Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny barha pugtalandyrýan ýurdumyzyň at-abraýy dünýä dolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda alnyp barylýan içeri we daşary syýasat parahatçylygy, howpsuzlygy, sebitleýin hem-de ählumumy möçberdäki durnuklylygy üpjün etmekde ileri tutulýan maksatlary we wezipeleri özünde jemleýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä ýurtlary bilen dostlukly hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar. Şeýle-de, halkara gatnaşyklar ulgamynda oňyn teklipleri, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýän ýurt hökmünde tanalýar. Dünýäde ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, halklaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda döwletimiziň öňe sürýän teklipleriniň jahan içre ykrar edilýändigine bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirdik. Bu Kararnamanyň kabul edilmegi kalbymyza egsilmez şatlyk paýlap, göwünlerimizi galkyndyrdy, ata Watanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dünýä nusgalyk ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjymyzy, guwanjymyzy has-da artdyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge, energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň üýtgemegi ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär hem-de dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmek arkaly umumadamzat ösüşini üpjün etmekde köpugurly diplomatiýanyň netijeli gurallaryny ulanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze taryhy döwrümizde öňe sürýän başlangyçlarynyň esasynda ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň barha ösdürilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Türkmenistan Ýer ýüzünde asudalygyň, abadançylygyň, agzybirligiň nusgasy bolup, parahatçylyk söýüji we ylalaşdyryjy merkez hökmünde ykrar edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy bolup dabaralandy. Hoşniýetli halkara hyzmatdaşlygyny, özara bähbitli dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge möhüm ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň bütin adamzadyň abadan, bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin amala aşyrýan dünýä nusgalyk işleri bolsa biziň her birimizi buýsandyrýar, guwandyrýar.
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň baş hünärmeni.