​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
15.05.2024

KONSTITUSIÝA BAGTYÝAR DURMUŞA HUKUK

 

Kanunlar umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemleýän, adamzat siwilizasiýasynyň döreden iň ýokary syýasy, taryhy, medeni gazananlarynyň biridir. Ýaşaýşyň, syýasy-ykdysady hem-de jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň sazlaşygyny, düzgün-tertibini resmi taýdan üpjün edýän hukuk esaslarynyň kemala gelmegi bilen, dünýä jemgyýetçiligi medeni-aňyýet taýdan çalt depginde ösüp başlapdyr. Ylym, tehnika we tehnologiýa babatdaky täzeleniş döwrüne, ýagny soňky asyrlara ýetilýänçä, jemgyýetleriň, dünýä gatnaşyklarynyň hukuk esaslarynda hem düýpli özgertmeler bolupdyr.

Mä­lim bolşy ýaly, syýasy, harby, medeni gapma-­garşylyklaryň öňüni almakda, ösüşleri umumadamzat bähbitleri esasynda ýola goýmakda Ikinji jahan urşundan soňky döwürde dörän halkara hukugyň berkidilmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde döwletara, halkara gatnaşyklarda deňhukuklylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hemmeler üçin kabul ederlikli şertlerini döretmäge gönükdirilen kanunçylyk­ hukuk esaslaryna aýratyn üns berilmegi XX asyryň ylmy­tehnologik ösüşiniň has çaltlaşmagyna uly täsir etdi. Parahatçylykly ýaşaýşy we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmegiň mümkindigine bolan ynam halkara jemgyýetçilik pikirinde has berkedi. Muňa garamazdan, üçünji müňýyllygyň başynda dünýä ýagdaýlarynda bolup geçýän, halkara hukugyň esasy ýörelgelerine oňaýsyz täsir edýän ýüze çykmalar sebäpli, özara gatnaşyklary umumadamzat bähbitlerine gönükdirip, asuda durmuşy üpjün etmekde täze çemeleşmeleriň zerurdygy, bu ugurda talabyň artýandygy şu günüň hakykaty hökmünde orta çykýar. Onýyllyklaryň dowamynda yzygiderli kämilleşdirilip, halkara gatnaşyklaryň mizemez hukuk esaslaryna öwrülen, umumy ykrar edilen ylalaşyklary, resminamalary we düzgünleri pugta berjaý etmek, dünýä giňişliginde deňagramlylygy saklamak meseleleriniň çözgüdini tapmak babatdaky tagallalaryň zerurdygyny nazara almak bilen, ýurdumyzda döwletiň, jemgyýetiň kanunçylyk­ hukuk esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda konstitusion özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar. Kabul edilýän kanunlaryň, halkara hukugyň esasy düzgünleriniň berjaý edilmegi babatda döwlet derejesinde giňişleýin guramaçylyk, syýasy-­jemgyýetçilik çäreleri ýaýbaňlandyrylýar. 

Ýurdumyzda her ýylyň 18-­nji maýynda giňden bellenip geçilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni Garaşsyz döwletine, özygtyýarly ösüş ýoluna eýe bolan türkmen halkynyň çäksiz buýsanjyny ýüze çykarýar. Bu baýramyň «Pähim­-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyryň hatyrasyna bina edilen ägirt uly heýkeliň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy bilen utgaşdyrylmagy umumadamzat gymmatlyklaryna ruhy we medeni taýdan möhüm goşant goşan türkmen halkynyň beýik döwre ýetip, mizemez berkarar döwlet gurandygyny dünýä äşgär edýär. Munuň özi türkmen taryhynyň çylşyrymly döwürlerinde özygtyýarly döwlet gurup, dünýäde öz mynasyp ornuny eýelemek ýaly mukaddes pikirleri türkmen halkynyň aňyna ornaşdyran, halky bir supranyň başyna jemlenmäge çagyran beýik akyldaryň pähim­paýhasyny dünýä ýaýan Milli Liderimiziň halkymyzyň şu günki bagtyýar, mertebeli ýaşaýşy babatda döreden döwletlilik ýörelgeleriniň, hukuk esaslarynyň, bu beýik işleri üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredijilikli, oýlanyşykly, il bähbitli, dünýä ähmiýetli syýasatynyň akyldar şahyrymyzyň şygyrlaryndaky arzuwlaryny hasyl etmekde şöhratly döwri berkarar edendigini alamatlandyrýar. 

Garaşsyzlyk ýyllarynyň halkymyzyň düzgün­-tertibe sarpa goýýan, hukuk hem-de ruhy­-ahlak kada-­kanunlaryna eýerip ýaşamagy başarýan, jemgyýetçilik gatnaşyklarynda adam sarpasyny belentde goýýan milletdigini görkezendigini buýsanç bilen aýdyp bolar. Özygtyýarly ösüşiň şan­-şöhrata beslenen ýyllary halkymyzyň asyrlar boýy kemala gelen paýhas güýjüniň çylşyrymly döwürleriň oňaýsyz ýüze çykmalaryna garşy durmaga, milli ýol­-ýörelgeleriň asyl durkunda dowam etdirilmeginde esasy binýat bolmaga ukyplydygyny görkezdi. Hut halkyň ruhy-­ahlak güýjüniň, dünýägaraýşynyň, milli ýörelgeleriniň köp asyrlaryň dowamynda berkarar döwletli bolmak arzuwynda ýaşan türkmenleriň tutanýerlilik bilen alyp baran maksatly işlerinde zerur şerti döredendigine häzirki beýik döwrümiziň syýasy-­jemgyýetçilik, medeni­-ynsanperwer ösüşleriniň açýan, ýüze çykarýan, dünýä ýaýýan taryhy maglumatlary arkaly doly göz ýetirýäris. 

Ýurdumyzyň ösüş ýoluny, döwrüň şertlerine görä, çeýelik we netijelilik bilen kemala getirmekde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyran ägirt uly, oýlanyşykly özgertmeleriniň taryhy jähetden örän ýokary hem gymmatly orny barha aýdyň bolýar. Şunda syýasy-hukuk özgertmeleriniň ähmiýetine häzirki döwrüň her bir pursadynda anyk göz ýetirýäris. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň durmuş hakykaty türkmen döwletiniň ösüş ýolunyň döwleti we jemgyýeti dolandyrmagyň kada giren, ýüz ýyllyklarda dowam edip gelýän adaty tejribesiniň üstüni ýetirýändigine, ony täzeçe çemeleşmeler bilen nusgalyk derejede baýlaşdyrýandygyna çuňňur düşünmäge ýardam berýär. Şeýle özboluşlylygyň haýsy ugurlar boýunça has anyk ýüze çykýandygy hem hemmeleri gyzyklandyrýan ýagdaýdyr. «Milli ösüş ýolumyz», «Türkmenistanyň tutýan ýoly» diýen düşünjeler seljerilende, şol aýratynlyklara göz ýetirmek bolýar. Bu babatda berkarar döwletimiziň kanunçylyk ­hukuk binýadyna üns bermek zerurdyr. 

«Durmuş ugurly syýasat» diýen düşünje, elbetde, uly bir täzelik däldir. Ýöne syýasy-­jemgyýetçilik teswirlemelerinde gaýtalanýan, kanunçylyk ­hukuk beýanatlarynda orun alýan bu düşünjäniň iş ýüzünde durmuş hakykatyna öwrülmeginiň nähili uly, köpugurly tagallalary talap edýändigi düşnüklidir. Biziň ýurdumyzda bu syýasatyň halkyň durmuşyndaky anyk şöhlelenmesini görmek türkmen döwletiniň we milli jemgyýetimiziň ösüş ýolunyň aýratyn many­-mazmunyna, nusgalyk tejribesiniň düýp özenine düşünmäge mümkinçilik berýär. Durmuş ugurly, halk bähbitli syýasaty alyp barmagyň aňsat däldigini döwür görkezýär. Döwleti, jemgyýeti dolandyrmakda yzygiderli kämilleşdirilýän kanunlar­da, çalt depginde ösdürilýän ylmy-­tehnologik gazanylanlar­da, ykdysady, maliýe serişdeleriniň ýeterlik bolmagy­da dünýä boýunça ýaşaýyş­-durmuş üpjünçiliginiň deňeçerligini saklamakda, azyk, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýaşaýyş serişdelerine bolan islegleri kanagatlandyrmakda doly kepil bolup bilmeýär. Sebäbi bu ugurda ählumumy sazlaşykly ösüşi gazanmagyň ýeňil düşmeýändigini Milletler Bileleşiginiň çäklerinde umumadamzat ýaşaýşynda ýüze çykýan ýetmezçiliklere we howplara garşy halkara hereketleriň ýyl-­ýyldan has güýçlenýändigi hem anyk subut edýär. 

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda döwlet derejesinde durmuş ugurly syýasaty netijeli ýola goýmakda we Milletler Bileleşiginiň yglan eden Durnukly ösüş maksatlarynyň berjaý edilmegine goşant goşmakda ýurdumyzda ýetilen sepgitler, alnyp barylýan işler barada giňden beýan etdi. Şunda bir ýagdaýa anyk göz ýetirmek bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň öňe süren Durnukly ösüş maksatlarynyň 17 ugry boýunça Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleriniň ýurdumyzda bu babatda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň örän ýokary derejelidigini, taryhy ösüş ýolunyň kämilligi bilen bagly aýratyn häsiýete eýedigini belläp geçmek zerurdyr. Döwleti we jemgyýeti ynam bilen öňe alyp gitmekde, halkymyzyň ähli güýjüni we tagallalaryny her bir ugurda ösüş gazanmak maksadynyň daşynda jemlemekde özgertmeleri, ösüş maksatnamalaryny toplumlaýyn amala aşyrmak durmuş ugurly syýasatyň esasy aýratynlygydyr. Bu ösüş ýolunda milli jemgyýetçilik aňynda kemala gelen berk ynam öňe gitmegiň kepili boldy. 

Türkmen halkynyň uly ynamyna we hormatyna eýe bolan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň halkyň arasynda bolup, adamlary ösüşlere ruhlandyrmaklary, döwletimiziň kuwwatly ösüşlerini üpjün etmek babatdaky pikirlerini ildeşlerimize ýetirip durmaklary, öňde goýulýan belent maksatlaryň ýerine ýetirilişini hemişe üns merkezinde saklap, beýik işleriň bitirilmegi üçin ähli zerur güýçleri we serişdeleri gönükdirmekleri Türkmenistanyň çalt depginde ösýän abraýly döwlet derejesine ýetmeginiň esasy şertidir. Şoňa görä­de, adamlar Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň her bir sözüni, pikir-­garaýyşlaryny ýurdumyzyň ähli ösüşleriniň, halkyň asuda, bagtyýar durmuşynyň kepili hökmünde kabul edýärler. Esasy Kanunymyzda kesgitlenýän raýatlaryň mizemez hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegi babatda ýurdumyzyň kanunçylyk ­hukuk binýadynda, jemgyýetçilik durmuşynda döredilýän şertler watandaşlarymyzyň ertirki güne ynamynyň, ruhubelentliginiň, mertebeli ýaşamaga bolan höwesiniň kepilidir. 

Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň döwrüň zehinli syýasatçysy, başarjaň döwlet Baştutany hökmünde alyp barýan ösüş syýasaty babatda halkyň garaýyşlarynda oňyn pikirleriň barha güýçlenmegi, berkemegi soňky iki ýylda biziň durmuşymyzda ýüze çykan özgerişler bilen baglydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gahryman Arkadagymyzyň döreden, ösdüren, kämilleşdiren döwletlilik ýoluny, bütin dünýäniň özgerişini, täzelenişini, geljekde garaşylýan halkara ýagdaýlary göz öňünde tutup, milli ösüş ýollarynyň ygtybarlylygyny kepillendirýän, çuňňur işlenen maksatnamalar bilen has­da berkidýär. Şu jähetden alnanda, döwlet Baştutanymyzyň ýaşlar syýasatyna aýratyn möhüm orun bermegi, ýaş nesilleriň durmuşy, bilimi, işleri, intellektual ösüşleri babatda döwletiň döredýän kepilliklerini kanunçylyk­ hukuk taýdan berkitmäge üns bermegi, ýaşlary döwleti dolandyryş hem­-de syýasy­-jemgyýetçilik ulgamlarynyň işine giňden çekmekde zerur şertleriň üpjün edilmegine ýol açmagy ýurdumyzda köp ugurlaryň ilerlemegine mümkinçilik berýär. Jemgyýetde täzeleniş has çaltlaşdy, ýaşlar bilim, medeniýet, sport ugurlarynda berkarar Watanymyzyň at­-abraýyny dünýäde has belende galdyryp başladylar. Syýasy, ykdysady ugurlarda, diplomatiýada, halkara hyzmatdaşlykda ýaş hünärmenleriň ornunyň we täsiriniň artmagynyň Türkmenistanyň Milletler Bileleşiginiň çägindäki täsiriniň ýokarlanmagyna getirýändigi barha äşgär bolýar. 

Häzirki döwür — ýaşlaryň başarnygyna, bilimine, pikir­-garaýyşlaryna bil baglanýan döwür. Häzir ylmy­-tehnologik ösüş dünýäde has çaltlaşdy. Şol bir wagtda halkara syýasy­-diplomatik gatnaşyklarda­-da düşünişmäge, ynanyşmaga, raýdaşlyga aýratyn höwesli bolan, dünýäniň geljegini parahatçylykly gatnaşyklar bilen pugta baglanyşdyrmaga ymtylýan ýaş nesilleriň ornunyň giňäp, dünýä jemgyýetçiliginiň täzeçil garaýyşlara tarap barha ilerleýändigini görmek bolýar. 

Hormatly Prezidentimiziň döwleti we jemgyýeti täzeçe garaýyşlaryň ýoly bilen çalt depginde ösdürmekde, halkara giňişlikde berkarar Watanymyzyň, halkymyzyň has giňden tanalmagyna şert döretmekde amala aşyrýan maksatlarynyň hemmesi Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kepillendirilen hukuklardan gözbaş alýar. Esasy Kanunymyzda adamy goramagyň, goldamagyň we oňa hyzmat etmegiň döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesidigi, döwletiň her bir raýatyň öňünde jogapkärdigi, şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýändigi, Türkmenistanyň ýurduň raýaty bolan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýändigi bellenýär. Konstitusiýanyň 40-­njy maddasynda bolsa: «Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär» diýlip kesgitlenendir. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döwlet syýasatyna, ösüş ýollaryna, demokratik­-hukuk esaslaryna çuňňur düşünmek bilen, biz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwrebap, öňdengörüjilikli we il bähbitli syýasatynyň saýasynda geljegimiziň ygtybarlydygyna, ýurdumyzyň mundan beýläk­de gülläp ösjekdigine tüýs ýürekden ynanýarys. Şeýle ynam, ruhubelentlik, buýsanç bilen, toý­-baýramlarymyzyň dabarasyny uludan tutýarys. Goý, şeýle bagtyýar döwrümiz asyrlara ýaň salsyn! 

 

Ata SERDAROW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň 

başlygy, Mejlisiň deputaty.