Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan häzirki döwürde halkara gatnaşyklarda işjeň orny eýeleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutany bolup işlän döwründe görnükli syýasy we jemgyýetçilik işgäri, milletiň Lideri hökmünde, dünýäde giňden ykrar edilen, baý tejribesini umumymilli maksatlara gönükdirip, mähriban Watanymyzyň at-abraýyny belent derejelere ýetiren Beýik Şahsyýetdir. Milli Liderimiziň dürli ýyllarda öňe süren daşary syýasy başlangyçlary ählumumy goldawa eýe bolup, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdini tapmakda uly ähmiýete eýe boldy.
Bahar paslynyň ilkinji günlerinde, 2-nji martda Garaşsyz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzalygyna kabul edilmegine 32 ýyl boldy. Bu döwürde BMG bilen köpugurly gatnaşyklaryň ulgamy kemala geldi. Türkmen döwletiniň başlangyjy esasynda bu abraýly guramanyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň köp sanlysy kabul edilip, olar ählumumy abadançylygyň, parahatçylygyň we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirildi. Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «Parahatçylyk — munuň özi sazlaşykly ýaşaýyşdyr. Sag-salamatlyk, abadan durmuş köňülleriň heňňamlara ýazan mukamydyr» diýip belleýär. Parahatçylyk, ynanyşmak halkymyzyň milli ýörelgelerinden gözbaş alýan gymmatlyklardyr. Häzirki ajaýyp zamanamyzda bu düşünjeler has çuňňur many-mazmuna eýe bolup, ata-baba dost-doganlyga sarpa goýup gelýän halkymyzyň ruhy dünýäsini şöhlelendirýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň hemişelik Bitaraplygyndan ugur alýan, «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasyny ilerledýän daşary syýasat üstünlikli dowam etdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde, ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy, sebit we halkara derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi üpjün etmekde amatly şertleri döretmek boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasynda hem çuň manyly çykyş etdi. Hususan-da, çykyşda oňyn hyzmatdaşlyk, abadançylyk, parahatçylyk üçin zerur bolan howpsuzlyk meselesi boýunça teklipler öňe sürüldi. Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda howpsuzlygyň bölünmezligi we bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň bir-birinden aýrylmazlygy ýörelgesini berk we durnukly goraýar. Dünýä ösüşiniň möhüm ýagdaýlaryny hem-de meýillerini hasaba almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalary we halkara hukugyň umumy ykrar edilen düzgünleri esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamak teklip edildi. Şunda degişli strategiýa öňüni alyş diplomatiýasyny, jedelleri we dawalary parahatçylykly, syýasy-diplomatik taýdan düzgünleşdirmek üçin bitaraplygyň mümkinçiliklerini peýdalanmagy, ynanyşmak dialogynyň medeniýetini girizmek zerurlyk hasap edilýär.
Parahatçylyk, ynanyşmak, ählumumy howpsuzlyk, dürli meseleleri diplomatik gepleşikler arkaly çözmek, hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alýan dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklar Türkmenistanyň daşary syýasy ugrudyr, parahatçylyk söýüjilikli milli ýoludyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda üçünji Antalýa diplomatiýa forumynda eden taryhy çykyşy hem hut şeýle parahatçylyk söýüjilikli garaýyşlardan gözbaş alýar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen däp-dessurlarynyň ynsanperwerlikden gelip çykýan ýörelgeleri durmuşyň ähli pursatlarynda biziň göwnümizi galkyndyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen, dostlukly Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda doganlyk halkyň myhmansöýerligi däp-dessurlarymyzyň ýakyndygyny, iki ýurduň birek-birege bolan sylag-hormatynyň ýokary derejesini ähli aýdyňlygy bilen görkezdi.
Ilkinji nobatda, Türkiýe Respublikasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýratyn bellemek gerek. Şunda gözbaşyny uzak geçmişden alyp gaýdýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklardan başlap, ykdysadyýetiň köp ugurlarynda özara bähbitli, netijeli, oňyn hyzmatdaşlygyň berk binýady goýuldy. Öňden gelýän dostluk, söwda we ynsanperwer gatnaşyklar, taryhy-medeni däpleriň umumylygy türkmen hem-de türk halklaryny has ýakynlaşdyrýar. Köp ýyllardan bäri Türkmenistan we Türkiýe dostlukly gatnaşyklarynda «Bir millet — iki döwlet» ýörelgesinden ugur alýarlar. Bu bolsa uzak möhletleýin netijeli gatnaşyklar üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary, köpýyllyk döwletara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine goşan uly şahsy goşandy üçin, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakyldy. Gahryman Arkadagymyz bu ýurda amala aşyran saparynyň çäklerinde, halkymyzyň asylly däbine görä, 70 ýaş ýubileýi mynasybetli türk Liderine türkmen milli içmegini sowgat berdi. Däp bolşy ýaly, içmek il içinde uly abraýdan peýdalanýan adamlara aýratyn hormatyň nyşany hökmünde gowşurylýar. Milli Liderimiziň türk Liderine şeýle sowgady gowşurmagy sylag-hormatyň hem-de iki dostlukly ýurduň taryhdan gaýdýan doganlyk gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde çuňňur mana eýe boldy. Ýadymyzda bolsa, döwlet Baştutanymyz hem geçen ýyl doganlyk ýurda sapary wagtynda Prezident Rejep Taýyp Ärdogana Gardaş atly türkmen alabaýyny sowgat beripdi. Türkmeniň gadymdan gelýän sazlaşykly ýaşaýyş ýörelgeleri esasynda döreden milli gymmatlyklarynyň häzirki zaman diplomatiýasynyň täsirli guraly, dostlukly gatnaşyklaryň ösüşinde birek-biregi, ýürekleri ýakynlaşdyryjy serişde bolup çykyş edýändigi guwandyryjydyr.
Döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hiline gazanylan ylalaşyklar esasynda baha berilýär. Hormatly Prezidentimiziň doganlyk ýurda amala aşyran saparynyň netijelerinde bilim, ylym, medeniýet, ykdysadyýet, ulag-aragatnaşyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek boýunça resminamalaryň ençemesine gol çekilipdi. Munuň özi türkmen-türk gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny has-da berkitdi.
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran sapary we Antalýa diplomatiýa forumynda eden taryhy çykyşy hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk nukdaýnazaryndan hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň, ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk jähetden garanyňda bolsa, döwlet Baştutanymyzyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynyň jemlerinden gelip çykýan wezipelere has-da işjeňlik, ygtybarlylyk, hyzmatdaşlyk üçin açyklyk şertlerini berkitdi. Milli Liderimiz saparynyň dowamynda türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy we geljegi uly bolan taslamalar boýunça pikir alyşdy. Bilşimiz ýaly, köp ýyllardan bäri türk kompaniýalary ýurdumyzda uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Şeýle-de gepleşikleriň dowamynda Türkiýä türkmen elektrik energiýasyny eksport etmek, dostlukly ýurda türkmen tebigy gazyny «swap» usuly arkaly ibermek bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama ýaly ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.
Gahryman Arkadagymyzyň üçünji Antalýa diplomatiýa forumyndaky çykyşynda ählumumy meseleleri çözmekde Türkmenistanyň ileri tutýan ýörelgelerini beýan etmeginiň, halkara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy babatda ylmy garaýyşlaryny öňe sürmeginiň döwrüň möhüm wezipeleri boýunça pikir alyşmakda örän ähmiýetli bolandygyny bellemek gerek. Milli Liderimiziň bu çykyşynda Birleşen Milletler Guramasynyň halkara gatnaşyklardaky taryhy ornuna ýokary ähmiýet berilýär. Hormatly Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, halkara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy biziň öňümizde diňe bir syýasy, ykdysady, hukuk babatda däl-de, eýsem, ahlak, adalatlylyk we abraý-mertebe gatnaşyklaryna degişli soraglary hem goýýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çuňňur ylmy we adalatly garaýyşlary bilen bu barada belläp, beýan edilen düşünjeleriň bitewülik häsiýetine ünsi çekdi. Şeýle hem syýasy howpsuzlygy, durnuklylygy, ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin, taryhy ornuna, ilatynyň sanyna, jemi içerki önüminiň möçberine, harby mümkinçiliklerine ýa-da tehnologik taýdan ösüş derejesine garamazdan, dünýäniň ähli halklaryny we döwletlerini bu işe doly çekmegiň zerurdygyny nygtady. Başgaça aýdylanda, birinjiden, ähli halklaryň özygtyýarly ýoluna, taryhy tejribesine, gazananlaryna hormat goýmak, olaryň bu soraglara deňhukukly gatnaşygyna ýol açmak, ählumumy jogapkärçiligi berkitmek ýaly parasatly başlangyçlary öňe sürdi. Şu babatda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň garaýşynyň berkdigi we aýdyňdygy barada ynamly bellemek bilen, bu soragyň diňe ählumumy tagallalar arkaly, halkara hukugyň ykrar edilen kadalary, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy esasynda çözülip bilinjekdigini we çözülmelidigini nygtady. Munuň özi Türkmenistanyň Milletler Bileleşiginiň jogapkärli agzasy hökmünde ählumumy maksatlara ýetmekde öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny, ýurduň Bitaraplygyny aýdyňlygy bilen subut edýär. Bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçilikleri bu wezipeleri ýerine ýetirmegiň esasy guraly hökmünde beýan edildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hemmeleriň bähbitlerine laýyk gelýän bitewi dialogy ýola goýmakda bu parahatçylyk söýüjilikli ýoluň şertleri üpjün etmegiň aýrylmaz bölegidigini ynamly bellemek bilen, bütin adamzadyň bähbitlerinden ugur alýan parasatly garaýyşlary beýan etdi.
Ikinjiden, munuň özi Türkmenistanyň halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň işine ýokary ähmiýet berip, onuň abraýyny berkitmek, halkara işlerinde netijeliligi gazanmak boýunça tagallalarynyň aýdyň we üýtgewsizdigini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň belent münberinden öňe süren Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek hakyndaky başlangyjy barada aýdyp, ýene bir ýola BMG-niň derejesindäki tagallalaryň möhüm taraplaryny hemmelere mälim etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şunda beýleki halkara düzümleriň we birleşikleriň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň güýçlendirilmelidigini bellemek bilen, halkara tagallalaryň netijeliligini artdyrmagyň wajyp jähetlerine ünsi çekdi.
Üçünjiden, Milli Liderimiz «Ählumumy howpsuzlyk strategiýasy» diýen düşünjede ösýän ýurtlaryň örän aýdyň täsirli ornuny görýändigini aýdyp, şol ýurtlaryň artýan syýasy orny we ähmiýeti, munuň bolsa yzygiderli hem-de oňyn ýagdaýdygy barada adalatly belledi.
Dördünjiden, Gahryman Arkadagymyz: «Bitaraplyk sagdyn we jogapkärli güýçler, döwletler ýa-da ýurtlaryň topary üçin garaýyşlaryň binýady bolup biler» diýmek bilen, ýüze çykýan soraglary çözmekde Türkmenistanyň oňyn hem işjeň Bitaraplygynyň hemmeler üçin amatly gural bolup hyzmat etmäge bolan taryhy tejribesiniň ähmiýetli tarapyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz BMG-niň çäginde Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmeginiň hem-de umumy bähbitlere hyzmat etmekde bitaraplygyň mümkinçilikleriniň ägirt uly ähmiýetli jähetleri barada durup geçdi.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleri bar. Bu ýörelgeler bu günki gün Türkmenistanyň Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özenini düzýär. Hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen eziz Watanymyz dünýäde asudalygy, parahatçylygy üpjün edýän gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly üstünliklere eýe bolýar. Bu günki gün döwletimiz sebitde gapma garşylyklaryň öňüni almakda, adam hukuklaryny goramakda we beýleki ugurlar boýunça umumadamzat bähbitli işleri, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmakda BMG-niň Merkezi Aziýadaky ygtybarly daýanjyna öwrüldi.
Bäşinjiden, Milli Liderimiz ýurdumyzyň Merkezi Aziýada ylalaşdyryjy merkez hökmündäki orny we sebitimiziň uly geljeginiň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýeti baradaky çuňňur manyly ylmy garaýyşlaryny beýan etdi. Şunda 2007-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde açylan Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işi uly ähmiýete eýedir. Alym Arkadagymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda: «Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagynyň özi türkmen bitaraplygynyň sebitleýin durnuklylygyň, parahatçylygyň we ösüşiň möhüm tarapy bolup çykyş edýändiginiň hemde ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr» diýip belläp geçýär. Milli Liderimiz tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň sebitdäki ygtybarly daýanjy hökmünde özüni görkezen bu merkeziň döredilmegi baradaky başlangyç bilen sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylygyň pugtalandyrylmagy we howpsuzlygyň üpjün edilmegi meseleleri boýunça düýpli taglymlar öňe sürüldi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şeýle hem geçiş ykdysadyýetli ýurtlaryň demografik, ylmy, serişde we geografik ýerleşişi bilen kesgitlenen mümkinçilikleriniň halkara derejede ähmiýetli ornunyň artmagy bilen bagly meseläni çuňňur esaslandyrmak arkaly orta atdy. Şunda, esasan, iki sany wajyp ugra, ýagny energetikany utgaşdyrmaga we ulaglaryň baglanyşygyna aýratyn üns berildi. Şonuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyz energetika hyzmatdaşlygy ulgamynda Türkmenistanyň strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi, ählumumy ulag infrastrukturasyny ösdürmekde we howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde başlangyçlarymyza ünsi çekdi. Şeýle-de ulag baglanyşygy babatda hem Türkmenistanyň düşnükli we adalatly garaýşy kemala getirmegiň zerurdygyndan ugur alýandygyny belledi.
Umuman, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň bu abraýly halkara forumdaky çykyşynda beýan edilen her bir jümlede Gahryman Arkadagymyzyň adam mertebesine goýýan uly hormaty, adam bähbitleriniň ileri tutulmagy ýaly çuňňur ynsanperwer garaýyşlary ýene bir ýola bütin aýdyňlygy bilen dünýä äşgär boldy. Bu pikirler halkara we sebit meseleleri babatda hem aýdylanlarda, parahatçylyk, howpsuzlyk, hyzmatdaşlygyň ugurlary hakynda beýan edilenlerde, ylmy-tehniki ösüş, ekologik ölçegler, ýaşlar syýasaty, zenanlar guramalarynyň gatnaşygy, parlamentara, medeni, sport, beýleki durmuşy maksatlar barada durlup geçilen her bir soragda öz delilini tapýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bütin dünýä üçin nusgalyk, ýagny ahlaklylyk, adalatlylyk we mertebe ýaly ynsan gymmatlyklaryny beýgeltmek bilen, halklaryň, döwletleriň, jemgyýetleriň her bir agzasy üçin ýokary jogapkärçilikli garaýşy emele getirmegiň paýhasly diplomatiýasynyň esasy ýörelgelerini orta atýar. Şu babatda Gahryman Arkadagymyz: «Diplomatiýanyň wezipesi, onuň manysy gepleşikleri geçirmekdir, ylalaşygy gözlemekdir, özara hyzmatdaşlygyň berk köprüsini gurmakdyr. Türkmenistanyň tagallalary şu ugurlara gönükdirilendir» diýip, ynamly aýtdy.
Milli Liderimiziň üçünji Antalýa diplomatiýa forumyndaky çykyşynyň taryhy, syýasy-diplomatik nukdaýnazardan halklary, ýurtlary ýakynlaşdyrmak ýaly belent wezipä hyzmat etmek bilen, döwlet gullukçylary, wekilçilikli edaralaryň agzalary, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri, syýasatşynaslar, hukukçylar, ykdysatçylar, diplomatlar, ylmy işgärler we beýlekiler üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hem paýhasly garaýyşlary özünde jemleýän gollanma öwrüljekdigine berk ynanýarys.
Parasatly taglymatlary, gözbaşyny ata-babalarymyzdan alyp gaýdýan asylly ýörelgeleri bilen döwletimizi, halkymyzy röwşen geljege alyp barýan, dünýäde Watanymyzyň at-abraýyny barha beýgeldýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!
Kasymguly BABAÝEW,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň
iş dolandyryjysy, Mejlisiň deputaty