​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
30.04.2024

SAGDYN ÝAŞAÝYŞ ŞERTLERINIŇ GORAGYNDA

 

Ýurdumyzda täze ekologik dünýägaraýşy emele getirmek, ekologiýa diplomatiýasyny ilerletmek, «ýaşyl» ykdysadyýetiň standartlaryny ornaşdyrmak, bu ulgamda kadalaşdyryjy hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, netijeli başlangyçlar durmuşa geçirilýär, halkara borçnamalary we milli hukuk namalaryny ýerine ýetirmäge aýratyn üns berilýär. Ýurtda sebit we dünýä derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda edilýän işler ekologiýa syýasatynyň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. Daşky gurşawy goramaga gönükdirilen işleri kanun taýdan berkitmek üçin degişli hukuk namalaryny kabul etmek zerur bolup durýar. 

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda: «Her bir adamyň jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata we ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy bet bagtçylyk netijesinde saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr. Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýär. Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr» diýlip bellenilýär. Häzirki wagtda Konstitusiýamyzdan gözbaş alýan Howa kodeksi, «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasy», Milli tokaý maksatnamasy hereket edýär. Olaryň täze döwrebap kanunlar bilen üstüniň ýetirilip durulmagy ähmiýeti örän uly möhüm çärelerdir. 

2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistanda adamyň we raýatyň Konstitusiýada hem-de kanunlarda kepillendirilen hukuklaryny, azatlyklaryny goramak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu işleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ýurduň kanunçykaryjy edarasynyň esasy wezipeleriniň biri bolmaly» diýip nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz milli parlamentiň deputatlary bilen duşuşygynda eden maksatnamalaýyn çykyşynda öňde durýan belent maksatlary nazarlaýan işleriň kanunçylyk esaslaryny kesgitlemegiň, jemgyýetçilik ösüşini gazanmagyň aýdyň ýoluny salgy berdi. 

Ajaýyp üstünliklere beslenýän täze taryhy döwürde milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek maksady bilen, täze kanunlary kabul etmek hem-de hereket edýän kanunlary döwrebaplaşdyrmak ugrunda Mejlisde yzygiderli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň 30-njy martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahatynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan birnäçe kanunlaryň taslamalaryna garaldy we olar kabul edildi. Maslahatda birnäçe kanunlar bilen birlikde, «Gidrometeorologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem kabul edildi. Bu Kanun V bapdan we 27 maddadan ybarat bolup, onda ulanylýan düşünjelere anyk kesgitlemeler berildi. Olara gidrologiýa, meteorologiýa, gidrometeorologiýa işi, gidrometeorologiýa gözegçilikleri, gidrometeorologiýa gözegçilikleriniň ulgamy, gidrometeorologiýa maglumatlary, umumy maksatly gidrometeorologiýa maglumatlary, ýöriteleşdirilen gidrometeorologiýa maglumatlary, gyssagly gidrometeorologiýa maglumatlary, göçme gidrometeorologiýa gözegçilik nokady ýaly düşünjeler degişlidir.

 Bu Kanun ýurdumyzyň çäginde gidrometeorologiýa gözegçilikleriniň globallygyny, toplumlaýynlygyny, ulgamlylygyny we üznüksizligini berjaý etmäge, daşky gurşawyň ýagdaýyna gözegçilikleri geçirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan tehnologiýalarynyň gidrometeorologik maglumatyny toplamagyň, işläp taýýarlamagyň, seljerme geçirmegiň, saklamagyň we peýdalanmagyň bitewüligini üpjün etmäge, şeýle hem bu ugurda milli kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir. Kanunda gidrometeorologiýa maglumatlaryny peýdalanmagyň düzgünleri beýan edilýär. Esasy bellemeli zatlaryň biri hem Kanunda degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmeginiň göz öňünde tutulmagydyr. Olaryň kabul edilmegi bu ulgamdaky işleriň döwrebap alnyp barylmagynda we täzeçil guralmagynda, gözegçilikler esasynda alynýan maglumatlaryň anyk we dogry bolmagynda hem-de degişli peýdalanyjylara wagtynda ýetirilmeginde oňyn netijesini berer. Kanuna gidrometeorologiýa işi babatda hünärmenleri taýýarlamak, gidrometeorologiýa işini ygtyýarlandyrmak, maliýeleşdirmek, gidrometeorologiýa işi babatda jedelleri çözmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmak barada kadalar hem girizildi. Kanun ýurdumyzda gidrometeorologiýa işiniň hukuk esaslaryny kesgitlemek bilen, döwlet häkimiýet edaralaryny, ýuridik we fiziki şahslary gidrometeorologiýa işi we tebigy gurşawyň ýagdaýy baradaky anyk maglumatlar bilen üpjün etmekde ýüze çykjak gatnaşyklary düzgünleşdirmekde döwrebap hukuk binýady bolup hyzmat eder. 

Umuman, Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahatynyň dowamynda kabul edilen kanunlaryň ählisi ýurdumyzyň mundan beýläk-de demokratik ýol bilen ynamly öňe gitmegini, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynyň okgunly ösmegini, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyny üpjün eder. 

 

Serdar GAÝYPOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy 

goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat 

toplumy baradaky komitetiniň başlygy.