​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
25.04.2024

ŞÖHRATLY GEÇMIŞDEN ŞANLY GELJEGE

 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy halkymyza ajaýyp sowgat boldy. Her bir halk özüniň taryhy bilen şöhratlanýar, türkmen halkynyň baý taryhy bolsa häzirki döwrümizde döwletimize şan-şöhrat, halkymyza uly abraý getirýär. Türkmeniň taryhyny anyk maglumatlar esasynda çeper dilde beýan edýän bu täze kitapda diňe bir Änew medeniýeti barada söz açylmak bilen çäklenilmän, halkymyzyň durmuşy, asyrlaryň dowamynda gazananlary, zähmetsöýerligi, paýhaslylygy, sungaty hem öz beýanyny tapýar. 

Täze kitap döwlet Baştutanymyzyň geçmişimize bolan sarpasynyň, söýgi-buýsanjynyň alamaty bolmak bilen, ol her bir okyjy üçin halkymyzyň, ýurdumyzyň taryhyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir. Änew medeniýeti ylmy esasda öwrenilmäge juda mynasypdyr. Sebäbi orta asyrlarda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Änew galasy gülläp ösen şäherçä öwrülip, ol häzirki döwürde-de meşhur, täsinlige baý künjek hasaplanýar. Täze kitap hem Änew ýaly gadymy ojagy goýnunda jemleýän Türkmenistan döwletiniň müňýyllyklaryň dowamynda geçen menzillerinden, döwlet gurmagyň nusgasyny görkezen ata-babalarymyzyň agzybirlik taglymatyndan söz açýar. 

«Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndaky: «Eziz Watanyň, Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň, berkarar döwletiň gadyr-gymmatyna düşünýän halk beýik halkdyr. Biziň halkymyz başarnykly halkdyr. Biz halkymyz bilen bilelikde beýik işleri bitirmäge ukyplydyrys» diýen ganatly sözleri hormatly Prezidentimiziň öz halkyna bolan söýgi-buýsanjynyň, belent ynamynyň beýanydyr. Milli ýörelgelerimize esaslanýan halk demokratiýasynyň giňden dabaralanýan zamanasynda öz halkyna daýanyp, bedew batly gadamlar bilen öňe barýan ýurdumyzyň beýik geljegini gurýan hormatly Prezidentimiziň döwet-galamyndan çykan ajaýyp eserleri agzybirlige we watanperwerlige özboluşly çagyryşdyr. 

 

Annabagt Ma­ýewa, 

welaýat Baş bilim müdirliginiň esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.