​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
18.04.2024

DÖWREBAP ÖZGERTMELER HALKYŇ BÄHBIDINEDIR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwlet derejesinde alnyp barylýan beýik işler buýsanjyňa buýsanç goşýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň barha artýan halkara abraýynyň gözbaşynda gije-gündiz öz halkynyň bagtyýar geljeginiň aladasyny edýän döwlet Baştutanymyz durýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygarlarynyň döwrebap many-mazmun bilen baýlaşýandygyna şaýatlyk edýär. 

Bu bolsa ýurdumyzda her bir raýatyň, döwletiň we jemgyýetiň bähbidine öňe sürülýän başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine aýdyň mysaldyr. Aýratyn bellemeli zatlaryň biride, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam edýän syýasatyň esasy ugry hökmünde döwletimizde ýaşlar syýasaty üstünlikli alnyp barylýar. Bu günki günde ýaşlaryň bilimleri ele almaklary, dünýä garaýyşlaryny giňeltmekleri, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary, döredijilikli işlemekleri üçin ähli tagallalar durmuşa ornaşdyrylýar. 

Döwletimiziň her bir raýatynyň bagtyýar geljegi ugrunda ýurdumyzda demokratik özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Ýakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahaty geçirildi. 

Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe möhüm kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna garaldy. Maslahatda «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, «Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Ýer hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Weterinariýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Kanunlaryň taslamalaryna garaldy. 

Bu günki gün halkymyzy baky bagtyýarlygyň saýasynda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

 

Maksat JANMYRADOW. 

TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty