​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
22.02.2024

HEMIŞELIK BITARAPLYK — ŞÖHRATYMYZ

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly üstünlikler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Eziz Watanymyz häzirki wagtda daşary syýasatda diňe öz milli bähbitlerini däl, eýsem, sebitara hyzmatdaşlygy, hoşniýetli, özara peýdaly iki taraplaýyn we köp taraplaýyn gatnaşyklary ileri tutýan, möhüm halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak baky Bitarap ýurdumyzyň ýöredýän daşary syýasatynyň ileri tutýan esasy ugry bolup durýar. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyjy esasynda 2020-nji ýylyň sentýabrynda parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary döredildi. Häzirki wagtda bu dostluk toparyna dünýäniň 20-den gowrak döwletleri goşuldy. Bu topar halkara derejede, hususan-da, BMG-niň çäklerine yzygiderli hyzmatdaşlyga ýardam bermäge, öz syýasatyny Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda guraýan döwletleriň parahatçylyk, döredijilik mümkinçiliklerini iş ýüzünde peýdalanmaga, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, olaryň sebäplerini, netijelerini aradan aýyrmaga, ynsanperwerlik meselelerini çözmäge gönükdirilendir. Eziz Diýarymyz Bitaraplygyň dostlary topary üçin Bitaraplyk ýörelgeleriniň halkara gatnaşyklarynda ilerledilmegi, parahatçylyk, özara hormat goýmak, düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köp taraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegi üçin yzygiderli duşuşyklaryň geçirilmegine, durnukly syýasy-diplomatik düzümleriň işlenilip düzülmegine özüniň mynasyp goşandyny goşýar. 

Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Garaşsyz Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen açyk, yzygiderli, netijeli gatnaşyklarynyň möhüm şerti bolup durýar. Watanymyz parahatçylyk söýüjilik, ylalaşyklylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini jemgyýetde, gündelik durmuşda ilerletmek bilen, bu düşünjeleri daşary syýasat strategiýasynda işjeň ulanýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Bitaraplygy türkmen halkynyň iň asylly häsiýetleriniň beýany bolup durýar. 2020-nji ýylda ýurdumyzyň öňe süren başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary topary şu ýörelgeleri öz içine alýar. Bitaraplygyň dostlary toparynyň duşuşygy her alty aýda bir gezek ilçiler derejesinde Nýu-Ýork şäherinde geçirilip, onda agza döwletleriň öňe sürýän teklipleri ara alnyp maslahatlaşylýar. 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň 2024-nji ýylyň Halkara çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda Aşgabat şäherinde birinji Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň Parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» ady bilen utgaşykly onlaýn görnüşinde ýokary derejedäki mejlisi geçirildi. Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň parlament ýolbaşçylary, wekilleri, şeýle hem halkara, sebit guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri gatnaşdylar. Şu gezekki ýokary derejede geçirilen mejlise gatnaşyjylar öz çykyşlarynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň gurallaryny işjeň ulanmakda ýurdumyzyň eýeleýän ornuna ýokary baha berdiler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda halkara derejesinde şeýle maslahatlary geçirmek üçin ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

 

Orazdurdy ABDYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Ylym, bilim, 

medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.