​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
12.04.2024

KANUNÇYLYGYŇ DÖWREBAP UGURLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlarynda uly ösüşler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Durmuş, ykdysady we medeni meseleleriň üstünlikli çözülmegi her bir döwletiň baştutanlarynyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatyna, ykdysady kuwwatyna we kämil kanunçylygyna bagly bolup durýar. Şunda Türkmenistanyň kanunçylygy durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň, jemgyýetiň ähli agzalarynyň, ýagny raýatlaryň, kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň kanunalaýyk hereketleriniň üpjün edilmeginiň, kanunyň kadalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň hukuk binýadydyr. 

2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistanda adamyň we raýatyň Konstitusiýada hem-de kanunlarda kepillendirilen hukuklaryny, azatlyklaryny goramak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu işleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ýurduň kanun çykaryjy edarasynyň esasy wezipeleriniň biri bolmaly» diýip nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli parlamentiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlary bilen duşuşygynda eden maksatnamalaýyn çykyşy durmuşyň ähli meselelerini öz içine almak bilen, her bir ugurda öňde durýan wezipeleri, nazarlanýan ösüşleriň kanunçylyk esaslaryny kesgitledi. 

Elbetde, türkmen jemgyýetindäki ösüşler milli kanunçylygyň kämilleşmegi esasynda gazanylýar. Şeýle taryhy döwürde milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek maksady bilen, täze kanunlary kabul etmek hem-de hereket edýän kanunlary döwrebaplaşdyrmak ugrunda Türkmenistanyň Mejlisinde yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 30-njy martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahatynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan birnäçe kanunlaryň taslamalaryna garaldy we kabul edildi. 

Maslahatda ara alyp maslahatlaşylmaga birnäçe kanunlar bilen birlikde, Türkmenistanyň çäklerinde gidrometeorologik gözegçilikleriň globallygy, toplumlaýynlygy, ulgamlylygy we üznüksizligi berjaý etmek, daşky gurşawyň ýagdaýyna gözegçilikleri geçirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan tehnologiýalarynyň gidrometeorologik maglumatyny toplamagyň, işläp taýýarlamagyň, seljerme geçirmegiň, saklamagyň we peýdalanmagyň bitewüligini üpjün etmek, şeýle hem bu ugurda milli kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, «Gidrometeorologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Bu Kanunda gidrometeorologiýa maglumatlaryny peýdalanmagyň düzgünleri beýan edilýär. Esasy bellemeli zatlaryň biri hem Kanunda degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmeginiň göz öňünde tutulmagydyr. Olaryň kabul edilmegi bu pudakdaky işleriň döwrebap alnyp barylmagynda we täzeçil guralmagynda, gözegçilikler esasynda alynýan maglumatlaryň anyk we dogry bolmagynda hem-de degişli peýdalanyjylara wagtynda ýetirilmeginde oňyn netijesini berer. Şeýle hem Kanuna gidrometeorologiýa işi babatda hünärmenleri taýýarlamak, gidrometeorologiýa işini ygtyýarlandyrmak, maliýeleşdirmek, gidrometeorologiýa işi babatda jedelleri çözmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmak barada kadalar hem girizildi. Bu Kanun ýurdumyzda gidrometeorologiýa işiniň hukuk esaslaryny kesgitlemek bilen, döwlet häkimiýet edaralaryny, ýuridik we fiziki şahslary gidrometeorologiýa işi we tebigy gurşawyň ýagdaýy baradaky anyk maglumatlar bilen üpjün etmekde ýüze çykjak gatnaşyklary düzgünleşdirmekde döwrebap hukuk binýady bolup hyzmat eder. 

Geçirilen maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň birnäçesine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda kanunlaryň taslamalaryna hem garaldy. Bu kabul edilen kanunlaryň ählisi ýurdumyzyň mundan beýläk-de demokratik ýol bilen ynamly öňe gitmegini, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynyň okgunly ösmegini, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyny üpjün eder. 

Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri üstünlikli durmuşa ornaşdyrýan, ýurdumyzyň milli kanunçylygyny ösdürmekde uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!

 

 Jennet ÖWEKOWA,

 Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy