​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
02.05.2024

ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ BÄHBIDINE

 

Häzirki zaman dünýäsiniň gün tertibinde parahatçylygy üpjün etmek ählumumy mesele bolup, döwletleriň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygynda özara düşünişmek arkaly tagallalaryny birleşdirmeklerini talap edýär. Şunda halklaryň bitewüligini ynsanperwer gatnaşyklar, parahatçylyk söýüjilik medeniýeti hasyl edýär. 

Zandynda dünýä halklary bilen ylalaşykly ýaşamak, özgelere hoşniýetli garamak ýaly häsiýetler jemlenen halkymyz birek-birege ynanyşmak, gapma-garşylyklary parahatçylykly ýollar, ýagny gepleşikler arkaly çözmek ýörelgesine ygrarly bolmagynda galýar. Şonuň üçin-de ata-babalarymyz parahatçylygy gazanmak medeniýetiniň mazmunyny kämilleşdirip, türkmen Bitaraplygynyň berk binýadyny emele getiripdirler. Islendik çylşyrymly meselede türkmen Bitaraplygynyň parahatçylyk söýüjiligi çelgi edinen maksatlarynyň syýasy jedellerde, düşünişmezliklerde, döwletleriň birek-birege garşy ulanýan hukuk taýdan gadaganlyklaryndan ýa-da ýaragly güýçlerinden rüstemdigi, onuň parasada, adamzadyň abadançylygyna gulluk etmäge daýanýandygy biziň günlerimizde hem nusgalyk mysala öwrüldi. 

Ministrler Kabinetiniň 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylýandygy hakynda Kararnamanyň kabul edilendigi barada hoş habar aýdyldy. Kararnamanyň kabul edilmegi dialog arkaly parahatçylygy berkitmegi nobatdaky gezek öňe sürýän Türkmenistanyň başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan biragyzdan ykrar edilýändigini ýene bir ýola äşgär etdi. Täze taryhy eýýamda türkmen Bitaraplygynyň nusgasynda parahatçylygyň kepili, ynanyşmagy berkitmegiň, ählumumy çylşyrymly meselelerde ylalaşygy gazanmagyň guraly hökmünde işjeň we netijeli dialogy alyp barmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi ýurtlaryň özbaşdaklygyny, adam hukuklaryny hormatlamak, durnukly ösüşi goldamak ýaly gymmatlyklarydyr maksatlary ilerletmekde-de möhüm orny eýeleýär. 

Geografik taýdan ýerleşýän ýerine, döwletiniň syýasy gurluşyna, ilatynyň sanyna, ykdysady mümkinçiliklerine garamazdan, adamzadyň öňünde durýan wezipeleri çözmäge Milletler Bileleşiginiň agzalary deň derejede gatnaşýarlar. Şunda senagat önümlerini öndürmegiň çaltlandyrylan usullarynyň ýüze çykarylmagy, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, tygşytlylyk hem-de ekologiýa abadançylygy, ynsan saglygy ýaly dünýäde barha giň gerim alyp, goldaw tapýan ugurlarda tagallalaryň birleşdirilmegi bagtyýar ýaşaýşy nazarlaýar. Bu geoykdysady we geosyýasy gatnaşyklarda ýurtlaryň arasynda öňe sürlen dürli garaýyşlaryň, bähbitleriň umumylygyny gazanmakda türkmen Bitaraplygy jedelleriň gepleşikler, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözülmegine itergi bermäge ukyplydyr. 

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylygyň ýoly bolup, ol dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýar. Döwletimiz köpugurly diplomatiýanyň netijeli gurallaryny ulanmak arkaly Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge, energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň üýtgemegi ýaly meseleler boýunça hyzmatdaşlyga netijeli goşandyny goşýar. Munuň şeýledigini geçen ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen, halkara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan Kararnamalar hem aýdyň görkezýär. Türkmenistanyň teklibi boýunça 2020-nji ýylyň sentýabrynda Milletler Bileleşiginiň meýdançasynda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary döredilip, oňa goşulýan döwletleriň sanynyň ýyl saýyn artmagy ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň giňden goldaýandygynyň nyşanydyr. 

Geçen ýylyň 19-njy sentýabrynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe süren, sebit we ählumumy derejedäki möhüm meseleler boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze başlangyçlary türkmen Bitaraplygynyň mümkinçilikleriniň giňdigini aýdyň ýüze çykardy. Döwlet Baştutanymyz BMG-niň belent münberinde çykyş edip, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamagy teklip etdi. Şonuň ýaly-da, Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Merkezi Aziýa — BMG» ugry boýunça inklýuziw, doly görnüşli we ulgamlaýyn dialogy ýola goýmagyň wagtynyň gelendigini, Türkmenistanyň hyzmatdaşlaryny oňa girişmäge hormat bilen çagyrýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek baradaky başlangyç beýan edildi. Maslahatyň maksady sebit ýurtlarynyň hem-de dünýä bileleşiginiň, halkara guramalaryň, dünýäniň iri maýadarlarynyň, kompaniýalarynyň bähbitlerini utgaşdyrmakdan, sebiti durnukly ösdürmegi üpjün etmekden we döwrüň ählumumy meselelerine gönükdirilen çözgütleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ilkinji maslahaty 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmäge taýýardygy beýan edildi. 

Ösüş arkaly parahatçylygy berkitmek ugrunda ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlardyr çagyryşlaryň halkyň ýaşaýyş-durmuşyny özgertmek bilen birlikde, sebitiň, dünýä döwletleriniň durmuşyna-da oňyn täsir edýändigi aýdyň hakykatdyr. 

 

Merjen BORJAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni.