​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
23.05.2024

BAGTYÝAR ŞU GÜNÜŇ WE BEÝIK GELJEGIŇ KEPILI

 

«Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Şol ösüşleriň gazanylmagynda Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzyň berk hukuk binýady bolup durýandygyny, mukaddes ýaşyl Tugumyzyň bolsa al-asmanda pasyrdap durmak bilen, ýeňişlere, üstünliklere ruhlandyrýandygyny nygtamak aýratyn ýakymlydyr. 

Türkmen halkynyň täze taryhy eýýamda gazanýan uly üstünlikleri, ýetýän belent sepgitleri dünýäni haýrana goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlarynyň, badalga beren ägirt uly tutumlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde eziz Watanymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýy has-da belende göterilýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Bu ajaýyplyklaryň gözbaşynda durýan Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny, ýurdumyzyň syýasy-ykdysady we hukuk ýörelgelerini kesgitläp, ol bagtyýarlygymyzyň binýadydyr. Esasy Kanunymyzyň 4-nji maddasynda bellenilişi ýaly, «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir». Ine, şu sözleriň özem ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň, ilkinji nobatda, adamlaryň hukuklaryny, bähbitlerini, azatlyklaryny goramaga gönükdirilýändiginiň, şonuň bilen birlikde hem Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatlarynyň Esasy Kanunymyzdan ugur alýandygynyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini özünde jemleýän Konstitusiýasy, Döwlet baýdagy biziň buýsanjymyzdyr, agzybirligimiziň, jebisligimiziň aýdyň nyşanydyr. Birleşen Milletler Guramasynyň belent ymaratynyň öňünde dumly-duşa ýalkym saçyp parlaýan we Ýer ýüzüniň ýurtlaryny, halklaryny parahatçylyga, dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan mukaddes ýaşyl Tugumyzy göreniňde, şeýle berkarar döwletiň raýatydygyňa bolan buýsanç duýgusy kalbyňa dolýar, gazanylýan ösüşlere mynasyp goşant goşmaga hyjuwyň, höwesiň öňküdenem artýar. 

Goý, Bagt Kanunly, ýaşyl Tugly eziz Türkmenistan Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň has-da bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin nusgalyk işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşli ýolumyz dowamat-dowam bolsun! 

 

Baýrammyrat Ha­jy­mäm­me­dow, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.