegi, şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi hem, elbetde, döwrümizi beýgeldýän şanly wakalardyr. 

Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralary döredildi we ÝUNESKO klublary açyldy. Umumybilim berýän orta mekdepleriň birnäçesini ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň toruna girizmek boýunça işler ýola goýuldy. Munuň özi Türkmenistanyň hoşniýetli we dost-doganlyk gatnaşyklara gönükdirilen medeni diplomatiýasynyň dabaralanmasydyr. 

Şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi hem halkymyzyň başyny göge ýetirdi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramyny dünýä ýüzünde dabaralandyryp, Watanymyzyň, halkymyzyň abraýynyň arşa galmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Goý, dünýäde parahatçylygyň, dost-doganlygyň pugtalandyrylmagy üçin ägirt uly işleri amala aşyrýan Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun! 

 

Annabagt Ma­ýewa, 

welaýat Baş bilim müdirliginiň esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty