​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
20.09.2023

ROWAÇLYGA BESLENÝÄN IŞLER

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan ösüşiň täze belentliklerine barýar. Halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň biri-de il-ýurt bähbitli wajyp meseleleri maslahatlaşyp çözmekdir. Bu biziň milli däp-dessurymyzdyr. Bu asylly ýörelge häzirki wagtda dowam edýär.

 

 

 

Döwleti dolandyrmakda demokratik, adalatly jemgyýeti gurmak boýunça köp asyrlyk milli ýörelgäniň dowam edýändigi guwandyryjydyr. Häzirki wagtda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna hem-de Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlykly barylýar. Munuň özi biziň her birimizi buýsandyrýar hem-de durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmekde täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hem-de guramaçylykly geçirmek hakynda we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi hakynda Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararlaryna gol çekmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu resminamalara laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2023-nji ýylyn 24-nji sentýabrynda çagyrmak, ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek, guramaçylyk toparyny hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşini döretmek bellenildi. Halk Maslahatynyň bu mejlisiniň tutumly, döwletli, taryhy maslahat boljakdygyny ynamly aýtmak bolar. Muny ona ykjam taýýarlyk görmek boýunça bellenilen çäreler, alnyp barylýan işler doly tassyklaýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ykdysady wezipeleriň onyň çözgütlerini tapmak, bilim bermegiň. hünärmenleri taýýarlamagyň täze usullaryny ornaşdyrmak, saglygy goraýyş, derman senagaty pudagyny has- da ösdürmek, oba özgertmelerini işjeňleşdirmek, daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli alyp barmak möhüm wezipe hökmünde kesgitlendi. Hasabatlardyr maglumatlary seljermek, täze teklipleri hödürlemek möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Halk Maslahaty halkyň bähbitleriniň goragçysy hökmünde öz ornuny barha berkidýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşini döretmek baradaky Kararyň kabul edilmegi bizi has-da buýsandyrdy. Ata-babalarymyzdan miras galan milli ýörelgelere, däp-dessurlara laýyklykda, häzirki döwürde ýaşululara goýulýan hormat-sarpa barha dabaralanýar. Ýaşulularyň jemgyýetdäki ornunyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, olaryň döwlet durmuşyndaky möhüm çärelere işjeň çekilmegi ýurdumyzyň döredijilik kuwwatynyň artmagynda, ýaş nesilleriň watançylyk, agzybirlik, halallyk ruhunda terbiýelenmeginde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Biz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary hökmünde ilat arasynda taryhy özgertmeler bilen baglanyşykly wagyz-nesihat işlerini yzygiderli alyp barýarys.

Goý, mähriban halkymyza bagtyýar durmuşy peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Ogulşat DURDYMEDOWA.

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.