Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň agzybir hem-de merdana halkynyň tutanýerli we yhlasly zähmeti bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelerinden ugur alnyp taýýarlanan we kabul edilen Maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzda giň möçberli syýasy, ykdysady, durmuş özgertmeleri amala aşyrylýar. Ata Watanymyzyň her bir sebitinde, her bir şäherdir obasynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän medeni-durmuş maksatly taslamalar amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda şu ýylyň 8-nji maýynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň,Ýaşlyk şäherçesinde kuwwaty bir gije gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyşy uly dabaralara beslendi. Bu desgalaryň işläp başlamagy bilen gurluşyk önümlerini we ilat üçin arassa agyz suwuny öndürmek bilen bir hatarda täze iş orunlary açylar, ykdysadyýetimiz uly ösüşlere eýe bolar, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanar.
Ýol çekmek, köpri gurmak halkymyzda sogaply, mukaddes iş hasaplanylýar. Şu ýörelgelerden ugur alnyp, ýurdumyzy goňşy ýurtlar bilen birleşdirýän täze döwrebap, dünýä ülňülerine gabat gelýän awtomobil ýollar, köprüler gurulýar.
2019-njy ýylyň ýanwar aýynda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen ýurdumyzyň çäginde sebitde iri taslamalaryň biri bolan Aşgabat—Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň gurluşygyna badalga berlipdi. 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat—Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat —Tejen bölegi dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi.
2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde bolsa ýokary tizlikli awtobanyň ikinji tapgyrynyň, ýagny Tejen—Mary böleginiň gurluşygy doly tamamlanyp, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ulanylmaga berildi. Bu ýoluň açylyş dabarasynda düzümleýin ýol ulag desgalaryny güwänamalaşdyrmak işine ýöriteleşen abraýly halkara düzümleriň wekilleriniň birnäçe halkara güwänamalaryny bermekleri hem ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ýokary hil derejede gurlandygyna kepil geçýär.
Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň açylyş dabarasy geçirilen güni Mary welaýatynyň Mary şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, 2 gatly ýaşaýyş jaýynyň 59-syndan ybarat ýaşaýyş jaý toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegi hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalarynyň hataryny artdyrdy. Hormatly Prezidentimiziň Mary welaýatynyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze, döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-e golaýyny sowgat bermegi welaýatyň halkyny has-da begendirdi.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dikeltmäge, dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermäge, ýurdumyzda atçylyk pudagyny mundan beýläkde ösdürmäge gönükdirilen beýik işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň, ylmy merkezleriniň gurulmagy atşynaslarymyzyň netijeli, ýadawsyz çekýän zähmetini döwrebap derejede guramaga giň mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzda atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem aýratyn üns berilýär. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylmagy bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.
Ahalteke bedewleri baradaky «Ahalteke bedewi - biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepada bar, sapada» atly ajaýyp kitaplaryň awtory, tejribeli halypa we ussat çapyksuwar Gahryman Arkadagymyzyň maksada okgunly, döredijilikli işi arassa ganly bedewleri ösdürip ýetişdirmek ýörelgeleriniň dikeldilmegine, aýawly saklanylmagyna hem-de ösdürilmegine uly ýardam edýär.
Ahalteke bedewiniň dünýädäki şan-şöhratyny has hem artdyrmak boýunça türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan işleri hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Muňa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda täze doglan taýçanaklara Gahryman Arkadagymyzyň Şahyr, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ylham diýip at dakmaklary hem şaýatlyk edýär.
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara atçylyk akademiýasynyň professor mugallymlaryna, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň alymlaryna, Arkadag şäheriniň atşynaslaryna Arkadag şäherinde gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan 120 maşgala niýetlenen täze jaýlaryň açarlaryny gowşurmagy bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyz hakynda, hususanda, atşynaslarymyz üçin edýän nusgalyk işleriniň ýene-de biri boldy.
Alym Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen amala aşyrylýan beýik işler, gurulýan ajaýyp desgalar we ymaratlar, Garaşsyzlyga guwanmagyň,Watany, halky söýmegiň kämil nusgasyna öwrüldi.
Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy,öndürijilikli zähmet çekmegi,okamagy we dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, ähli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Bäşim ANNAGURBANOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.