Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Ylmyň we tehnikanyň yzygiderli ösüşi, energiýa serişdeleriniň juda köp ulanylmagynyň täsiri ekologik abadançylygy üpjün etmekde kynçylyklary döredýär. Howa bilen bagly ýüze çykýan hadysalaryň garşysyna göreşmek we olaryň öňüni almak meselesi dünýä döwletleriniň, halkara guramalaryň tagallalaryny birleşdirilmeginiň zerurdygyny aýdyň görkezýär. Çünki Ýer ýüzünde howanyň üýtgemegi ählumumy derejede kesgitli çözgütleri talap edýän çagyryş bolup, her bir döwletiň ykdysadyýetinden başlap, saglygy goraýyş ulgamynda, azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde öňde durýan wezipelerine-de öz täsirini ýetirýär. Bu babatda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler hem adamzadyň geljegine jogapkärçilikli çemeleşmek ýaly asylly maksada gönükdirilendir.
Dünýäniň ekologiýa ulgamynyň hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän halkara ylalaşyklaryň kadalarynda oňa gatnaşyjylar tebigatdan rejeli peýdalanmagyň we ony goramagyň obýektlerini (ýer suw serişdeleri, tebigy baýlyklar, tokaýlar, ösümlik, haýwanat dünýäsi, Ýeriň atmosferasy, kosmiki giňişlik we beýlekileri) kesgitlediler. Şular bilen birlikde, döwrüň talabyna görä, köptaraply, ýagny yklymlaryň aýratynlyklaryny nazara almak arkaly, sebitleýin, halkara hukuk resminamalary kabul edilýär. Ekologiýa babatda dünýäde ýüze çykan tebigy wehimleri ara alyp maslahatlaşmak, daşky gurşawy zyýanly täsirlerden goramak boýunça bilelikdäki ylalaşykly çözgütleri işläp taýýarlamak we kabul etmek maksady bilen, döwletleriň, aýratynda, Birleşen Milletler Guramasynyň teklibi esasynda köptaraplaýyn hem-de sebitleýin halkara maslahatlar geçirilýär. 1972-nji ýylyň iýunynda taryhda ilkinji gezek adamyň daşky gurşawynyň meseleleri boýunça BMG-niň Stokgolm maslahatynyň guralmagy we onda ara alnyp maslahatlaşmalaryň ählumumy häsiýetde işjeň geçmegi ekologik meseleleri dünýä derejesinde çözmegiň ähmiýetini has-da artdyrdy. Maslahatyň çäklerinde kabul edilen «Adamyň daşky gurşawynyň meseleleri boýunça» Jarnama hem-de degişli meýilnama döwletleriň köpüsiniň ekologiýa babatda milli kanunçylygynyň binýadyny berkidip, olaryň ösüş ugurlaryny kesgitlemäge, daşky gurşawy goramak boýunça halkara şertnamalary işläp taýýarlamaga düýpli täsirini ýetirdi.
Stokgolm maslahatynda döwletleriň daşky gurşawy goramak boýunça meýilnamalaýyn hereketlerini ugrukdyrýan, bu ugurda halkara ylalaşyklaryň taslamalaryny işläp taýýarlamaga ýardam berýän BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasyny (ÝUNEP) döretmek hakynda çözgüt kabul edildi. Bu düzümiň esasy wezipesi ekologik abadançylyga howp salmazdan, häzirki we geljek nesilleriň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmakdan ybaratdyr. Şeýlelikde, halkara kadalaryň täsiridir teklipler esasynda, halkara hyzmatdaşlygyň hem-de her bir döwletiň çäginde tebigaty goramak wezipelerini amala aşyrýan edaralar we guramalar döredilip, daşky gurşawy goramak boýunça milli kanunçylyk ulgamynyň binýady berkidildi.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi hem ýurdumyzyň aýratyn goralýan tebigy ýerlerine gözegçiligi amala aşyrmak we ýurduň çäginde ekologik abadançylygy berkitmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňligini gazanmak boýunça möhüm işleri durmuşa geçirýär. Tebigy gurşawy we onuň serişdelerini abat saklamaga, yzygiderli dikeltmäge gönükdirilýän döwletara gatnaşyklaryň jemini düzýän halkara ekologiýa hukugy boýunça hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň daşary syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda döwletimiz Pariž ylalaşygyna esaslanyp, BMG-niň goldaw bermeginde daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça halkara hukuk binýadyny ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga girişmegiň ähmiýetini nygtaýar. Şol bir wagtda, bu meseleler boýunça sebitde özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň dekabrynda Dubaýda geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (СOP28) eden çykyşynda belleýşi ýaly, jogapkärli döwlet hökmünde Türkmenistan halkara we milli derejede maksada okgunly işi dowam etdirmegiň zerurdygyna düşünýär. Şol iş bolsa howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmekde mundan beýläkde ösüşi üpjün etmäge ýardam berer. Metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara tagallalara goşant goşmak ýurdumyzyň aýratyn ünsde saklaýan meseleleriniň hatarynda durýar. Şoňa göräde, döwlet Baştutanymyz «СOP28» maslahatynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Munuň özi ýurdumyzda ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan senagatyň daşky gurşawa we adam saglygyna zyýanly täsiriniň öňüni almaga, daşky gurşawa zyňyndylaryň möçberini peseltmäge, howanyň üýtgemegine garşy gönükdirilen wezipeleri çözmegiň işjeň häsiýetini gazanmakda uly ähmiýete eýedir. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, geljekde energetika pudagyny innowasion esasda ösdürmekde ulanyljak täze tehnologiýalaryň ekologik taýdan howpsuzlygyna, arassalygyna we energiýa serişdeleriniň netijeli hem-de tygşytly peýdalanylmagyna aýratyn üns berler.
Umuman, ilatyň ekologiýa we ykdysady bähbitlerini ylmy taýdan esaslandyryp utgaşdyrmak, ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna az galyndyly, galyndysyz tehnologiýalary ornaşdyrmakda ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny peýdalanmak, galyndylaryň mukdaryny azaltmak üçin çig mal serişdeleriniň toplumlaýyn gaýtadan işlenilmegini ýola goýmak, önümçilik hem-de hojalyk işlerinde galyndylary iň pes derejä çenli düşürmek, bu babatdaky işleri ykdysady taýdan düzgünleşdirmek wajyp wezipe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň häzirki zamanyň möhüm ekologik meselelerini netijeli çözmegi gazanmak, munuň üçin döwletleriň tagallalaryny bir maksada gönükdirmek bilen bagly öňe sürýän başlangyçlary Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek işini çaltlandyrmaga mynasyp goşantdyr.
Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň hünärmeni