​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
25.04.2024

HEŇŇAMLARYŇ JÜMMÜŞINE SYÝAHAT

 

Taryhy şahsyýetlerimiziň tirsegine galdyrylyp, däp-dessurlarymyzyň, milli gymmatlyklarymyzyň dünýä ýaýylýan zamanasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eziz halkymyza sowgat eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby her birimiziň ylham çeşmämize öwrüldi. 

Hormatly Prezidentimiziň bu kitabynda ata Watanymyza arşy-agladan nuruň ýagandygy, dünýäni ýagtyltjak pikir-taglymatlaryň beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýändigi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda ýurdumyzda bolup geçýän wakalaryň dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýändigi bellenilýär. Şeýle hem müňýyllyklary öz içine alýan gadymy Änewiň birnäçe dünýä medeniýetleriniň emele gelmegine ýetiren täsiri baradaky taryhy maglumatlar getirilýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik ýol-ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän, Milli Liderimiziň pikir-taglymatlaryna eýerýän hormatly Prezidentimiziň bu kitabynda «Dünýäniň iň uly genji-hazynalarynyň biri — pikir» diýip belleýşi ýaly, çuňňur oýlanyşykly pikir ýöretmeleriň esasynda ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän halkara başlangyçlar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldanylýar. Täze taryhy döwrümizde bolup geçýän wakalar parahatçylyga we özara ynanyşmaklyga gönükdirilen taglymatdan gözbaş alýar. Aslynda, bu jaýdar jümleleriň özeninde geçmişiň wakalary hem-de şöhratly pederlerimiziň «Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr!» diýen danalyga ýugrulan tejribe ýoly ýatyr. Hormatly Prezidentimiziň bu kitabynda Gahryman Arkadagymyzyň döwletiň, halkyň ykbalyna dahylly zatlarda ownuk mesele diýen zat bolmaýandygy, her bir işe juda jogapkärçilikli çemeleşilmelidigi, halkyň bähbidine gönükdirilen meseleleriň her biriniň möhümdigi bilen bagly öwüt-ündewlerine salgylanmagy Milli Liderimiziň watansöýüjiliginiň, milletimiziň döredijilik ýoluna hormat-sarpasynyň näderejede beýikdiginiň aýdyň şöhlelenmesidir. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny okanyňda, bu ajaýyp eseriň müň ýyllyklaryň taryhy gatlaryny açyp görkezýän, täsirliligi bilen okyjynyň kalbyna nagyş çekýän, ylmy düşünjeleri we ýiti zehinli pähim-paýhasy bilen hakydalarda müdimilik orun alýan parasada eýedigine ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. Şeýle hem Änew medeniýetiniň, ekerançylygynyň we binagärliginiň milli nusgasynyň gadymy kökleri, ata-babalarymyzyň şöhratly ýoly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özgertmelerinde aýdyň şöhlelenýär. Türkmen halkynyň, hususan-da, Änew topragynyň şöhratly geçmişi, şanly şu günümiz hem-de nurana geljegimiz barada söz açýan bu kitap ählimiziň ýan kitabymyza, ajaýyp gollanmamyza öwrüldi. 

Şan-şöhratly taryhymyzy, milli medeniýetimizi, sungatymyzy äleme ýaýýan, halkymyzyň at-abraýyny tutuş dünýäde dabaralandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher zehininden döreýän şeýle eserleriniň höwri köp bolsun! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! 

 

Amangeldi HEZZIÝEW,

 welaýat häkimliginiň baş hünärmeni, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.