Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda hususy pudagy goldamak boýunça köpugurly işler alnyp barylýar. Bazar gatnaşyklaryny ösdürmegiň, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegiň hukuk esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär. Esasy Kanunymyzyň 134-nji maddasynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýandygy bellenilýär. Döwlet tarapyndan telekeçiligi höweslendirmek we goldamak, kiçi hem-de orta işewürligiň ösmegine ýardam etmek üçin dürli ýyllarda «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda», «Telekeçilik işi hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda», «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.
Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde sergilerdir ýarmarkalar hem möhüm orny eýeleýär. Ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji hasaplanýan kiçi we orta kärhanalara sergiler öz önümlerini we hyzmatlaryny giň halk köpçüligine tanyşdyrmak arkaly täze müşderileri çekmegiň oňaýly meýdançasy bolup hyzmat edýär. Iri kärhanalar üçinem sergidir ýarmarkalar tejribe alyşmak we täze bazarlara çykmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Türkmen telekeçileri hem halkara derejesindäki sergilere, ykdysady forumlara işjeň gatnaşyp, daşary ýurtly düzümler bilen hyzmatdaşlygy barha berkidýärler. Ýakynda, has takygy 15 — 17-nji maý aralygynda paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda geçirilen azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi hem azyk senagatynda iş alyp barýan hususy düzümlere önümlerini halkara bazarlarda ilerletmekde we halkara derejede tejribe alyşmakda möhüm ähmiýetli çäre boldy.
Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň
başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputaty