Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen kemala gelen Arkadag şäheri gysga wagtyň içinde bina edilen, dünýäniň üns merkezini özünde jemlän gözellik şäheri bolup, ol döwrümiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan kämil eseridir. Ol eserde türkmen halkynyň ýagty ykbaly, beýik geljegi altyn sahaplarda ýerleşip, onda gözelligiň hem ýagtylygyň nury dünýä ýalkym bolup saçylýar.
Gysga wagtyň içinde «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlup, ähli şertler we mümkinçilikler bilen üpjün edilen, ajaýyp hem owadan binalary gözüňi dokundyrýan Arkadag şäheri bagşy sazandalaryň dilinde aýdym mukama öwrüldi. Eline galam alan ýazyjy şahyrlar Arkadag şäheriniň gözelliklerini, özlerinde galdyran täsirlerini şirin owazlara, setirlere salyp, dünýä ýaýýarlar.
Ýakynda bir ýaşyny doldurjak Arkadag şäheri medeni çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ýeri gelende aýtsak, bir ýylyň dowamynda geçirilen iri çäreler onuň waspyny uzaklara ýaýdy. Bu ýerde ilkinji gezek V Wena balynyň, «Arkadagyň säheri» halkara film festiwalynyň dabaraly ýagdaýda geçirilmegi bellärliklidir.
Şäher dürli sport bäsleşikleriniň, ders olimpiadalarynyň geçirilýän mesgeni hökmünde-de hemmeleriň dilindedir. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr sahawat gaznasynyň howandarlygynda, mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiadasynyň geçirilmegi hem aýratyn buýsandyryjy ýagdaýdyr. Arkadag şäherinde dürli mazmunly çäreleri geçirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini nazarda tutup, geljekde bu şäheriň mümkinçiliklerini giňden wagyz etmek, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi türkmen medeniýetiniň, sungatynyň we edebiýatynyň baýramy görnüşinde geçirmek maksady bilen, 22—27-nji iýun aralygynda Arkadag şäherinde geçirmek bellenildi. Bu hepdelik ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň, medeniýet işgärleriniň köňül owazlaryny, ýürek joşgunlaryny dünýä ýaýjak hepdelik bolar.
Bu gün gözelligi bilen haýran edýän «akylly» şäher baky baharyň mesgeni, bagtyň şäheri hasaplanylýar. Bu ýerde ýaşaýan her bir adam egsilmez söýgi, mähir bilen gurşalyp alnandyr. Arkadag şäheri - türkmen halkynyň ykbalynyň galkynan şäheri. Bu şäher eziz Arkadagymyzyň mähir söýgüden püre-pür kalbyndan syzylyp çykan dünýä nusgalyk kämil eseridir.
Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Mejlisiň Durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň agzasy