​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
18.05.2024

BERKARARLYGYŇ SARSMAZ SÜTÜNI

 

Ga­raş­syz, ­he­mi­şe­lik ­Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň­ tä­ze ­ösüş ta­ry­hy­nyň ke­pi­li,­ il­kin­ji­ we­ hemi­şe­lik­ ny­şan­la­ry ­bo­lan ­Konsti­tu­si­ýa­my­zyň­ hem­-de Döw­let baý­da­gy­my­zyň ­ruh­lan­dy­ry­jy güý­ji­ mäh­ri­ban ­hal­ky­my­zy şan­-şöh­rat­ly ­ýol ­bi­len­ öňe­ —­ aja­ýyp ­gel­je­ge­ alyp ­bar­ýar.­ Döw­let­li­li­giň­ baş ala­mat­la­ry bo­lan ­Kons­ti­tu­si­ýa­myz,­ ýa­şyl tu­gu­myz ­äh­li­ ösüş­le­ri­mi­ziň göz­ba­şy­dyr.

Konstitusiýa sözi «constitutio» diýen latyn sözden emele gelip, «gurmak, dikeltmek, döretmek» diýen manylary aňladýar. Hut şu jähetden alanyňda hem Türkmenistanyň taryhy döwri döwletliligiň, jemgyýetimiziň gurluşynyň hukuk esaslaryny kesgitleýän Konstitusiýamyzyň ornuny, ähmiýetini has aýdyň ýüze çykardy. Halkyň paýhasyny, geljege ymtylyşlaryny ýüze çykarmagyň, goldamagyň, kanunlar bilen berkitmegiň esasy bolan Konstitusiýamyz ýurdy ösdürmegiň taryhy ýollaryny salgy berýän baş ýörelgämiz bolsa, Döwlet baýdagymyz hemme ugurlarda üstünliklere, ýeňişlere ruhlandyrýan köňül buýsanjymyzdyr. 

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň berkararlyk ýolunda halkymyzyň öz döredijilik güýjüne, millet hökmündäki ruhy kuwwatyna doly göz ýetirmegi, dünýä halklarynyň arasyndaky mynasyp ornuna eýe bolmagy baradaky taryhy wezipe Konstitusiýamyzyň her babynda, her bir setirinde öz beýanyny tapýar. 

Gahryman Arkadagymyzyň «Ýurduň Konstitusiýasy kanunçylygyň kepili, raýatlaryň hukuklarynyň we erkinlikleriniň berjaý edilişiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň kepili hökmünde esasy orny eýeleýär» diýip belleýşi ýaly, döwletiň Konstitusiýasy bu — döwletiň we raýatlaryň esasy hukuklarynyň we borçlarynyň resmi beýanydyr. Konstitusiýa — döwletiň jemgyýetçilik we döwlet gurluşyny, häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň döredilmeginiň, işlemeginiň tertibini hem-de ýörelgelerini, saýlawlar we sala salşyklar ulgamynyň gurluşyny, raýatlaryň esasy hukuklaryny we borçlaryny, döwletiň häkimiýet şahalarynyň gurluşyny we häkimiýet şahalarynyň hem-de wezipeli adamlarynyň ygtyýarlyklaryny kesgitleýän ýurduň Esasy Kanunydyr. 

Gadymy we orta asyrlarda türkmenleriň guran döwletlerinde kabul edilen kada-kanunlar, ýol-ýörelgeler nesilden-nesle geçip gelýän halkyň iň oňat däplerini saklap, agzybir we jebis, parahatçylyk, adalatlylyk, ylalaşyk hem-de döwletlilik düşünjelerine esaslanypdyr. 

Parfiýa, gadymy Horezm, Türkmen hanlyklary, Garahanlylar, Gaznalylar, Beýik Seljuklylar dünýäniň dürli ýerlerinde guran döwletlerinde (Kiçi Aziýada, Arabystanda, Kawkazda, Hindistanda) ata-babalarymyzyň däplerine, dünýä garaýşyna we şol wagtyň özünde adamzat gymmatlyklaryna eýeripdirler. 

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň Esasy Kanunynda ata-babalarymyzdan gelýän milli däpleriň we gymmatlyklaryň hem-de türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwlarynyň hasyl bolmagy netijesinde, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde dünýä bileleşiginiň arasynda öz mynasyp ornuny tapdy. 

Raýatyň hukuklary şahsyýetiň belli bir döwlete degişliligi bilen, ýagny raýatlyk hukuk ýagdaýy bilen baglanyşyklydyr. Raýatlyk adam bilen döwletiň arasynda ýüze çykýan syýasy-­hukuk baglanyşyk bolup durýar. Mysal üçin: Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet häkimiýet edaralaryna saýlamaga we saýlanylmaga haky bar. 

Konstitusiýamyzyň, kanunlarymyzyň kämilleşdirilmegi jemgyýetdäki durmuş-ykdysady özgerişlikler bilen utgaşyp, ata Watanymyzyň gülläp ösüşiniň kepili bolýar, häzirki we geljekki nesillere bagtyýar durmuşy üpjün edýär. 

 

Ýu­sup­gu­ly ­EŞ­ŞÄ­ÝEW,­ 

Türk­me­nis­ta­nyň­ Mej­li­si­niň Adam­ hukukla­ry­ny­ we

azat­lyk­la­ry­ny ­go­ra­mak ­ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň ­baş­ly­gy.