Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwkesen geňeşliginiň ýaşaýjylary 18 sany altyn, 3 sany kümüş teňňe, şeýle hem 61sany altyn teňňäniň böleklerini we 8 sany dürli reňkli tapyndy tapdylar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wisepremýer M.Mämmedowa habar berdi.
Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň alymlarynyň we hünärmenleriniň, Ylymlar akademiýasynyň numizmatlary bilen bilelikde geçiren deslapky öwreniş işleriniň netijesinde, käbir altyn teňňeleriň ýüzünde Horezmşalar döwletiniň hökümdary Soltan Allaeddin Muhammediň we onuň kakasy SoltanTekeşiň atlarynyň ýazylandygy anyklanyldy. Alymlaryň çaklamalaryna görä, bu teňňeler Köneürgenç türkmenleriniň guran kuwwatly döwletiniň XII XIII asyrlaryň başynda gülläp ösen döwri bilen baglydyr.
Ýakup ATABAÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty