Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Türkmen ýaşlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň abraýyny barha belentliklere götermek ugrunda yhlasly okaýarlar, zähmet çekýärler, ylymda, bilimde, sportda, döredijiligiň dürli ugurlarynda uly üstünlikleri gazanýarlar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet ýaşlar syýasatynyň miweleri bolup, biziň her birimizi, şol sanda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ähli işjeň agzalaryny buýsandyrýar, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Şoňa görä-de, üstümizdäki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlarymyzyň gazanýan üstünliklerine gysgaça nazar aýlamagy makul bildik.
Döwlet Baştutanymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir. Olar ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydyr. Şeýle belent adamkärçilik sypatlary bilen Watanymyzyň, türkmen halkynyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermelidirler» diýip belleýär. Bu jümleler, bildirilen beýik ynam türkmen ýaşlarynyň öňünde uly jogapkärçilikli wezipeleri goýýar. Şol wezipeleriň maksadalaýyk ýerine ýetirilmeginde, ýaşlary jemgyýetçilik durmuşyna, ylmyň ilkinji gözleglerine, döredijilik ýoluna, sportuň şanly menzillerine atarmakda ylym-bilim edaralary bilen bir hatarda jemgyýetçilik guramalaryna, aýratyn-da, biziň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramamyza uly orun degişlidir. Şoňa görä-de, biz — guramamyzyň agzybir işgärleri hem-de işjeň agzalary bolup, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarlarymyzdan ugur alyp, dürli ugurlara degişli bäsleşikleri, ýaryşlary, medeni-köpçülikleýin, wagyz-nesihat häsiýetli çäreleri yzygiderli guraýarys we geçirýäris.
Şol çäreler arkaly ýaşlarymyzyň dürli ugurlarda gazanýan ýurt we halkara derejelerdäki üstünliklerini dowamly wagyz edýäris. Çünki hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, gowy zatlar, il-halka ähmiýetli zatlar paýlaşyldygyça, olaryň berekedi artmak bilen bolýar. Şeýle paýhasly pikirden ugur alsak, häzirki wagtda türkmenistanly ýaş türgenler iri halkara ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezýärler, ata Watanymyzyň ýaşyl tuguny asmanda parladýarlar. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlaryň bedenterbiýä we sporta barha höweslenýändigini görkezmek bilen, oňa 7-nji aprelde — Bütindünýä saglyk gününiň ýurdumyzda uly dabaralar bilen bellenen gününde nobatdaky gezek göz ýetirmek mümkin boldy.
Ilki bilen, şol gün paýtagtymyzda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilendigini, oňa-da dürli kärdäki raýatlar bilen birlikde, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde we Döwletliler köşgünde terbiýelenýänleriň, mekdep okuwçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň işjeň gatnaşandygyny bellemek gerek. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça şol gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda ýurdumyzyň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, altyn medallary gazanan türgenlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň diňe birinji çärýeginde türkmen türgenleri halkara sport ýaryşlarynda jemi 97, şol sanda 34 altyn, 29 kümüş, 34 sany bürünç medala mynasyp boldular. Dabaranyň dowamynda ýaş türgenler Watanymyzyň adyndan wekilçilik etmegiň özleri üçin belent mertebedigini, ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň gazanýan üstünlikleriniň döwlet Baştutanymyzyň bedenterbiýe hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmäge berýän ägirt uly ünsüniň, Milli Liderimiziň gurduran, iň täze enjamlar bilen üpjün edilen sport toplumlarynda, hususan-da, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynda geçirilen türgenleşikleriň miwesidigini bellediler.
Dogrudan-da, ýurdumyzda sporty ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Ähli sebitlerde zerur enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman sport-sagaldyş we atçylyk sport toplumlary, köpugurly stadionlar, sport mekdepleri, beýleki ugurdaş desgalar guruldy. Mundan başga-da, paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ýöriteleşdirilen lukmançylyk, sagaldyş hem-de anyklaýyş merkezleri gurlup ulanmaga berildi. Şeýle binýatlaýyn esasda halkara ölçeglere laýyk gelýän öňdebaryjy sport-sagaldyş ulgamyny döretmekde uly üstünlikler gazanyldy. Muňa anyk mysallaryň biri hökmünde täzeçil çözgütler esasynda gurlan Arkadag şäherini görkezmek bolar. Bu şäherde köpugurly sport toplumy, suw sport toplumy, 10 müň orunlyk stadion gurlup, ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi döredildi.
Aýratyn bellemeli zat, geçen ýylda Arkadag şäheriniň futbol toparynyň döredilmegi Diýarymyzyň sport durmuşynda möhüm ähmiýetli waka boldy. Bu ýerde sportuň Türkmenistanda meşhur bolan dürli görnüşlerini, şol sanda futboly hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin giň mümkinçilikler bar. Eýýäm ilkinji ýyldan «Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň Kubogyny gazandy. Şoňa görä-de, sport ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hasaplanylýar. Sebäbi türgenlerimiz dost-doganlygyň we parahatçylygyň ilçileridir. Olar öz ussatlyklary, ýeňşe bolan erk-islegleri bilen ýokary hoşniýetlilik taglymlaryny berkarar edýärler.
Esasy bellemeli zat, sport äleminde uly sepgitleri nazarlamak bilen birlikde, türkmen ýaşlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ylym netijeli ösüşleriň esasy çeşmesidir, täze açyşlara ruhlandyrýan güýçdür. Eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny artdyrmak biziň baş maksatlarymyzyň biri bolup durýar. Şunda aýdyň maksatlary we meýilnamalary özlerine ýörelge edinen ýaş alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanýan döredijilik üstünlikleri, ylmy açyşlary döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar» diýen parasatly sözlerini özlerine nusga edinip, ylmyň dürli ugurlary boýunça ylmy gözlegleri alyp barýarlar. Şu jähetden, ylma höwesli ýaşlaryň ilkinji ädimlerini höweslendirmek, olary ylma çekmek, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmek esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Şeýle möhüm wezipeleri oňyn çözmekde her ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşige aýratyn orun degişlidir. Nesip bolsa, şu ýylda hem ýaşlarymyz bu bäsleşik arkaly ylmyň ileri tutulýan nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; innowasiýa ykdysadyýeti; ynsanperwer ylymlary ýaly ugurlary boýunça täzeçil garaýyşly, döwrebap hem-de amaly ähmiýetli işleri bilen ata Watanymyzyň ylmy binýadynyň pugtalanmagyna öz saldamly goşantlaryny goşarlar.
* * *
Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle rowaýat beýan edilýär: «Rowaýatlara görä, akyldarlaryň biri: «Haýsy daragt has köp wagtlap hasyl berýär?» diýip sorapdyr. Şägirtleriniň hersi bir pikiri orta oklapdyr, ýöne jogaplaryň hiç biri akyldary kanagatlandyrmandyr. «Iň bereketli hasyl diňe nesil daragtynda bolar. Sowatly, terbiýeli, düşünjeli bir nesil ýetişdirip bilsek, halkyň onlarça asyrlyk bagtly ykbalyny kepillendirdigimizdir. Sowatly nesil geljegi sowgatly halkdyr» diýip, akyldar jogap beripdir». Rowaýatda beýan edilişi ýaly, özümizden soňa müdimilik galjak miras, dowamat-dowamymyz ýetişdiren nesillerimizdir. Şoňa görä-de, ýokarda belläp geçişimiz ýaly, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaşlar baradaky alada döwletimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Bu aladalaryň miwelerini bolsa biz ýaşlarymyzyň sportda, ylymda we beýleki dürli ugurlarda ýurt hem-de halkara derejelerindäki uly üstünlikleriniň mysalynda aýdyň görýäris. Diýmek, biz bu günki kämillige ymtylýan gujurly, sowatly, pikirlenip bilýän nesillerimiz bilen beýik geljegimizi gurýarys, ata Watanymyzyň ösüşlerini dowamat-dowama atarýarys.
Ýazpolat KERIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy,
Mejlisiň deputaty.