​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
16.05.2024

USSADYŇ ESERLERI — TERBIÝE MEKDEBI

Gün­do­ga­ryň akyldary, beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baýramy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzyň taryhy wakasy bolup, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň şan-şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna siňen berkarar döwlet gurmak, agzybirlik, edep-ekramlylyk, haýyr-sahawatlylyk baradaky filosofiki oý-pikirleri, şahyrana nesihatlary, öwüt-ündewleri türkmen halky üçin terbiýe mekdebi bolup hyzmat edip gelýär. 

Nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginde ata Watana, ene topraga söýgi uly orna eýe bolup, bu temadaky şygyrlary okyjylarda gözel mekana çäksiz söýgi döredýär. Beýik söz ussadynyň “Türkmeniň” goşgusyny alyp göreliň. Akyldar şahyrymyz: 

Hak sylamyş, bardyr onuň saýasy, 

Çyrpynşar çölünde neri-maýasy, 

Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy, 

Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň 

— diýmek bilen gadymy türkmen topragynyň gözel keşbini şahyrana beýan edýär. Dana şahyrymyz gürrüňi edilýän şygrynda Amyderýa bilen gojaman Hazaryň arasynda ýaýylyp ýatan bereketli türkmen topragynyň ajaýyplygyny şahyrana suratlandyrýar. 

Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerinde halallyk, edeplilik, zähmetsöýerlik, ulyny sylap, kiçä hormat goýmak ýaly, asylly ýörelgeler çeper beýan edilýär. Bu aýdýanymyza nusgawy şahyrymyzyň: 

Adam ýaradylmyş belentli-pesli, 

Akylly, pikirli, aňly paýhasly,

Ýigitlik-göýä bir ýaz günüň pasly, 

Bahar senden gider, zaman eglenmez  

— diýen setirlerini ýatlamak ýeterlikdir. Dogrusy, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň her bir setiri bilmäge, öwrenmäge tapylgysyz hazyna. Bu gymmatly hazynany aýawly saklamak biziň borjumyzdyr. Çünki, bu hazyna durmuşyň terbiýe mekdebidir. 

Bilşimiz ýaly, üstümizdäki — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilip geçilmegine ykjam taýýarlyk görülýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, beýik şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenilip geçiler. Şu sene mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar we dabaraly çäreler giň gerime eýe bolýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň bu taryhy senesiniň Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljakdygy şübhesizdir. Çünki, bu waka akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna goýulýan belent sylag-sarpanyň guwançly ýaňy bolar. 

 

Merdan ORAZMEREDOW. 

Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň

 mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.