​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
12.06.2024

ÇAGALARYŇ BAGTYÝARLYGY — DÖWLETIŇ ABATLYGY

 

Galkynyşly döwrümizde amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň, döwletli tutumlaryň her biriniň özeninde çagalaryň bagtly geljegi ugrundaky aladalar jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary esasynda ýaşlar aýratyn goldaw we hemaýat bilen gurşalýar. 

Ýurdumyzda yglan edilen maksatnamalara laýyklykda bina edilýän döwrebap hassahanalarda, saglyk merkezlerinde, saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynda näsag çagalar saglygyny dikeldýärler we döwrebap bilim alýarlar. Bu ýerlerde bejergi işleriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna geçirilmegi bolsa örän guwandyryjy ýagdaýdyr. Milli Liderimiziň adyny göterýän bu gaznadan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň saglygy goraýyş edaralarynda zerur lukmançylyk operasiýalaryny geçirmek üçin serişdeler yzygiderli bölünip berilýär. Çagalary goramagyň Halkara gününiň öň ýanynda welaýat köpugurly hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan emeli böwrek enjamlarynyň ikisiniň sowgat berilmegi muňa aýdyň mysaldyr. Munuň özi ýurdumyzda her bir maşgalanyň abadançylygynyň üpjün edilmegine, ösüp gelýän ýaş nesliň milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenilmegine gönükdirilýän işleriň aýdyň subutnamasydyr. 

Gahryman Arkadagymyz dürli sebäplere görä hossarlaryny ýitiren çagalar hakyndaky aladany döwletimiziň öz üstüne alýandygyny yzygiderli nygtaýar. Hossarlaryny ýitiren çagalary mähir, alada bilen gurşap almakda bu gaznanyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň orny örän uludyr. Onuň agzalary ene-atasyndan mahrum bolan çagalary ogullyga almak, olara at we familiýa bermek bilen baglanyşykly dürli meselelere garaýarlar. Türkmenistanyň kanunçylygyna we milli däp-dessurlarymyza daýanyp, bu meseleler boýunça anyk çözgütleri kabul etmek ygtyýarlyklary Ýaşulular geňeşiniň agzalaryna berildi. Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Gaznanyň müdiriýetiniň agzalary bilen yzygiderli duşuşyp, bu meseläni üns merkezinde saklamagy-da aýratyn bellenilmäge mynasyp. Gaznanyň döredilen gününden bäri serişdeleriniň diňe bir içerki maksatlara gönükdirilmän, eýsem, daşary ýurtlarda tebigy betbagtçylyklarda hem-de dürli wehimlerde ejir çeken çagalar üçin sarp edilmegi, dünýä halklarynyň kalbyny ýyladyp, millionlarça maşgalada ýaşaýşa bolan umydyň döredilmegi Milli Liderimiziň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän ynsanperwer taglymatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir.

 Şeýle ynsanperwer ýörelgeler çaganyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegini hem-de goralmagyny kepillendirýän hukuk namalarymyzda-da öz beýanyny tapýar. Durmuş goraglylygyny üpjün etmegiň çäklerinde howandarlyga mätäçlere hemaýat bermek işini ösdürmek, döwletiň her bir adamyň, ylaýta-da, çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatdaky aladalaryny kanunçylyk taýdan berkitmek möhüm meseleleriň biridir. «Hossarlyk we howandarlyk hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda, Zähmet kodeksinde, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda we Maşgala kodekslerinde hem-de bu meselelere degişli beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda ýaşlar üçin amatly durmuş, ýaşaýyş, zähmet we dynç alyş şertlerini döretmek, maşgalany goramak hakynda düzgünler kepillendirilýär. 

Ýurdumyzy bagtly çagalygyň hem-de bagtyýar ýaşlaryň Watanyna öwürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli dünýä nusgalyk işleriniň dowamaty dowam bolsun! 

 

Amangeldi HEZZIÝEW, 

welaýat häkimliginiň baş hünärmeni, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.