​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
06.06.2024

KÄMIL UGRUŇ AMATLYKLARY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy häzirki döwrüň häsiýetli aýratynlygydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, ýaş nesilleri giň dünýägaraýyşly, watançylyk ruhunda terbiýelemek biz, mugallymlaryň mukaddes borjudyr. Bilim ulgamynda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanda bilim özgertmeleriniň üstünlikli bolmagynyň girewidir. Okadylýan sapaklaryň göwnejaý guralmagynda multimediýa tagtasynyň täsiri örän uludyr. Hormatly Prezidentimiz milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünär taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalaryň ediljekdigini belleýär. 

Ýurdumyzda ylmyň, tehnikanyň, sanly ykdysadyýetiniň batly gadamlar bilen ösdürilmegi häzirki döwürde ylmyň, tehnologiýanyň we önümçiligiň biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklylygyna, bir bitewiligine öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Bilimli, döwrüň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan ýaşlar biziň geljegimizdir. Sowatly ýaşlary kemala getirmekde mekdepleriň mugallymlaryna uly jogapkärçilik düşýär. 

Okatmagyň bu usullaryndan peýdalanmak okuwçylara bilim bermekde netijeli mümkinçilik berýär. Şonuň üçinem sanly bilim ulgamynyň amatlyklaryndan ýerlikli peýdalanylmaga uly üns berýäris. Bilim bermegiň dürli ugurlary boýunça okatmakda sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini giňden ulanmaga we ýokary hilli bilim bermäge mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýdýarys. Şeýle üstünliklere eýe bolmak üçin halal, jogapkärli zähmet çekip, ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekde gujur-gaýratymyzy gaýgyrmarys. 

Her bir işde bize görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwlet bähbitli we dünýä nusgalyk işleri hemişe rowaç alsyn! 

 

Akmuhammet BEKMYRADOW. 

Türkmengala etrabyndaky daşary ýurt dillerini 

çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 33-nji orta 

mekdebiň informatika mugallymy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty