​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
20.06.2024

MAGTYMGULYNYŇ EDEBI MIRASY — MILLI MEDENI GYMMATLYK Ol ýurdumyzda kanun esasynda berkidildi

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden bäri Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda beýik şahyryň hormatyna «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Kanunlar kabul edildi. Golaýda bolsa bu hukuk namalarynyň üsti «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen ýetirildi. Bularyň ählisi beýik akyldaryň şahsyýetine, umumadamzat ähmiýetli döredijiligine, parasatly öwüt-ündewlerine goýulýan belent sarpadan nyşandyr.

Häzir­ki wagtda Milli Liderimiziň nusgalyk göreldesi bilen, türkmen halkynyň şöhratly taryhynda öçmejek yz goýan şahsyýetleri, akyldarlary we şahyrlary hormatlamak, olaryň ömür-döredijiligini ylmy taýdan öwrenmek babatda başy başlanan beýik işler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Munuň şeýledigini Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Şu ýylyň 22-nji fewralynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz şu babatdaky işleri has-da ilerledip, geljekde Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny kanun esasynda berkidip, ebedileşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belläpdi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň gymmatly maslahatlaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Mejlisinde «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Şu ýylyň 7-nji iýunynda bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şol Kanuna gol çekdi. Ýurdumyzyň milli kanun çykaryjylyk tejribesinde ilkinji gezek belli bir şahsyýetiň ömrüni we döredijiligini içgin öwrenmek, medeni mirasyny ebedileşdirmek hem-de geljek nesillere ýetirmek maksady bilen taýýarlanan bu Kanun 4 bapdan, 18 maddadan ybaratdyr. 

Täze kanunçylyk namasy Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, ylmy taýdan barlamak, aýawly saklamak, goramak, öwrenmek, wagyz etmek işleriniň kämilleşdirilmeginiň hukuk esaslaryny kesgitleýär. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň taýsyz tagallalary esasynda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, ylmy taýdan barlamak, aýawly saklamak, goramak, öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça işleriň guralmagy üçin esas bolup durýandygy bellenilýär. Şunda şahyryň edebi mirasynyň milli medeni gymmatlyk hökmünde döwletiň we türkmen halkynyň ruhy hazynasy diýlip ykrar edilendigi üns çekilmäge mynasypdyr. Beýik akyldaryň arzuwlan berkarar döwletinde Garaşsyz Watanymyz gün-günden kuwwatlanyp, dünýädäki abraýly ornuny has-da pugtalandyrdy. Bu üstünliklere dana Magtymgulynyň wesýetlerine wepaly halkymyzyň agzybirligi, tutanýerliligi, maksada okgunlylygy, ata Watanyna bolan beýik söýgüsi bilen ýetildi. 

Gahryman Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda şahyryň döredijiligini pähim-paýhas ummanyna de­ňäp, onuň çuň­ňur manyly eserleriniň ynsan kalbynda hemişelik orun alandygyny, paýhasly pikirleriniň bolsa ählumumy ähmiýetini belleýär. Şo­ňa görä-de, täze resminamada Magtymguly Pyragynyň ady, keşbi, şekili, monumental heýkelleri, ömri we döredijiligi baradaky maglumatlar, nesil şejeresine degişli resminamalar, şygyrlarynyň asyl golýazmalaryndan nusgasy alnan eserleriniň ýygyndysy, neşir edilen goşgularydyr beýleki edebi eserleri, ömürdöredijiligi barada fiziki we ýuridik şahslaryň arhiwlerinde hem-de gaznalarynda saklanylýan resminamalar kanun esasynda şahyryň medeni mirasynyň düzümi diýlip kesgitlenildi. Ýeri gelende, Kanunyň baş maksadynyň Magtymguly Pyragy hakynda taryhy hakydanyň dowamatlylygyny we onuň medeni mirasynyň aýawly saklanylmagyny üpjün etmekden ybaratdygyny aýratyn nygtamak gerek. Düzgüne görä, «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzyň merkezi neşirlerinde çap edilip, ilat köpçüligine ýetirildi. Onuň mazmuny bilen içgin tanşanyň­da, şahyryň medeni mirasy babatda döwlet düzgünleşdirmesi hem-de döwlet goragy bilen bagly ýerine ýetirilmeli işlere jikme-jik göz ýetirmek bolýar. Şunda Magtymgulynyň ömri we döredijiligi baradaky maglumatlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, jemgyýetçiligiň öňündäki çykyşlarda dogry beýan edilmegini gazanmagyň aýratyn bellenilmegi-de uly ähmiýete eýedir. 

Kanunda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatda alnyp barylýan işleri maliýeleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmak bilen bagly kadalar hem öz beýanyny tapýar. Hususan-da, oňa laýyklykda, beýik söz ussadynyň medeni mirasy baradaky maglumatlary dünýä jemgyýetçiligine ýaýratmak we elýeterli etmek maksadynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek göz öňünde tutulýar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň maýynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Şeýle-de onuň 300 ýyllyk ýubileýi bu gurama bilen bilelikde 2024-2025-nji ýyllarda bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizildi. Munuň özi türkmen halkynyň beýik oglunyň öz gymmatly mirasy bilen dünýä medeniýetine goşan uly goşandynyň giň halkara ykrarnamasydyr. «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasy 1992-nji ýylda döredilip, dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň gadymy ýazuw ýadygärliklerini — kagyz ýüzünde bolşy ýaly, ses ýazgysynda, sanly ulgamda we beýleki görnüşde ägirt uly gymmatlygy bolan resminamalar toplumyny gorap saklamak bilen bagly halkara taslamadyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda kabul edilen Kanuna laýyklykda, şahyryň dürli görnüşde saklanyp galan gymmatly eserlerini has içgin öwrenmek boýunça işleriň onuň dünýädäki abraýyny täze belentliklere götermäge-de goşant boljakdygy şübhesizdir. 

Beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan çäreleriň çäklerinde şu ýylyň 17-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we onuň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Paýtagtymyzyň günorta bölegindäki belent baýyrlykda dikilen äpet heýkel türkmen halkynyň öz görnükli söz ussadyna goýýan çuň­ňur hormatynyň nyşany bolup, alyslardan seleň­läp görünýär. Bu toplumyň çäginde daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň 24-siniň heýkelleriniň oturdylmagy bolsa dana Pyragynyň eserlerinde beýan edilen halklaryň dost-doganlygynyň, hoşniýetli goň­şuçylygyň dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsi bolup, kalplarda çuň­ňur hoşallyk duýgusyny döredýär. Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhas ummanyna de­ňelýän baý döredijiligini, medeni mirasyny ebedileşdirmäge gönükdirilen beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize döwletli tutumlarynda mundan beýläk-de uly rowaçlyklary arzuw edýäris. 

 

Bahar SEÝIDOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet 

we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.