​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
22.05.2024

YNSAN SAGLYGYNYŇ GORAGYNDA

 

Berkarar Watanymyzda ýurdumyzyň her bir raýatynyň sagdyn ýaşamagyny, saglygyny dikeltmegini, talabalaýyk dynç alyp, bedenini berkitmegini üpjün etmek üçin ähli şertler döredilendir. 

Ýurdumyzyň ýerleşýän ýeriniň howa-klimat şertleri, tebigy gurşawynyň amatlyklary we egsilmez baýlyklary bilen tapawutlanýan şypahanalary hut şeýle maksada gulluk edýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýan şypahanalar immuniteti pugtalandyrmakda, adamlaryň umumy saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, dowamly ýa-da hirurgiki bejergiden soň saglygy dikeltmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Hut şonuň üçin «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda şypahana hyzmatyny dünýä derejesinde kämilleşdirmek esasy wezipeleriň biri hökmünde öňde goýulýar.

Hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş ulgamynyň has netijeli ugry hökmünde şypahana hyzmatynyň gowulandyrylmagyna, kämilleşdirilmegine aýratyn üns berýär. Şoňa görä, ýurdumyz tebigy çeşmeleriniň hem-de beýleki tebigy serişdeleriniň esasynda bejeriş-sagaldyş işlerini geçirmekde uly mümkinçiliklere eýe bolan kuwwatly halkara derejeli şypahana merkezi hökmünde tutuş dünýäde ykrar edilendir. Diýarymyzyň tebigy gözelliklere beslenen künjeklerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze gurlan hem-de durky düýpli abatlanan şypahanalaryň ençemesi bardyr. Amatly howa we tebigy bejeriş şertleriniň uly toplumyna, mineral suwlaryňdyr bejeriji palçyklaryň egsilmez çeşmelerine eýe bolan «Arçman», «Ýyly suw», «Mollagara», «Berzeňňi», «Daşoguz», «Baýramaly», «Farap», «Awaza», «Bagabat» şypahanalary ýurdumyzyň raýatlaryny tutuş ýylyň dowamynda kabul edýär. Bu şypahanalaryň tehniki taýdan ýokary üpjünçilik derejesi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýurdumyzyň şypahanalarynda bejeriş usullary olaryň her biriniň tebigy esaslaryna: palçygyna, mineral suwlaryna, howa şertlerine, tebigy serişdelerine hem-de olaryň özüniň himiki düzümini möwsümleýin üýtgetmek häsiýetine baglylykda ulanylýar.

 Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň 2-nji sentýabrynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurmak meýilleşdirilýän we durky täzelenýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Munuň özi şypahananyň çägini giňeltmek, bu ýerde täze sagaldyş binalaryny gurmak hem-de Arçmanyň şypaly suwuny netijeli peýdalanmak boýunça meselelere ylmy esasda çemeleşmegiň wajypdygyna döwlet derejesinde üns berilýändigini ýene-de bir gezek tassyklady. Onlarça ýyllardan bäri ildeşlerimiziň uly isleginden peýdalanyp, saglygy berkitmekde, bedeniň kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmakda buýsandyryjy netijeler gazanylan bu şypahana amatly howa-klimat şertlerini we dermanlyk ösümliklerini ýerlikli peýdalanmak arkaly hödürleýän dürli sagaldyş hyzmatlarynyň köpdürliligi, netijeliligi bilen tapawutlanýar. 

Milli Liderimiz türkmen topragynyň, tebigatynyň, ösümlikleriniň keramaty, olaryň näsaglary bejermekde ulanylyşy dogrusynda «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň «Hakydada orun alan pursatlar» atly babynyň «Arçman» şypahanasy barada ýatlamalary bölüminde giňişleýin ylmy garaýyşlaryny we täsirli gürrüňlerini beýan edýär: «Arçman» çeşmesiniň himiki düzümi boýunça kükürtli-hlorly-gidrokarbonatly, natrili-kalsili-magnili şypaly suwy bar. Ol gowşak aşgarlanan suwlar toparyna degişlidir. «Arçmanyň» suwy düzüminde magniniň uly mukdarynyň bolmagy bilen beýleki şunuň ýaly bejeriş häsiýetli suwlardan tapawutlanýar. Şypahanada bu suwy içmek, suwa düşmek, içegeleri ýuwmak üçin ulanýarlar. Ýeri gelende bellemeli: «Arçman» şypahanasy şeýle şypaly suwy gözbaşdan alyp ulanýan ýeke-täk ýerdir. Bu ýeriň howasy hem özge ýerlerdäkiden üýtgeşik. Onuň ýokary derejede ionlaşan howasy bar. «Arçman» şypahanasynda aşgazan-içege, bagyr, öt çykaryş ýollarynyň, daýanç-hereket synalarynyň, periferik nerw ulgamlarynyň keselleri, deri we ginekologik keseller bejerilýär. 

Tejribede saglygy goraýyş ulgamynyň şypahana işi  -şypahana hyzmaty we şypahana kömegi görnüşinde eýe bolan aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Şypahana kömegini bermek saglygy bejeriş-dikeldiş usullary hökmünde ulanylýar. Şypahana hyzmaty bejeriş-dikeldiş, saglygy goraýyş wezipesinden başga-da dynç alyş-sagaldyş wezipelerini hem ýerine ýetirýär. Ýurdumyzda şypahanalary döretmegiň, olaryň işini guramagyň, şypahana kömegini bermegiň, şeýle hem şypahana häsiýetli tebigy ýerleri gorap saklamagyň hukuk esaslary «Şypahana işi hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda bellenilýär. «Şypahana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda şypahana edaralarynyň hyzmatlarynyň lukmançylyk we keseli anyklaýyş hyzmatlary; balneoterapiýa; klimatoterapiýa; palçyk bilen bejeriş; fizioterapiýa; diýetaterapiýa; toterapiýa; tebipçilik bejergisi; dynç alşy guramak ýaly görnüşleri giňişleýin beýan edilýär. 

Şypahana işini guramagyň mümkinçilikleri we şertleri ilkinji nobatda onuň tebigy esasynyň bolmagyny, syýahatçylyk işini guramagyň wajyplygyny talap edýär. Bu tebigy esas — keseli bejermek, keselden sagaltmak, keseliň öňüni almak, dynç almak üçin amatly, peýdaly şertleri bolan tebigy maksatly ýerlerdir. «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda şypahana tebigy ýerleri sagaldyş maksatly tebigy ýerlere degişli edilýär. Bu Kanuna görä, şypahana tebigy ýerleri bejeriş-sagaldyş häsiýetlerine, arassa howa, mineral we termal çeşmelerine, bejeriş palçyklarynyň ýataklaryna, beýleki tebigy serişdelere, gözelliklere hem-de tebigy gurşawyň häsiýetlerine, beýleki şertlere eýelik edýän, aýratyn goralýan tebigy ýerler bolup durýar. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda (rejelenen görnüşinde) bellenen çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Lukmançylygyň saglygy dikeldiş, fizioterapiýa, kurortologiýa we adaty däl ugurlaryny kämilleşdirmek, ýogany tejribä ornaşdyrmak bilen bir hatarda şypahana bejeriş-dikeldiş kömegini bermegi mundan beýläk hem ösdürmek göz öňünde tutulýar. 

Häzirki wagtda ýurdumyzda şypahana – dynç alyş bejergisiniň hem-de sagaldyşyň düýpgöter täze ulgamy kemala gelip, ol ilatyň saglygyny berkitmegiň umumy düzüminiň möhüm bölegi bolup durýar. Bu ugruň hukuk binýadyny kämilleşdirýän kanunlaryň kabul edilmegi bolsa raýatlaryň saglygyny goramak baradaky konstitusion hukugynyň doly berjaý edilýändigini tassyklaýar. 

 

Merjen BORJAKOWA,

 Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni.