​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
23.02.2024

AKYLDAR ŞAHYRA BELENT SARPA

 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň baý we şöhratly taryhy hem-de medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony nesilden-nesle geçirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde olaryň ähmiýeti örän uludyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda taryh we medeni miras döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Gündogaryň akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi şol medeni mirasyň genji-hazynasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ady äleme dolan ussadyň sözleri we pelsepewi pikirleri türkmen edebiýatynyň şöhratyny arşa göterip, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi. Ýagny, şahyryň şygyrlarynyň ýygyndysy dünýäniň köp dillerine, şol sanda türk, rus, iňlis, gruzin, özbek, täjik, ukrain, belarus, arap, ermeni, gazak, hytaý, rumyn, ýapon we beýleki dillere terjime edildi. 

Häzirki wagtda medeniýetimizi, milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak we bu ulgamyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzda birnäçe kanunlar hereket edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 15-nji maddasynda: «Döwlet milli taryhy, medeni we tebigy mirasyň, daşky gurşawyň abat saklanmagy, sosial we milli umumylyklaryň arasyndaky deňligiň üpjün edilmegi üçin jogapkärdir» diýlip beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda eden taryhy çykyşynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek, onuň baý we gymmatly edebi mirasyny şöhratlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň maksadalaýyk boljakdygy hakynda belledi. Şol tabşyryklardan ugur alnyp, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi we onuň Düzgünnamasy we Ýazgysy tassyklanyldy. Bu medal Magtymguly Pyragynyň baý we gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde, wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren ýurdumyzyň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredildi. 

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen ýurdumyzyň milli medeniýetini ösdürmäge uly goşant goşýan ylmy barlaglary alyp baran, türkmen halkynyň medeni mirasyny, asyrlardan gözbaş alýan ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, wagyz etmekde we geljekki nesillere ýetirmekde mynasyp goşant goşan, ylym, bilim, medeniýet, edebiýat we sungat ugurlarynda ajaýyp döredijilik üstünlikleri gazanan, Magtymguly Pyragynyň türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen döredijiliginde syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, adalatlylyk, adamkärçilik, ynsanperwerlik we ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde hem-de dünýä ýaýmakda önjeýli zähmet çeken, ösüp gelýän ýaş nesli türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda emele gelen milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak ruhunda, watançylyk, ýokary ahlaklylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde uly hyzmatlary bitiren we Türkmenistanyň dünýä döwletleri hem-de halkara guramalary bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde, medeniýetleri ýakynlaşdyrmakda we baýlaşdyrmakda, halklaryň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmekde aýratyn hyzmatlary bitiren Türkmenistanyň raýatlary sylaglanylýar. Şeýle-de Türkmenistan bilen medeni we beýleki dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde we wagyz etmekde aýratyn hyzmatlar görkezen daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar hem Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanylyp bilner. 

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna mynasyp bolan raýatlar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sylaglanýar we olara Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we onuň şahadatnamasy gowşurylýar. 

Bu medal beýik şahyryň döredijiligini geljekde has-da şöhratlandyrmakda we onuň adyny nesilden-nesillere geçirip ebedileşdirmekde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolar. 

Milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

 

 Çemen AKYÝEWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak 

baradaky komitetiniň agzasy