Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bu günki gün dünýä ýüzüniň iň gymmatly, bahasyna ýetip bolmajak eserleriniň hatarynda. Magtymguly atamyzy öwreniji alymlar, mirasgärler, ýazyjylar, heýkeltaraşlar, suratkeşler, kinoçylar, bagşy-sazandalar.., umuman, olaryň ählisi hem söz ussady Magtymgulynyň diňe bir ykbalyny däl, eýsem, onuň döredijiligini hem dünýä tanatdylar. Muňa Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdi Kerbabaýewiň redaktirlän Magtymguly Pyragynyň ilkinji goşgular ýygyndysy, Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedowyň Magtymguly Pyragynyň «Pukaraýam» atly goşgusyna döreden romansy, Türkmenistanyň halk artisti Alty Garlyýewiň surata düşüren «Magtymguly» atly çeper filmi, halypa ýazyjymyz Berdi Kerbabaýewiň goşgy bilen ýazan «Magtymguly» atly dramasynyň Türkmenistanyň halk artisti Aman Gulmämmedow tarapyndan ilkinji gezek sahnalaşdyrylmagy, Türkmenistanyň halk artisti Weli Muhadowyň ilkinji bolup «Magtymgulynyň ýadygärligine» atly simfoniýasyny döretmegi mysal bolup biler.
Sözümiň şu ýerinde Magtymguly atamyzyň döredijiligindäki kelamyny halka ýetirmäge, ony dünýä ýaýmaga uly yhlas siňdiren, has dogrusy, milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge saldamly goşant goşan tanymal şahsyýetlerimizden belli bagşy-sazandamyz Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Sahy Jepbarow hakynda käbir maglumatlary okyjylara ýetirmegi makul bildim. Halk içinde geçmişden şu günlerimize çenli dowam edip gelýän bagşyçylyk mekdebine degişli bolan Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynda halk aýdym-saz sungatynyň iň iri merkezleriniň ösen ugurlaryndan Ahal ýerine ýetirijilik mekdebi bolupdyr. Bu ýerde Ahal bagşyçylyk ýolundan ençeme ussatlarymyzdan milli buýsanjymyz bolan Gulgeldi ussa, Amangeldi Gönübek, Kel bagşy, Mämmetmyrat ussa, Täçmämmet Suhangulyýew, Mylly Täçmyradow, şeýle hem, garry atam Sahy Jepbarow ýaly ägirtler tälim alypdyrlar. Bu ýer diňe bir ýerli halkyň däl, eýsem, Balkanyň, Daşoguzyň, Lebabyň hem Marynyň halk ýerine ýetirijileriniň iň bir köp gelýän, arzyly ýerine öwrülipdir. Çagalygyndan başlap saza, aýdyma bolan söýgüsi bilen özüni halka söýdürmegi başaran Sahy, eýýäm, on-on iki ýaşlarynda il arasynda «Oglan bagşy» adyny alyp, milli aýdym-saz medeniýetimiziň kämilleşmegine uly goşant goşupdyr. Türkmen halk sazyna bendi bolmak bilen, ol ençeme dutar sazlaryny çalyp, toýdur baýramlarda, üýşmeleňlerde märekäniň hezilini berip, il alkyşyny alypdyr. Şeýle alkyşlary almagyna sebäp bolan hem, bagşyçylyk ýolunda Ahal ugrunyň döräp kämilleşmegine uly goşant goşan, halk sazynyň gadymy nusgasyny halypalyk edip, ýaşajyk Saha öwreden Hally bagşy bolupdyr.
Sahy Jepbarow Ahal bagşyçylyk ugry boýunça ilkinjileriň biri bolup türkmen milli sungatynyň ösüşinde halk aýdymlarymyzyň düzümine täzelikleri girizip ugrapdyr. Ozallar diňe saz hökmünde çalnyp gelnen «Gyzyl injik», «Gyzyl börük», «Şirin-şeker», «Ýusup owgan» ýaly dutar sazlarynyň heňine bagşy «Oýan», «Düşdi nazarym», «Ogulbike», «Bu gün» ýaly uly meşhurlyk gazanan aýdymlary döredipdir. Şeýle täzeçilligi milli sungatymyza ilkinjileriň hatarynda getiren garry atamyň durmuşy hem tutuşlygyna aýdym-sazdan ybarat bolupdyr. Şeýlelik-de, täze bir ymtylyşa gadam basan Sahy Jepbarow halypa şahyrlaryň goşgularyna aýdymlary döredip başlapdyr. Hem halk sazlary, hem öz döwürdeş şahyrlarynyň goşgularyna döredýän aýdymlary bilen öz döredijiligini barha giňeldýän bagşy, soňlugy bilen bu ugurda has-da kämil çykmagyň ugrunda öz köňlüne seslenipdir. Şeýlelik-de, beýik Magtymguly Pyragy bilen Sahy Jepbarowyň özara dünýewi, pelsepewi sözleşigi başlapdyr we bu ýolda bir maksada gulluk edýän ýürekler söze gelip, tara jan girip, Magtymguly atamyzyň il-halkyna arzuwlap, tutuş adamzada ýol-çyrag bolup dünýä inderen şygyrlary jadyly sazyň syrly mukamlarynda heňe gelmek bilen, Sahy Jepbarowyň ýerine ýetirmeginde aýdym bolup döräpdir. Olardan «Bu gün», «Är ýanynda bellidir», «Gözel sen», «Görüner», «Pygan eglenmez», «Ykbal bolmady», «Daş döker», «Jem bolup» ýaly ençeme goşgular delil bolup biler. Bu, bir tarapdan, garry atamyň bagşyçylyk ugrunda halk aýdymlarymyzyň düzümine ýene-de bir täzeligi getirmegine sebäp bolan bolsa, başga bir tarapdan, Magtymguly atamyzyň dünýä ýaň salan gaýtalanmajak goşgy eserleriniň ruhy gymmatynyň täsiri netijesinde, halk aýdymlarynyň gymmatynyň has-da artmagyna, bu ugurda Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Sahy Jepbarowyň adynyň adykmagyna dana akyldarymyzyň beren ak patasy diýip hasaplaýaryn. Ol Аhal bagşyçylyk sungatynda öz ýoluny esaslandyrmak bilen bir hatarda, döredijilik hem-de guramaçylyk işlerini alyp baryp, onlarça ýaşlara halypalyk edipdir. Hususan-da, 1935-nji ýylda türkmen radiosynyň ýanynda döredilen halk saz gurallary döwlet ansamblynyň esasyny düzmek maksady bilen, dutar, tüýdük we gyjak çalýan zehinli ýaş ýigitlerdir gyzlar saýlanyp alnyp, bu täze ansambla Sahy Jepbarow ýolbaşçy edilip saýlanypdyr. Ýyllar boýy Magtymguly atamyzyň goşgularyny halk sazlarynyň üsti bilen aýdym edip aýdan garry atam her bir jümlesi gyzyla deň bolan dana Pyragynyň goşgularyny mydama apalap gezipdir.
Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherindäki gurlup ulanylmaga berlen Arkadag şäher ýörite sungat mekdebine Sahy Jepbarowyň adynyň dakylmagy biziň neslimize bolan uly hormatyň döwlet tarapyndan amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza kalbymyzdan püre-pür bolup çykýan alkyşlarymyz egsilmez.
Sahyberdi JEPBAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.