​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
20.04.2024

TÜRKMENISTAN — BMG: DURMUŞ-YKDYSADY HYZMATDAŞLYK

 

Häzirki wagtda ýurdumyz bilen dünýäniň köp döwletleriniň arasynda durnukly, ygtybarly gatnaşyklar ýola goýuldy. Birleşen Milletler Guramasynyň hemmetaraplaýyn ylalaşdyryjylyk hereketiniň maksatnamalarynyň işjeň ugrukdyryjysy hökmünde döwletimiziň abraýy has-da artdy. Bu günki gün Türkmenistanyň ählumumy ekologiýa we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, yklym derejeli ulag-üstaşyr geçelgelerini we logistika merkezlerini ösdürmek, ykdysady gatnaşyklarda, ynsanperwer meselelerde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak başlangyçlary giňden ykrar edilýär. Muňa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisiniň dowamynda geçirilen saýlawlaryň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanylmagy aýdyň mysaldyr. 

2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistan 2022-2024-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň (BMG — Zenanlar) agzalygyna saýlandy. Şeýle hem Şweýsariýa Konfedera­si­ýa­sy­nyň Ženewa şä­he­rin­de ge­çi­ri­len BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (ÝYK) 69-njy mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bu guramanyň 2021-2023-nji ýyllar döwri üçin wise-başlyklygyna biragyzdan saýlandy. Bu wakalar Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän halkara hyzmatdaşlygy berkitmek babatda amala aşyrylýan öňden görüjilikli daşary syýasata berlen ýokary bahadyr. 

Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşi 50-den gowrak agza döwletden düzülip, olar Baş Assambleýa tarapyndan üç ýyl möhlete saýlanylýar. EKOSOS-yň işiniň netijeli durmuşa geçirilmegine döwletimiz köp ýyllaryň dowamynda işjeň gatnaşyp gelýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenip taýýarlanylan hem-de ýokary görkezijileri bilen özüniň netijeliligini subut eden milli ösüşiň nusgasy dünýä bileleşiginiň ünsüni çekýär. Çünki ýurdumyz özüniň tejribesi, göreldesi bilen bütin Ýer ýüzüniň halklarynyň ylalaşykly we parahatçylykly ýaşamagyna, hyzmatdaşlyk etmegine goşant goşýan döwlete öwrüldi. Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Durmuş ösüşi komissiýasynyň agzalygyna nobatdaky gezek saýlanylmagy häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamakda, sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen umumy tagallalary utgaşdyrmakda möhüm orun eýeleýän ýurdumyzyň daşary syýasy işiniň Dünýä bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldaw tapýandygyny alamatlandyrýar. Ýurdumyzyň günsaýyn gerimi giňeýän köptaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyklary yzygiderlilik, ahyrky netije üçin garaýyşlaryň we ýörelgeleriň meňzeşligi esasynda alnyp barylýar. Bu Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynda we Bitarap Türkmenistanyň 2022-2028-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasynda öz beýanyny tapdy. BMG-niň pudaklaýyn edaralary bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän bu resminama Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilip, hyzmatdaşlygyň giň meýdanyny öz içine alýar. 

Ýurdumyzda durmuş-ykdysady ugurlarda ilatyň ýaşaýyş-durmuş abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen ynsanperwer işler durnukly ykdysady ösüşi gazanmagy nazarlaýar. Ýaşaýşyň mynasyp derejesiniň esasy ölçegleri hökmünde iş ýerlerini döretmek, ilatyň gazanç etmegi üçin şertleri üpjün etmek, köp çagaly maşgalalara we döwletiň kömegine mätäçlere hemaýat bermek ýurdumyzyň durmuş syýasatynyň wajyp ugurlarydyr. Türkmenistanyň hoşmeýilli daşary syýasatyny dabaralandyrýan, halkymyzyň parahat we abadan durmuşynyň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri elmydama üstünliklere beslensin! 

 

Merjen BORJAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni.